Ï Termenwoks we Igor Penhasowyň «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» eseri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Termenwoks we Igor Penhasowyň «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» eseri

view-icon 2263
Termenwoks we Igor Penhasowyň «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» eseri
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozitor Igor Penhasowyň «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» konserti geçirildi.

Konsertiň alyp baryjysy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow bu eseri ilkinji gezek geçen ýyl Daşkentde geçirilen «Altyn güýz» halkara kamera we simfoniki sazlar festiwalynda eşidendigini aýtdy.

– Kompozitory saz bilen geň galdyrmak kyn, mysal üçin men juda seýrek ýagdaýda geň galýaryn. Ýöne «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» sazy meni özüne maýyl etdi. Igor Penhasow ony kamera orkestri, goboý, fortepýano we termenwoks üçin ýazypdyr. Termenwoks saza mistiki, syrly, çylşyrymly äheň berýär. Bu elektrik saz guraly aşa döwrebap, onda geljegiň sazynyň täsiri duýulýar. Indi «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» sazynyň size nähili täsir etjegini bilesim gelýär – diýip, Röwşen Nepesow diňleýjilere gürrüň berdi.

Igor Penhasowyň asly Aşgabat şäherinden, özi hem 1988–1996-njy ýyllarda Türkmen milli konserwatoriýasynda sapak berdi. Soňra monitorda görkezilen wideo arkaly Igor Penhasow diňleýjilere ýüzlenip şeýle diýdi:

– Ildeşlerime salam! Salam talyplar! Soňky eserlerimiň birine gyzyklanmanyň artýandygyna gaty begenýärin. Men «Wagtyň geň-enaýy pursatlaryny» goboý, roýal we termenwoks üçin ýazdym. Eserde men wagt ötüginde syýahat edýärin – ruhum älemiň syrly künjeklerine aýlanýar. Termenwoks elektrik sesi bilen dürli owazlar dünýäsini baýlaşdyrýar.

Ekranda Özbegistanyň Milli konserwatoriýasynyň zalynda kamera orkestri «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» eserini ýerine ýetirýär. Saz, misli ýeňillik bilen ýokary galyp we emaý bilen pese inýän bulut kysmy, ýolunda ýekeje zada-da degmän gaýyp ýörene meňzeýär. Ol beýleki sazlara meňzemeýär, ol hamala, geljegiň sazy bolup eşidilýär. Gulaga ýakymly bu sazy gaýta-gaýta diňläsiň gelýär.

El çarpmalar kiparlansoň tomaşaçylar:

– Ozal eşidilmedik termenwoks diýilýäni nähili gural? diýip soradylar.

Termenwoks oýlap tapyjy Lew Termeniň 1920-nji ýylda döreden elektro saz guralydyr. Bu saz guraly, adatça, käbir ýagdaýlary syrly görkezmek üçin filmlerde, mysal üçin, «Amfibiýa-adam» filminde ulanylýar. Ýöne döredilenine 100 ýyl geçse-de ol giňden ýaýramady. Belki, Igor Penhassowyň «Wagtyň geň-enaýy pursatlary» eserinden soň kompozitorlaryň oňa gyzyklanmalary artar.