Ï Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýär

view-icon 124

2026-njy ýylyň 26-27-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkiýä saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy ykdysady we işewür guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Şeýlelikde, 27-nji iýunda Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralary birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türki döwletleriniň çägindäki köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistanyň işewür düzümleriniň söwdany ösdürmäge, senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we durnukly önümçilik-logistika ugurlaryny döretmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlara işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň (TOBB) Birinji wise-prezidenti Ali Kopuz bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-senagat düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegi üçin amatly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşdylar.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň hem-de täze bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.