Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerden türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Mary welaýatyna tarap ugur aldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň energetika syýasaty diňe bir eksportyň möçberini artdyrmaga däl, eýsem, ýangyç-energetika toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem gönükdirilendir. Döwletimiz energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, tutuş Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygyny üpjün edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny has-da pugtalandyrýar. Ägirt uly gaz känleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy esasynda Türkmenistan çig maly eksport edijiden ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän ýurda öwrülýär.
Häzirki zaman dünýäsinde ekologik standartlara ygrarlylyga we «ýaşyl» diplomatiýanyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, gaz akdyryjy ulgamlaryň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa meselesine jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy we gaz eksportynyň Gündogar ugrunyň giňeldilmegi esasynda Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş edip, sebitiň uzak möhletleýin ykdysady abadançylygy üçin berk binýady döredýär. Bu gün bolsa «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga badalga berilýär. Şu ýylyň martynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda dördünji tapgyryň desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy. Bu tapgyr ýylda goşmaça 10 milliard kub metr gazy taýýarlamaga mümkinçilik berip, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňelder.
«Galkynyş» käninden alynýan gazyň eksport ugurlarynyň hatarynda Hytaý esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda mawy ýangyç Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç ugrunyň üsti bilen iberilýär. Käniň serişde binýady gaz geçirijiniň dördünji ugruny (D ugry) gurmak üçin hem esasy şert bolup durýar. Bu bolsa Hytaýa iberilýän gazyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Gaz çykarmagyň tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Käniň çäginde «ýaşyl» başlangyçlar işjeň ornaşdyrylýar. Hünärmenler önümçilik meýdançalarynyň töwereginde çägä garşy berkitme işlerini geçirýärler we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýarlar. Munuň özi tozanly ýelleriň enjamlaryň işine ýetirýän täsirini azaltmaga ýardam edýär.
«Galkynyş» gaz käni milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin itergi beriji güýç bolup çykyş edýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen ulag, durmuş infrastrukturasy kemala gelýär. Işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýollar, suw üpjünçilik ulgamlary gurlup, tutuş Mary welaýatynyň senagat taýdan ösüşine goşant goşulýar. «Galkynyş» — bu diňe bir gaz käni bolman, eýsem, döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny onlarça ýyllar öňünden kepillendirýän strategik serişdedir. Onuň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýar.
...Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Soňra Milli Liderimiz dikuçarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerine badalga bermek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy.
Şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gondy we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady hem-de onuň bilen bilelikde türkmen-hytaý aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Dabaranyň geçirilýän ýeriniň esasy girelgesiniň öňünde milli lybasly çagalar Gahryman Arkadagymyzy hem-de Din Sýuesýany türkmen-hytaý dostlugy baradaky goşgular bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we belent mertebeli myhman bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler hem-de dabaraly çäräniň geçiriljek binasyna tarap ugradylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýolugra halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny synladylar.
Sergide görkezilen gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna, häzirki döwürde ýeten derejesine, türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gözelligi, nepisligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Türkmen halyçy zenanlary öz işlerinde mähriban tebigatymyzyň gaýtalanmajak öwüşginlerini, ady rowaýata öwrülen bedewleri şekillendiripdirler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan şu günki dabara mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar.
Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezilýär. Tehnologik ulgamlaryň her biri çig maly kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki kükürdi öndürýän desgalardan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde guýulary burawlamakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Bu enjamlar buraw guýularynyň giňişlikde takyk ýerleşişini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde satyn alnan döwrebap geofiziki abzallar görkezilýär. Olar “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda geofiziki işler geçirilende ulanylar. Şeýle hem sergide 3D robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy we dürli himiki serişdeler görkezilýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde “Galkynyşyň” dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglary, kuwwatly tehnikalary synladylar. Bu ýöriteleşdirilen tehnikalar häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alnyp berilmegi işleriň hiliniň ýokary derejesini üpjün eder.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Din Sýuesýan dabara mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardylar. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, şu gün hem ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini belledi.
“Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berýäris. Bu pudaga uly möçberde maýa goýumlary goýýarys. Bu serişdeler pudagy yzygiderli ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem olar geologiýa-gözleg we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrmaga, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we döwletimiziň diwersifikasiýa syýasaty esasynda energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky teklipleri yzygiderli öňe sürüp gelýändigini, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýändigini nygtady.
Çykyşda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.
“Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp ähmiýetine ünsi çekdi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem netijeli gepleşikler geçirildi.
“Özara gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Hytaý bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamynyň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.
“Biz «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda girişdik. 2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra çykyş etmek üçin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi.
Myhman Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belledi. Bu möhüm taslama Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, şol sanda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli wakadyr.
Din Sýuesýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki dabara gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtap, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Hökümetiniň adyndan “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda-da ýokary netijeler gazanyldy. 13 ýyl mundan ozal Başlyk Si Szinpiniň we Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bu taryhy waka iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berdi. Din Sýuesýan şu gün badalga berilýän bu möhüm taslamanyň iki ýurduň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigini hem-de tebigy gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.
Myhmanyň bellemegine görä, Gündogar müçenamasy boýunça şu ýylyň ýylky ýylydygy, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bilen baglanyşyklydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi halklarymyzy umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrýar. Çykyşynyň ahyrynda myhman Hytaýyň Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň we sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.
Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.
Soňra ýaş nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzdan we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýandan täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp bermegi haýyş etdiler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.
Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.
Dabara tamamlanandan soňra, Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyz bilen hoşlaşyp, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden öz ýurduna ugrady.
Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Uzak möhletleýin geljekde bu taslama ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.