28.02.2026
3165
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
28.02.2026
3693
Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň akkreditasiýasy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurmagynyň dabaraly çäresi geçirildi.
28.02.2026
3240
Ýol infrastrukturasynyň ösüşi: hereket howpsuzlygy we rahatlygy
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň awtomobil ýollarynyň ulgamyny giňeltmek we degişli derejede saklamak boýunça möhüm işleri Daşoguz welaýatynyň awtomobil ýollary müdirliginiň işgärler topary amala aşyrýar.
28.02.2026
4055
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy geçirildi.
28.02.2026
3723
Türkmenistan we Azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrýarlar
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
28.02.2026
2385
Türkmenistan 2052-nji ýyla çenli döwür üçin ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň milli strategiýasyny işläp düzer
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri kesgitledi.
28.02.2026
2338
Eneligi we çagalygy goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň esasy mowzuklarynyň arasynda Halkara zenanlar gününi bellemek we köp çagaly maşgalalara maddy goldaw bermek çäreleri baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
28.02.2026
6605
Diplomatik protokol boýunça gysgamöhletleýin okuw tamamlandy
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysgamöhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
28.02.2026
7701
Türkmenistan bilen Pakistanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Mowlämowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşygy geçirildi.
28.02.2026
2359
Daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşjakdygyny tassykladylar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri-de telekeçiligi ösdürmek meselesi boldy.