I. 2010-njy ýylyň 27-nji noýabryndaky «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 79-njy madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
1) 5-nji maddanyň 7-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«71) Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde Baş buhgalter hakynda düzgünnamany işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;»;
2) 11-nji maddada:
dördünji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Baş buhgalter hakynda düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.»;
bäşinji bölekde «Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan» diýen sözleri «kanunçylygynda» diýen söze çalşyrmaly;
3) Kanunyň ýazgysynda «kredit» we «Kredit» diýen sözleri «karz» we «Karz» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 11-nji apreli.