22.10.2026
2300
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
22.10.2026
2393
Türkmen alymy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde umumy okuw berip çykyş edýär
18–24-nji oktýabr aralygynda Belarus Respublikasynyň Grodno şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Maral Bekiýewa iş saparynda bolýar.
22.10.2026
4736
Türkmen tennisçileri Billie Jean King Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykdylar
Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy Wýetnamyň deňiz porty bolan Fantýet şäherinde badalga alan Billie Jean King Kubogy ugrundaky sebitleýin ýaryşynda Täjigistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.
21.10.2026
3025
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
21.10.2026
3490
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
21.10.2026
2874
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
21.10.2026
2600
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi.
21.10.2026
3067
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti türkmen mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirýär
19-22-nji oktýabr aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin onlaýn görnüşde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär.
21.10.2026
3148
Hoşgeldi Şahberdiýew: suratkeş we özboluşly şahsyýet
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň nakgaşlyk we grafika eserlerinden ybarat şahsy sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hoşgeldi Şahberdiýewi tanaýan köp sanly suratkeşler ony iň ökde ussatlaryň biri hasaplaýardylar. Ýeri gelende bellesek, Hoşgeldi Şahberdiýewiň grafika eserleriniň birini Tretýakow galereýasy hem satyn alypdyr.
21.10.2026
2438
Türkmen mugallymy Ýaponiýada halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurjemal Baýramowa Ýaponiýanyň Hirosima uniwersiteti tarapyndan 19 – 28-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Şöhleleriň dinamikasy we tizlendiriji tehnika boýunça 9-njy halkara okuw maksatnamasyna (ISBA 2026) gatnaşýar.