Ï «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti türkmen mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti türkmen mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirýär

view-icon 68
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti türkmen mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirýär

19-22-nji oktýabr aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin onlaýn görnüşde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär.

«Energetika ulgamynyň seljermesi» atly ugra bagyşlanan okuw sapaklarynyň dowamynda gatnaşyjylara häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, şeýle hem bu ugurda ulanylýan täze usullar barada giňişleýin we döwrebap maglumatlar berilýär. Okuwlaryň netijeleri boýunça diňleýjilere «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite şahadatnamalary gowşurylar.

Hünär kämilleşdiriş okuwlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Taraplar bu resminama esasynda birnäçe ýyl bäri ylym we bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary we ýaş mugallymlary her ýyl tomusky okuw-önümçilik tejribesini geçýärler hem-de hünär taýýarlygynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Mundan başga-da, «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri tarapyndan olar üçin dürli temalar boýunça umumy okuw sapaklary, onlaýn okuwlar we nebitgaz pudagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlary ornaşdyrmaga bagyşlanan okuwlar yzygiderli geçirilýär.

Ähtnamanyň çäklerinde 2026–2027-nji okuw ýylynyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda uzak aralykdan we ýüzbe-ýüz görnüşde birnäçe tapgyr okuw sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu okuwlar nebitgaz pudagyny ösdürmek, emeli aňy ornaşdyrmak, himiýa we gaýtadan işlemek ýaly ugurlary öz içine alar.