I. 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 41-nji madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 54-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
1) 1-nji maddada:
dördünji tesimde «bioserişdeleri ýa-da» diýen sözleri aýyrmaly;
ýedinji we on bäşinji tesimlerde «awlanan» diýen sözden soň «(tutulan)» diýen sözi goşmaly;
sekizinji tesimde «satmak» we «, awlanan» diýen sözleri degişlilikde «ýerlemek» we «(tutmak) we awlanan (tutulan)» diýen sözlere çalşyrmaly we «tutmak (awlamak) we» diýen sözleri aýyrmaly;
dokuzynjy tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«höwesjeň maksatly balyk tutmak — şahsy sarp ediş üçin suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) maksady bilen balyk tutmak;»;
onunjy tesimde «çärelerini geçirmekde» we «tutmak (almak)» diýen sözleri degişlilikde «çäreleri geçirilende» we «awlamak (tutmak)» diýen sözlere çalşyrmaly;
on ikinji we on üçünji tesimlerde «tutmaga» diýen sözi «awlamaga (tutmaga)» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 7-nji maddanyň bäşinji tesiminde «senagat taýdan balyk tutmak we beýleki suw haýwanlaryny awlamak» diýen sözleri «suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak)» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 8-nji maddada:
onunjy tesimde «tutmaga» diýen sözi «awlamaga (tutmaga)» diýen sözlere çalşyrmaly;
on dördünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen ähli kiçi göwrümli gämileriniň (harby gämilerden başga) hasaba alynmagyny, hasabynyň ýöredilmegini, tehniki gözegçiligini we olaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly beýleki işleri amala aşyrýar, şeýle hem olaryň hasaba alynmagynyň, hasabynyň ýöredilmeginiň, tehniki gözegçiliginiň we ulanylmagy bilen baglanyşykly beýleki işleri amala aşyrmagyň tertibini işläp taýýarlaýar hem-de balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasyna tassyklamaga berýär;»;
on bäşinji tesimden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnama bermegiň tertibini işläp taýýarlaýar hem-de balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasyna tassyklamaga berýär;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda suwuň bioserişdelerini halas etmegiň tertibini işläp taýýarlaýar we balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasyna tassyklamaga berýär;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda senagat taýdan balyk tutmagyň, höwesjeň we sport maksatly balyk tutmagyň, balykçylyk, suwuň bioserişdelerini üznüksiz köpeltmek we uýgunlaşdyrmak maksatlary bilen balyk tutmagyň tertiplerini işläp taýýarlaýar hem-de olary suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşyp, balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasyna tassyklamaga berýär;»;
4) 23-nji maddanyň dördünji tesiminde «awlamagyň» diýen sözden soň «(tutmagyň)» diýen sözi goşmaly;
5) 28-nji maddanyň birinji böleginiň dördünji tesiminde «tutulan» we «tutmak» diýen sözleri degişlilikde «awlanan (tutulan)» we «awlamak (tutmak)» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 36-njy maddanyň birinji böleginde we 47-nji maddanyň ikinji böleginde «tarapyndan» diýen sözden soň «Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde» diýen sözleri goşmaly;
7) 38-nji maddanyň birinji böleginde, 44-nji maddada we 45-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «tutmaga» diýen sözi «awlamaga (tutmaga)» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 41-nji maddanyň ikinji böleginde «Hususy» we «tutmak» diýen sözleri degişlilikde «Şahsy» we «awlamak (tutmak)» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 11-nji apreli.