Ï Türkmen tennisçileri Billie Jean King Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçileri Billie Jean King Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykdylar

view-icon 108
Türkmen tennisçileri Billie Jean King Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykdylar
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy Wýetnamyň deňiz porty bolan Fantýet şäherinde badalga alan Billie Jean King Kubogy ugrundaky sebitleýin ýaryşynda Täjigistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.

Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 3-nji toparynda çykyş edýän watandaşlarymyzyň gatnaşýan birinji topara çykmak ugrunda 8 topar göreşýär. Olar iki topara bölündiler. Bijäniň netijesinde ikinji belgide goýlan Türkmenistanyň ýygyndy topary «B» toparçasynda Wýetnamyň, Täjigistanyň we Yragyň toparlary bilen bilelikde çykyş edýär. «A» toparçany bolsa Nepalyň, Demirgazyk Mariana adalarynyň, Bruneýiň we Saud Arabystanynyň ýygyndy toparlary düzýär.

Her toparçadan iň gowy iki topar utulan-çykdy tapgyryna çykar. Şol tapgyryň ýeňijisi indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 2-nji toparynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Billie Jean King Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň toparyna şu tennisçiler wekilçilik edýärler: birinji belgide – Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýnur Möwlamowa, ikinji belgide – Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, «Jahan» döredijilik merkeziniň okuwçysy Aýlara Kakabaýewa, üçünji belgide – Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Jennet Çaryýewa, dördünji belgide bolsa Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Anna Ponýatowa çykyş edýär. Toparyň kapitany wezipesini Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, sport ussady Ýuriý Rogusskiý ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji duşuşygynda 1998-nji ýyldan bäri zenanlaryň toparlaýyn tennis ýaryşlaryna gatnaşyp gelýän Täjigistanyň ýygyndy toparyna garşy uly kynçylyk çekmedi.

Ýekelikdäki ýaryşlaryň birinjisinde 49 minut dowam eden duşuşykda Aýlara Kakabaýewa Sumaýa Tuhtaýewa bary-ýogy bir geým berip, 6:1, 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ikinji duşuşykda bolsa Aýnur Möwlamowa 1 sagat 35 minudyň dowamynda Anisa Ýahýaýewadan 6:0, 6:4 hasabynda üstün çykdy.

Jübütleýin ýaryşyň üçünji duşuşygynda Jennet Çaryýewa bilen Anna Ponýatowa Saýýora Rajabaliýewa we Anastasiýa Taşinsewa bilen bäsleşip, 6:1, 6:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Türkmen tennisçilere jübütleýin ýaryşynda ýeňiş gazanmak üçin bary-ýogy 28 minut wagt ýeterlik boldy.

Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy Yragyň ýygyndy topary bolar. Yragyň tennisçileri birinji tapgyrda birinji belgide goýlan Wýetnamyň ýygyndy toparyndan 0:3 hasabynda asgyn geldiler.

Billie Jean King Kubogy (iňlisçe Billie Jean King Cup) – zenanlar tennisinde iň iri halkara toparlaýyn ýaryşlaryň biridir. Ýaryşyň guramaçysy World Tennis (ozalky Halkara Tennis Federasiýasy – ITF) bolup durýar. 1963 – 2020-nji ýyllar aralygynda bu ýaryş Federasiýa Kubogy (Fed Cup) diýlip atlandyryldy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa amerikaly tennisçi Billi Jean Kingiň hormatyna onuň ady bilen atlandyryldy. Türkmen tennisçileri bu ýaryşa 2004-nji ýyldan bäri gatnaşýarlar.

Erkekleriň tennisinde şoňa meňzeş toparlaýyn ýaryş Dewisiň Kubogy diýlip atlandyrylýar.