Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Wengriýanyň Balatonlelle şypahana şäherinde geçirilen 5-nji halkara «Rigo Janos Memorial GM-B» küşt ýaryşynda ynamly ýeňiş gazandy.
Ýaryş aýlaw ulgamy boýunça geçirilip, her oýunçy üçin 90 minutlyk wagt gözegçiligi we her göçüm üçin goşmaça 30 sekunt berildi. Bäsleşik FIDE resmi senenamasyna girizilip, halkara reýtinginiň hasaplanmagyna täsir etdi. Ýaryşa Wengriýadan, Belarusdan, Gresiýadan, Hindistandan, Polşadan we Türkmenistandan gelen on sany derejesi bolan küştçi gatnaşdy. GM toparyndaky gatnaşyjylaryň ortaça FIDE reýtingi 2400–2450 utuk aralygynda boldy.
Güýçli bäsdeşlik şertlerinde FIDE reýtingi 2415 bolan Meýlis Annaberdiýew mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk toplap, jemleýji sanawda birinji orny eýeledi. Bu üstünlik türkmen küştçüsine diňe bir altyn medaly gazanmaga mümkinçilik bermän, eýsem, halkara reýtingine 12,1 utuk goşmagy hem üpjün etdi. Bu bolsa ýaryşyň öňdebaryjylarynyň arasynda iň ýokary ösüş görkezijisi boldy.
Ikinji we üçünji orunlary Wengriýanyň wekilleri paýlaşdy. Halkara ussady Agoston Ýuhas 5,5 utuk bilen kümüş medala mynasyp boldy, üçünji orny eýelän halkara ussady Bendeguz Bodrogi bolsa goşmaça görkezijiler boýunça watandaşyndan yzda galdy.
«Ýanoş Rigo» memorialy 2022-nji ýylda meşhur wenger küştçüsiniň, halkara ussadynyň we emininiň hormatyna döredildi. Däp bolşy ýaly, bu ýaryş dünýä derejesindäki grossmeýsterleri we halkara ussatlaryny bir ýere jemläp, gatnaşyjylaryň ortaça reýtingi 2400 utukdan ýokary bolýar.
Meýlis Annaberdiýew Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň güýçli küştçüleriň biri hasaplanýar. Ol belli küşt maşgalasynda önüp-ösdi. Onuň ýeke-täk tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew bolup durýar.
Grossmeýsteriň gazanan üstünlikleriniň arasynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda toparlaýyn rapid görnüşinde bürünç medal, Budapeştde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda milli ýygyndynyň düzüminde «B» kategoriýasynda gazanylan altyn medal, şeýle hem Türkiýedäki iri halkara ýaryşlarda gazanylan ýeňişler bar. Ol 2025-nji ýylda «Mersin International Open» ýaryşynda çempion boldy, «Cappadocia Open 2025» we «Başkent University Open 2022» ýaryşlarynda bolsa kümüş medallara mynasyp boldy.
Meýlis Annaberdiýewiň Wengriýadaky nobatdaky ýeňşi Türkmenistanda intellektual sportuň ösdürilmegine goşulan möhüm goşant bolup, türkmen küşt mekdebiniň ýokary derejesiniň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.