Ï Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

view-icon 132
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup durýar. Ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary bilen giňden tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýän, her ýylda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi netijeli göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek hem-de dünýä tejribesini öwrenmek üçin öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan geljekde hem deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açmagy dowam etdirer. Daşary ýurt işewürlerine geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmäge ähli şertleri döreder. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň milli hünärmenlerimiz bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra foruma gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu iri gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerika yklymynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň arasynda işewürlik we göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüş ugurlary bilen tanyşmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşip, uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna hem-de olaryň eksportyny artdyrmak üçin uly kuwwata eýedir. Özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga ukyply döwlet hökmünde Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan ýurtlar, iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri hem-de halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy we yzygiderli ösdürýär.

Şu gezekki halkara maslahat we sergi köp sanly gatnaşyjylary özünde jemleýändigi bilen ozalkylardan tapawutlanýar. Halkara foruma dünýäniň 75-e golaý ýurdundan 1 müň 700-den gowrak wekil gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi abadan we durnukly ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň ýylyň-ýylyna artýandygyny görkezýär. Olaryň birnäçesi halkara foruma sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Sergi meýdançasynda dünýäniň ýangyç-energetika bazarynyň esasy gatnaşyjylary bolan iri kompaniýalaryň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Bu ýerde önümleri hem-de uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi görkezilýär. Deňizde uglewodorod ýataklaryny we Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kenarýaka düzümleri kemala getirmek baradaky meselelere aýratyn üns berilýär. Sergide energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de ekologiýa ugry boýunça täzeçilliklere uly orun berildi.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, ýangyç-energetika toplumynda işleýän ýurdumyzyň hususy kärhanalary hem bar. Myhmanlara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we yzygiderli üns-aladasy bilen durmuşa geçirilýän iri taslamalar, olary ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Emeli aň ornaşdyrylan adampisint robot nebitgaz düzümleriniň alyp barýan işi we şu gezekki forumyň ähmiýeti barada sergä gelenleri giňişleýin tanyşdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň täzeçil, ylmy-tehnologik usullar arkaly ösüşi ugur edinýändigini görkezýär.

Metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda, senagat ulgamynda ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezmek bilen birlikde, hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem amatly mümkinçilik alýarlar. Sergide nebit guýularyny burawlamak hem-de tebigy gaz känlerini gözläp tapmak boýunça alnyp barylýan işler sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen täsirli düşündirilýär.

Ekologik ölçegleri öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary ekoulgama aýawly çemeleşmek we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi hem-de daşky gurşawy geljekki nesiller üçin goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. Iri daşary ýurt kompaniýalary bu babatda toplan tejribesi bilen tanyşdyrýarlar.

Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistan öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran wezipeleri çözmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny, tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp baryp, ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ähli ugurlar bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzyň ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm wakalar bolup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy, Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryna 30 ýylyň dolmagy mynasybetli paýtagtymyzda bu ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri, möhüm ähmiýetli çäreler geçirildi. Möhüm senelere gabatlanyp «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berildi, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginde ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.

Malaýziýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň birnäçesiniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölegini emele getirýär. Munuň özi pudaklaýyn halkara gözden geçirilişiň diňe bir ýangyç-energetika toplumynda däl, eýsem, söwda-ykdysady we beýleki gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýändigini görkezýär.

Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň tanyşdyrylyş dabaralary kompaniýalara özleriniň tehniki mümkinçiliklerini görkezmäge, pudaklaýyn hünärmenler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga we täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge şert döredýär. Işewürlik duşuşyklary Türkmenistanyň milli energetika edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine maýa goýum tekliplerini, tehnologik hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, enjamlary ibermek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Sergide nebitgaz, gurluşyk pudaklarynda ulanylýan ýük ulaglarynyň, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň görkezilişine hem möhüm orun berilýär.

Umuman, sergi tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak hem-de teklipleri öwrenmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýär.

Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde buraw işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.

«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçýän halkara maslahatyň “Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy” atly plenar mejlisinde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda eýeleýän orny aýratyn nygtaldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň we energetika strategiýasynyň sebitde energetika serişdeleriniň durnukly üpjünçiligini gazanmakda, özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşýan Türkmenistan ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda öz garaýyşlaryny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ulgamda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň möhüm düzüm bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp alyş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, mawy ýangyjy eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Dünýäniň iri döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy türkmen gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen birlikde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýäde iň iri mawy ýangyç gorlarynyň biri bolan “Galkynyş” käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi boýunça işler dowam edýär. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazaryň türkmen böleginde ygtyýarlandyrylan deňiz kän toplumlaryny özleşdirmek hem ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Mejlise gatnaşyjylar şeýle hem turba geçiriji infrastrukturany, suwuklandyrylan gaz önümçiligini hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara maslahatyň “Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş” atly plenar mejlisinde dünýäniň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýyna seljerme berlip, üýtgeýän geosyýasy şertlerde hyzmatdaşlyk üçin açylýan täze mümkinçiliklere üns çekildi. Häzirki tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň, nebit önümleriniň sarp edilişi barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Häzirki döwürde bu pudakda tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, taýýar ýangyçlary sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu pudak tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Çig maly gaýtadan işlemekde ulanylýan ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak gaz senagaty pudagynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz sebitiň esasy energetika döwleti hökmünde depginli ösüşe eýe boldy. Nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.

Soňra halkara forum panel maslahatlary bilen dowam etdi. «Sebitleýin energetika we infrastruktura baglanyşygy: eksport ugurlaryny we uzak möhletleýin bazarlary ösdürmek» atly mejlisde maýa goýumlary hem-de innowasiýalary çekmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda iň täze geologiýa maglumatlary we geljegi uly maýa goýum taslamalary tanyşdyryldy. Çykyş edenler bu taslamalaryň maýa goýumlary çekmek we tehnologik hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýandygyny bellediler. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň we goňşy döwletleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de durnukly ösüşini ilerletmäge goşant goşar.

«Türkmenistanda halkara energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilen taslamalar we olaryň innowasion hem-de ekologiýa aýratynlyklary barada durup geçdiler. Türkmenistan sanly tehnologiýalar, häzirki zaman enjamlary hem-de programma üpjünçiligi arkaly nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän, geljekde uly mümkinçilikleri bolan senagat, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny hem-de iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi işjeňleşdirýän döwrebap toplumlary gurup, dünýä bazaryna energiýa serişdelerini eksport etmekde ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda tebigy serişdeler rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak barada yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

«Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşi: maýa goýumlar, infrastruktura we geljekki ösüş mümkinçilikleri» atly mejlisde pes uglerodly energiýa elýeterlilik, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler ýaly, ýurdumyz üçin möhüm meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem tehnologiýalaryň özgerýän we howanyň üýtgeýän şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň, daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmakda amaly çözgütleri işläp taýýarlamagyň hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahatyň ikinji gününde «Hazar deňziniň türkmen böleginde maýa goýum we ösüş mümkinçilikleri», «Tebigy gazyň ýokary goşmaça gymmatlyga eýe bolan önümlere öwrülmegi, gazhimiýa senagatynyň ösüşi we senagat gymmatyny artdyrmak» hem-de «Energetikanyň geljegi üçin hünärmenleri taýýarlamak, tehnologiýalar, sanly özgertmeler we emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanmak» atly mejlisler, şeýle hem utgaşykly görnüşde Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) ýolbaşçylarynyň «tegelek stol» duşuşygy geçiriler. Mundan başga-da, ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Halkara maslahatyň üçünji gününde metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligi we energetikanyň durnukly ösüş ugurlaryna aýratyn üns çekiler. Şeýle hem «Türkmenistan — Malaýziýa: energetika boýunça hyzmatdaşlyk» atly «tegelek stol» duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek metbugat maslahatynda halkara maslahatyň we serginiň jemlerine giňişleýin garalar.

Görnüşi ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň giň wekilçilikli düzümi hem-de meýilleşdirilen çäreleri ählumumy ösüşe täsirini ýetirýän strategik pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, geljegi uly taslamalary ilerletmek üçin täze tapgyry açýar.