I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 55-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda; 2025 ý., № 1, 8-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
1) 1-nji maddanyň 19-njy bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«19) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamy — daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň raýatlary babatda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda aýratyn ugurlardaky migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek üçin döredilen maglumatlar ulgamlarynyň/gorlarynyň jemi;»;
2) 10-njy maddanyň ikinji böleginde «elektron wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary resmileşdirmegiň, bermegiň» diýen sözlerden soň «we hereket ediş möhletini uzaltmagyň» diýen sözleri aýyrmaly;
3) 12-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«12-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba alynmagy, hasaba almagyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy
1. Türkmenistana gelеn daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralarynda üç iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) hasaba durmaga borçludyrlar. Ata-eneleri, çagany perzentlige alanlar, hossarlar, howandarlar ýa-da olaryň biri we beýleki kanuny wekilleri bilen Türkmenistana gelen kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar olar bilen bir wagtda hasaba alynýar.
2. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak ýa-da hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin aşakda görkezilenleriň biri esas bolup durýar:
1) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistana gelmegi, Türkmenistanyň çäginde bolmagy/ýaşamagy, Türkmenistanda bolýan/ýaşaýan ýerini üýtgetmegi, pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasyny çalşyrmagy/uzaltmagy;
2) dogulmagy bilen Türkmenistanyň raýatlygy berilmeýän daşary ýurt raýatynyň ýa-da beýleki şahsyň Türkmenistanyň çäginde dogulmagynyň bellige alynmagy;
3) Türkmenistanda bolýan/ýaşaýan şahsyň Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi.
3. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasapdan çykarmak üçin aşakda görkezilenleriň biri esas bolup durýar:
1) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanyň çäginden gitmegi;
2) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ölmegi;
3) Türkmenistanda bolan daşary ýurt raýatyny, raýatlygy bolmadyk adamy nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek ýa-da ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;
4) Türkmenistanda bolýan/ýaşaýan daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi, Türkmenistanyň raýatlygyna dikeldilmegi, şeýle hem şahsyň Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidiginiň kesgitlenmegi.
4. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak, hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak we hasapdan çykarmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda elektron görnüşde amala aşyrylýar.
5. Şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bolmagynyň/ýaşamagynyň möhleti üç iş gününden köp bolan ýagdaýynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär), olaryň Türkmenistanda bolýan/ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alynmagy degişlilikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýatlardaky, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerdäki müdirliklerinde, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki bölümlerinde (mundan beýläk — migrasiýa gullugynyň edaralary) şol daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýa-da olary Türkmenistanda kabul edýän taraplaryň ýazmaça ýa-da elektron ýüztutmasy esasynda amala aşyrylýar.
6. Şu daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, olaryň şahsy maglumatlaryny, şol sanda biometrik maglumatlaryny toplamak arkaly Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlarynda elektron görnüşinde hasaba alynýarlar:
1) syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;
2) Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolýan möhleti (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) bäş senenama gününden geçmeýän bolsa;
3) halkara awtomobil gatnawlarynda ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen meşgullanýan daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolmagynyň möhleti ýurduň çägine giren gününden başlap on bäş senenama gününden geçmeýän bolsa. Olaryň Türkmenistanyň çäginden gitmegine päsgelçilik döredýän göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen, olaryň Türkmenistanda bolmagynyň möhleti Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň rugsady esasynda on bäş senenama gününe çenli uzaldylýar;
4) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bolmaly möhletleri kesgitlenilen Türkmenistana ýönekeýleşdirilen tertipde gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar. Olar Türkmenistana gelen ýerindäki Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokadynyň üsti bilen Türkmenistandan gitmelidirler;
5) Döwlet derejesinde Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlara, sergi-ýarmarkalara, ylmy maslahatlara, festiwallara, sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine we beýleki çärelere gelen daşary ýurt raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň erkin ykdysady zolagynyň daşary ýurtly gatnaşyjylary, şol zolakda işlejek daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolmagynyň möhleti bäş iş gününden geçmeýän bolsa (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär). Eger olaryň Türkmenistanda bolýan möhleti bäş iş gününden geçýän bolsa, olar migrasiýa gullugynyň edaralarynda elektron görnüşinde ýeňilleşdirilen tertipde hasaba alynýar. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň ýeňilleşdirilen tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellenilýär.
7. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üsti bilen girişi we çykyşy olaryň biometrik maglumatlaryny toplamak we pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçen senesi barada möhürçe bilen bellik etmek arkaly Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda hasaba almak Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlarynda amala aşyrylýar.
8. Şu daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistana gelende, Türkmenistandan gidende we ondan üstaşyr geçende Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üsti bilen girişi we çykyşy hasaba alnanda biometrik maglumatlaryny bermekden boşadylýarlar:
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň diplomatik personalynyň agzalary, konsullyk wezipeli adamlar we olaryň maşgala agzalary;
resmi wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar.
9. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak wizanyň, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň ýa-da Türkmenistanda bolmaga/ýaşamaga hukuk berýän beýleki esaslaryň hereket ediş möhleti uzaldylandan soň amala aşyrylýar. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak olaryň Türkmenistanda bolýan/ýaşaýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edaralarynda şol daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýa-da olary Türkmenistanda kabul edýän taraplaryň ýazmaça ýa-da elektron ýüztutmasy esasynda üç iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
10. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň we onuň hereket ediş möhletini uzaltmagyň, şeýle hem hasapdan çykarmagyň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellenilýär.
11. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hasaba alnanda, hasaba almagyň hereket ediş möhleti uzaldylanda we hasapdan çykarylanda olar baradaky maglumatlaryň toplanmagy, ýazyp bellenmegi, saklanmagy, umumylaşdyrylmagy hem-de ulanylmagy amala aşyrylýar.
12. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak ugrundaky Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynyň emele gelmegi we işlemegi Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlaryndan we migrasiýa gullugynyň edaralaryndan, daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almaga we hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmaga ygtyýarlandyrylan Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralaryndan, şeýle hem şu Kanunda bellenilen tertipde daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçly bolan fiziki we ýuridik şahslardan gelip gowuşýan maglumatlaryň esasynda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada saklanylýan maglumatlar rugsat çäklendirilen maglumatlar bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynyň işlemegini üpjün etmegiň, onuň bilen işlemegiň we ony ulanmagyň, ulgamda saklanylýan maglumatlara üýtgetmeleri girizmegiň, görkezilen maglumatlara ygtyýar bermegiň, olary goramagyň we bermegiň tertibi, olary saklamagyň möhletleri, şeýle hem migrasiýa gullugynyň edaralarynyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikdäki maglumatlary alyşmagynyň we bu babatda hyzmatdaşlyk etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellenilýär.
13. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üsti bilen girişiniň we çykyşynyň hasaba alynmagy «Elektron gapy» ulgamynyň ulanylmagy arkaly amala aşyrylyp bilner. «Elektron gapy» ulgamyny ulanmak arkaly hasaba almagyň tertibi, şeýle hem ondan peýdalanmaga rugsat berlen şahslaryň sanawy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellenilýär.
14. Şu aşakdakylar bolýan/ýaşaýan ýerlerinde hasaba durmakdan boşadylýar:
1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çakylyklary boýunça Türkmenistana gelеn daşary ýurt döwletleriniň, şol sanda parlamentleriniň we hökümetleriniň baştutanlary, döwlet, parlament we hökümet wekiliýetleriniň agzalary, şeýle hem hökümetara we halkara guramalaryň wekiliýetleriniň agzalary, şonuň ýaly-da şol wekiliýetleriň personaly we sanalyp geçilen adamlaryň maşgala agzalary;
2) bellenilen tertipde Türkmenistana gelen daşary ýurt harby deňiz (derýa) we howa gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar;
3) daşary ýurt harby däl deňiz (derýa) gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar Türkmenistanyň deňiz portlarynda we deňiz portlary bolan şäherlerinde bolýan mahaly;
4) halkara howa gatnawlarynyň raýat howa gämileriniň ekipažlarynyň, halkara demir ýol gatnawlarynyň otlularynyň brigadalarynyň düzümine girýän adamlar Türkmenistanyň howa we demir ýol menzillerinde we howa hem-de demir ýol menzilleri bolan şäherlerinde bolýan mahaly;
5) Türkmenistana üç iş gününden köp bolmadyk möhlet bilen (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;
6) «Türkmenistanyň hormatly raýaty» diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary;
7) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara guramalaryň wezipeli adamlary, işgärleri we olaryň maşgala agzalary.
15. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary bolýan/ýaşaýan ýeri boýunça hasaba almaga we hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmaga ygtyýarlandyrylan Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralary, şeýle hem myhmanhanalar we myhmanhana hyzmatlaryny edýän beýleki edaralar, ýatymlaýyn şertlerde saglygy goraýyş hyzmatlaryny edýän saglygy goraýyş edaralary, administratiw temmi hem-de jenaýat jezalary ýerine ýetirýän edaralar daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna bermäge borçludyrlar. Maglumatlarda daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň gelen/giriş senesi, bolmagynyň möhleti we giden/çykyş senesi görkezilmelidir.
16. Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň dogluşyny, ölümini, adynyň, familiýasynyň we atasynyň adynyň üýtgedilendigini, doglan senesi ýa-da ýeri hakynda maglumatlara üýtgetmeleri döwlet belligine alýan Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary şol maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.
17. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar babatda şu maddanyň on bäşinji we on altynjy böleklerinde göz öňünde tutulan maglumatlar olaryň bolýan/ýaşaýan ýeri boýunça elektron aragatnaşyk serişdeleri arkaly ýa-da Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynyň üsti bilen migrasiýa gullugynyň edaralaryna berlip bilner.»;
4) 13-nji maddanyň üçünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
5) 17-nji maddanyň birinji böleginiň 13-nji bendinde we üçünji böleginde, 29-njy maddanyň onunjy böleginiň 3-nji bendinde «aradan çyksa», «Aradan çykan» we «aradan çykanda» diýen sözleri degişlilikde «ölse», «Ölen» we «ölende» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 24-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda saklanylýan şahsy maglumatlary onuň ýüztutmasy esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlip bilner.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda saklanylýan şahsy maglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellenilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 11-nji apreli.