Türkmenistanda ralli-reýd boýunça ýaryş geçirildi. Ýurdumyzyň awtomobil sportunyň ýokary derejededigini görkezen bu ýaryş iň ökdeleri bir ýere jemledi. Şu ýylyň 27-28-nji iýuny aralygynda geçirilen iki günlük ýaryş Daşoguz we Ahal welaýatlaryndan geçýän agyr, emma gözel tebigatly ýollarda geçirildi.
Bu abraýly ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti, Awtomobil sporty federasiýasy, Içeri işler ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýola goýuldy.
Garagum sährasynyň gazaply ýerlerinden geçen ýaryş ýolunyň umumy uzynlygy 358 kilometr boldy. Ralli-reýdiň ýoly ýokary tizlikli iki sany esasy tapgyra bölündi: birinji ýörite tapgyryň uzynlygy 181,32 km, ikinji tapgyryňky bolsa 61,43 kilometrdi. Bu aldym-berdimli ýaryşa ýurdumyzyň Awtosport federasiýasynyň, Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Sürüjiler sähra ýerlerde awtomobile erk etmek ezberligini, agyr şertlerde çydamlylyk we ugurtapyjylyk görkezdiler. Iki gün dowam eden dartgynly bäsleşigiň netijesi boýunça umumy hasap boýunça ýeňijiler we baýrak eýeleri kesgitlendi.
Hormat münberiniň iň ýokary gatyny Türkmenistanyň Awtosport federasiýasyndan Baýram Annagulyýew eýeledi. Ol «Nissan Patrol» awtoulagda çykyş edip, bu kyn ýoly 3 sagat 39 minut 56 sekuntda geçdi.
Ýaryş ýoluny «Nissan Patrol» awtoulagynda 3 sagat 46 minut 1 sekuntda geçen ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgäri Merdan Toýlyýew kümüş medala mynasyp boldy.
Bu aralygy «Toyota Hilux» awtoulagynda laýyk 4 sagat 2 minutda tamamlan Ahal welaýatynyň polisiýa bölüminiň işgäri Çaryýar Çaryýarow üçünji orny eýeledi.
Bu ýaryş türkmen awtomobilçileriniň ussatlygynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.