Ï Türkmenistanda milli hasaplaryň ulgamy kämilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda milli hasaplaryň ulgamy kämilleşdirilýär

view-icon 1949
Türkmenistanda milli hasaplaryň ulgamy kämilleşdirilýär

Türkmenistanda milli hasaplaryň ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde «Tegelek stol» geçirildi.

Çäre «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistika we maglumat-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak» baradaky taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy. Ol Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.

«Tegelek stola» gatnaşyjylar serişdeler we ulanyş tablisasyny düzmek üçin 2022-nji ýylda geçirilen kesgitli derňewleriň netijeleri bilen tanyşdylar. Şol tablisalar aýry-aýry pudaklara bölünende ykdysadyýetiň düzümini ähli taraplaýyn häsiýetlendirýär. Hususan-da, BMGÖM-niň halkara bilermeni Natalýa Ustinowa önümçilige we önümleriň satuwyna degişli çykdajylary seljermegiň usulyýetini görkezdi.

Harytlaryň we hyzmatlaryň serişdeler we ulanylyş tablisalary Milli hasaplar ulgamynyň düzüm bölegidir. Olar makroykdysady görkezijileriň birleşdirilen ulgamy görnüşindedir.