Ï Aşgabatda türkmen-italýan hyzmatdaşlygy beýan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda türkmen-italýan hyzmatdaşlygy beýan edildi

view-icon 1811
Aşgabatda türkmen-italýan hyzmatdaşlygy beýan edildi

15-nji aprelde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan geçirilen «Made in Italy Day» atly bu çäre ýurduň moda, mebel, azyk, maşyn gurluşyk senagaty we bezeg ýaly ugurlardaky halkara özboluşlylygyna bagyşlandy. Oňa türkmen bazarynda işleýän «ENI» italýan nebit-gaz şereketiniň wekilleri, Türkmenistanyň telekeçileri, italýan dilini öwrenýän talyplar gatnaşdy.

Duşuşyk Italiýanyň Ýewropa we dünýä önümçiliginiň dürli ugurlarynda öňdebaryjylygy, ýokary hilli we nepisligi bilen tapawutlanýan italýan önümleri, «Made in Italy» milli ýarlygyň meşhurlygy we giňden tanalýanlygy baradaky gysga wideolar görkezilmegi bilen başlandy. Ýurduň ykdysady we eksport mümkinçiligi baradaky mowzugy Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari dowam etdirdi. Ol Türkmenistan bilen söwda-ykdysady, medeni we işewür gatnaşyklaryň ösüşini bellemek bilen, ýakynda iki ýurduň arasynda göni uçar gatnawy açylandan soň, güýçlenjekdigine umyt bildirdi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, italýan şereketleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmakda türkmen telekeçilerine ýardam etmäge taýýarlygyny hem ilçihananyň işgärleri hem-de Italiýanyň söwda gullugynyň Türkmenistandaky ýygnaga gatnaşan wekili tassyklady.

Italýan zergär önümleriniň owadanlygy barada belläp geçip jenap Luiji Ferrari, şu ýyl 300 ýyllygy giňden bellenýän türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň-da ussat zergär bolandygyny ýatlatdy. Şol bir wagtyň özünde çeper sözde, zergärlik sungatynyň täsin önümlerinde beýanyny tapan gözelligiň, hatda häzirki dartgynly şertlerde-de dünýäni halas edip biljek güýçdügi bellendi.

Soňra dürli italýan şereketleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde üstünlikli tejribesi bolan we Türkmenistanyň sarp ediş bazarynda «Paul & Shark», «Stefano Ricci», «Benetton» ýaly meşhur geýim-gejim, aýakgap we esbap, «Musetti» kysymly kofe, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny we jemgyýetçilik binalaryny abadanlaşdyryş önümleri bilen üpjün edýän türkmen telekeçilerine söz berildi. Ýurdumyzyň «Hermitage» şereketiniň wekili italýan öndürijilerinden gönüden-göni önüm alyp, dürli jaýlary abadanlaşdyrmak boýunça tamamlanan taslamalary barada çykyş etdi we Türkmenistanda «akylly öý» enjamlaryna islegiň geljegi uly ugurdygyny belledi.

Çärä gatnaşanlaryň meýilnamalary we pikirleriniň gyzgalaňly alyş-çalşygy duşuşyk tamamlanandan soň, çaý başynda resmi däl söhbetdeşlik ýagdaýda dowam etdi.