Ï Ahmet Penjiýew – hyýaly hakykata öwürýän alym
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahmet Penjiýew – hyýaly hakykata öwürýän alym

view-icon 139
Ahmet Penjiýew – hyýaly hakykata öwürýän alym
Ahmet Penjiýew – hyýaly hakykata öwürýän alym
Ahmet Penjiýew – hyýaly hakykata öwürýän alym
Ahmet Penjiýew – hyýaly hakykata öwürýän alym

Birnäçe ýyl mundan ozal, Ahmet Myradowiç Penjiýew ylym ýoluna ýaňy aýak basanda, garyndaşlarydyr tanyşlary onuň saýlap alan ýoluna ynamsyzlyk bilen garadylar.

Bu ynamsyzlygyň bir sebäbi-de onuň geljegine uly umyt beslenýän komsomol we partiýa işgäri hökmünde gulluk basgançaklaryndan üstünlikli ýokary galyp barmagydy. Ol üç ýyllap Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň komsomol guramasyna ýolbaşçylyk etdi, soňra iki ýyllap Proletar etrap partiýa komitetiniň esasy bölümleriniň birinde işledi.

Ahmet Penjiýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Gün» ylmy-önümçilik birleşigine kiçi ylmy işgär bolup işe girip, ... kofe ösdürmäge baş goşanda, onuň ýakynlarynyň ynamsyz garaýşy has-da artdy. Bu gezek onuň töweregindäkileri «çaşyň gözüne sereden ýaly» eden zat onuň kandidatlyk dissertasiýasynyň «Kofe agaçlaryny ösdürmek üçin Gün şöhlesinden işleýän ýyladyşhananyň işlenip düzülmegi, döredilmegi we öwrenilmegi» diýen mowzugy boldy. 1987-nji ýylda, ýurtda giňden ýaýran azyk ýetmezçiligi döwründe kimiň ýadyna kofe düşjek?! A.Penjiýewiň soňky durmuşynda şunuň ýaly geň-taň egrem-bugram ýollar gaýtalandy durdy. Ahmet Myradowiç Türkmenistanda kofe ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny işläp düzmegi dowam etdirip, şol bir wagtyň özünde, hasaplaýyş tehnikasynyň we biomehanikanyň geljegi uly ugurlary bilen-de gyzyklandy. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna (häzirki Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna) gelip düşdi, ol ýerde ilki mugallym, soňra bolsa «Hasaplaýyş tehnikasynyň esaslary» kafedrasynyň müdiri bolup işledi.

Alymlaryň köpüsine mahsus bolan dürli ylmy işlere höwesli bolmak ukybyna garamazdan, A.Penjiýew öz ylmy işlerini hemişe logiki netijä getirmek ukyby bilen tapawutlanýar. Şeýlelik bilen kofe ösdürip ýetişdirmegiň «hekaýaty» bu maksada ýetmäge mümkinçilik berýän Gün şöhlesinden işleýän ýyladyşhananyň modelleriniň işlenip düzülmegine alyp bardy. Onuň bu mowzugy öwrenmegi bolsa «Kofe agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Gün şöhlesinden işleýän ýyladyşhananyň işlenip düzülmegi, döredilmegi we öwrenilmegi» atly kandidatlyk dissertasiýasyny goramak bilen jemlendi. Sport we syýahatçylyk institutyndaky işiniň netijesi bolsa synag usullaryny ulanyp, türgenleri ýöriteleşdirilen biomehaniki maşklar arkaly taýýarlamak boýunça esasly ylmy iş boldy.

Biomehanika we hasaplaýyş tehnikasy ýaly täze ylmy ugurlara bolan uly gyzyklanmasy esasy okan ugry fizika bolan Ahmet Myradowiçi (ol 1978-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetini «ýylylyk fizikasy» hünäri boýunça tamamlapdy) Türkmenistanyň Politehniki institutynyň (2012-nji ýyldan bäri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) Senagaty awtomatlaşdyrma kafedrasyna getirdi. Penjiýew bu ýerde mugallymçylyk bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldip bolýan energiýa çeşmeleri boýunça köp sanly ylmy makala ýazýar. Umuman, ol 800-den gowrak ylmy makalanyň, gollanmanyň, kitabyň, monografiýanyň, okuw kitabynyň we okuw gollanmasynyň awtory hem dokuz awtorlyk şahadatnamasyny alan adamdyr. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli geçirilen dabaraly ýygnakda A.Penjiýewe Türkmenistanyň Ýokary Attestasiýa Komissiýasy tarapyndan «Tehniki ylymlaryň doktory» diýen adyň dakylandygy barada Şahadatnama berildi.

Ahmet Penjiýew köp sanly baýrakdyr sylagyň eýesidir, şol sanda gaýtadan dikeldip bolýan energiýa ulgamyndaky işleri üçin Ylym we tehnologiýa boýunça Lenin komsomoly baýragyna mynasyp boldy (1991-nji ýyl); türgenleri biomehaniki maşklar arkaly synagdan geçirmegi ulanyp taýýarlamakda alyp baran ylmy we usuly işleri üçin oňa «Türkmenistanyň hormatly tälimçisi» (2005-nji ýyl) diýen at berildi. Garaşsyz döwlete we öz halkyna eden ajaýyp hyzmatlary, şeýle hem ýaşlara Watana çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda bilim hem terbiýe berýändigi üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen oňa «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy.

N.S. «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy-da Ahmet Myradowiç Penjiýewe «Tehniki ylymlaryň doktory» diýen adyň berilmegi bilen baglanyşykly köp sanly gutlaga goşulýar.