07.09.2025
9287
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmek, ony täze, döwrebap wokal, estrada aýdym-sazlary bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerini, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny wasp etmek, il içinden zehinli, höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
07.09.2025
8708
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.
07.09.2025
6859
Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 taslamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy
Şu ýylyň 3 – 5-nji sentýabry aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) 10-njy tapgyrynyň tamamlanmagyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
07.09.2025
6672
Türkmen wekiliýeti CAREC-iň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy
3-4-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 24-nji ýygnagy geçirildi.
07.09.2025
8051
Gurbannazar Ezizow: «Men özümi aýamadym hiç ýerde»
Ýakynda geçen ýyl halkara derejede doglan gününiň 300 ýyllygy bellenen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän milli sazly drama teatrynda şahyra bagyşlanan «Pursat» atly sahna oýny sahnalaşdyryldy. Indi bolsa, ýagny şondan bir hepde soň şol teatryň sahnasynda döwürdeş şahyrymyzyň 85 ýyllygy mynasybetli goýlan «Gurbannazar Ezizow» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolup geçdi.
06.09.2025
6185
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
06.09.2025
8541
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 56-njy we 81-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
06.09.2025
8443
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
06.09.2025
7479
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.
06.09.2025
8201
OGT 2025-iň depgini barha artýar: Aşgabat esasy energetika forumyna taýýarlanýar
2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisine bolan gyzyklanma barha artýar.