Ï Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy we saglygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy we saglygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary

view-icon 901
Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy we saglygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin ýurduň durmuş syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, döwlet syýasatynyň esasy maksatlary halkyň saglygyny berkitmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek hem-de raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu maksatlara ýetmek üçin ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ilatyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen milli derman senagatyny çalt depginlerde ösdürmek tabşyryldy.