Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ÝTÖB bilen söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.
Duşuşykda ulag-logistika pudagyna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň häzirki zaman ulag infrastrukturasyny ösdürmek we Demirgazyk – Günorta hem-de Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça halkara multimodal ulag geçelgelerini döretmek üçin möhüm mümkinçilik berýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti iri möçberli infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça ÝTÖB bilen amaly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady.