Ï Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän futbol bo­ýun­ça 2026-njy ýy­lyň Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gyn­yň ýarym finalçylary belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän futbol bo­ýun­ça 2026-njy ýy­lyň Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gyn­yň ýarym finalçylary belli boldy

view-icon 28
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän futbol bo­ýun­ça 2026-njy ýy­lyň Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gyn­yň ýarym finalçylary belli boldy
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabatda, Balkanabatda we Maryda geçirilen futbol boýunça 2026-njy ýy­lyň Türkmenistanyň Kubok finalynyň 1/4 duşuşygynda ýarym finalyň netijeleri belli boldy. Iki duşuşykdan ybarat tapgyryň netijesinde ýaryşyň iň güýçli dört toparynyň hataryna «Arkadag», «Altyn asyr», «Ahal» we «Köpetdag» toparlary saýlandy.

Olaryň arasynda «Merw» topary, ilki, 7:0 hasap bilen, soňra bolsa Maryda 5:0 hasap bilen ýeňlişe sezewar edip, uly ýeňiş gazanan «Arkadag» topary boldy. Utuklary bilen Begenç Akmämmedow (17-nji minut), Didar Durdyýew (21-nji minut), Daýanç Meredow (38-nji minut), Baýram Ataýew (56-njy minut) we Diýargylyç Urazow (62-nji minut) saýlandylar. Gollary Begenç Akmämmedew (17-nji minut), Didar Durdyýew (21-nji), Daýanç Meredow (38-nji), Baýram Ataýew (56-njy) we Diýargylyç Urazow (62-nji) derwezä girizdiler. Şeýlelikde, ýurduň çempiony dörtden bir final tapgyryny umumy 12:0 hasap bilen jemledi.

«Altyn asyr» topary hem hiç hili kynçylyk çekmedi. Ilkinji oýunda 6:1 hasabynda ýeňiş gazanan toparymyz «Aşgabat» toparyny myhmançylykda 3:0 hasabynda utup, abraý bilen çykdy. Dörtden bir finalyň iki oýny hem paýtagtyň Büzmeýin etrabynda «Altyn asyr» toparynyň meýdançasynda geçirildi. Gollary Bagtyýar Gürgenow (10-njy minutda), Weýsgeldi Orazdurdyýew (39-njy minutda) we Myrat Öwezmyradow (48-nji minutda) urdular. Iki oýnuň jemi hasaby – 9:1.

«Ahal» bilen «Nebitçi» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk has täsirli geçdi. Ilkinji oýunda (4:2) üstünlik gazanan «Ahal» Balkanabatda hem güýçlüligini subut edip, 5:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňijilerden Süleýman Mirzoýew (3-nji we 11-nji minutlar) we Magtymberdy Berenow (40-njy we 69-njy minutlar) iki gezek gol gazandylar, ýene bir goly Ýakupmuhammet Gowşudow (58-nji minut) öz adyna ýazdyrdy. Beýleki topardan bolsa Seýitmämmet Hojamämmedow (48-nji minut) we Hydyr Agöýliýew (89-njy minut) tapawutlandylar. Iki oýnuň jemi boýunça «Ahal» topary 9:4 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Köpetdag» bilen «Şagadam» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk iň dartgynlysy boldy. Ilkinji oýunda myhmançylykda gazanylan 1:0 ýeňişden soň, aşgabatlylar öz meýdançasynda 2:2 hasabynda oýnadylar. «Köpetdag» toparyndan Emir Berdiýew (22-nji minut) we Musaguly Zorjikow (77-nji minutda), beýleki topardan bolsa Guwanç Waliýew (43-nji minutda) hem-de Resul Mahmydow (61-nji minutda) tapawutlandylar. Birinji oýundaky üstünligiň netijesinde, «Köpetdag» umumy 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň iň soňky ýarym finalçysy boldy.

Ýa­rym fi­nal tap­gy­ryn­da «Ar­ka­dag» topary bi­len «Al­tyn Asyr» topary, «Ahal» topary bi­len bol­sa «Kö­pet­dag» to­par­y öza­ra du­şu­şar. Bu tap­gy­ryň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy-2026-nyň fi­na­lyn­da ku­bok ug­run­da göre­şer­ler.