Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Sammit Özbegistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş sekretarynyň çagalara garşy zorluk meseleleri boýunça ýörite wekili, ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Bütindünýä banky bilen bilelikde gurnaldy. Oňa dünýäniň 100-den gowrak döwletinden wekiller gatnaşdylar.
Sammitiň maksatnamasy açylyş we plenar mejlisleri, 3 sany ugurdaş sessiýalary, Çaga onkologiýasy boýunça ikinji halkara maslahaty, şeýle-de beýleki degişli çäreleri we tanyşdyrylyş gezelençleri öz içine aldy.
Sammit çagalaryň goraglylygy, durmuş üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we irki ösüş ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň hem-de halkara tejribeleri alyşmagyň möhüm meýdançasyna öwrüldi.
Sammitiň açylyş dabarasy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesiniň okalmagy bilen başlady. Halkara maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň ýüzlenmesi okaldy, şeýle-de BMG-niň Baş Assembleýasynyň 81-nji sessiýasynyň başlygy Halilur Rahman, Özbegistan Respublikasynyň Birinji hanymy Ziroat Mirziýoýewa, wideo aragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina Mohammet, BMG-niň Baş sekretarynyň çagalara garşy zorluk meseleleri boýunça ýörite wekili Najat Maalla M’jid we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky çagalaryň goragy boýunça milli agentligiň direktorynyň orunbasary Şahnoza Mirziýoýewa dagylar çykyş etdiler.
Çagalaryň saglygy barada edilýän aladalar, olara berilýän lukmançylyk ýardamlarynyň hilini gowulandyrmak, bu ugurda goýulýan maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, çagalaryň erkin bilim almagy, olaryň durmuş goraglylygy baradaky garaýyşlar edilen çykyşlaryň esasyny düzdi.
Sammitiň çäklerinde “Dünýä çaganyň garaýşy bilen” atly sergi hem gurnaldy. Sergi 13 sany tematiki bölümlerden we interaktiw zolaklardan ybarat bolup, ol enäniň we çaganyň saglygy, olaryň irki ösüşi, bilim we özbaşdak durmuşa taýýarlamak baradaky maglumatlaryň ulgamyny bir ýere jemledi.
Bütindünýä sammitiň netijeleri boýunça Samarkant Jarnamasy kabul edildi.