Ýakynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi häzirki zaman enjamlar toplumyny: 15 kompýuter, 15 noutbuk, maglumatlary saklamak üçin degişli enjamlary bolan iki sany güýçli serwer, iki sany köp işleri ýerine ýetirýän reňkli printer we kartografik maglumatlary çap etmek üçin plotter aldylar.
Bu enjamlar ministrligiň, şeýle hem oňa degişli edara-kärhanalaryň: Tokaý hojalyk müdirliginiň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň maddy we tehniki mümkinçiligini berkitmäge ýardam eder we «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegine goşant goşar.
Türkmen hünärmenleriniň sanly ulgamlaryň giň mümkinçiliklerini ulanmagy guraklyga, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş boýunça meseleleri, şeýle hem GIS tehnologiýalaryny ulanyp, oba hojalygynyň önümçilik meýdanlaryny kartalaşdyrmagy has netijeli çözmäge mümkinçilik berer.