04.06.2026
4865
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekiliýeti Swikkauda iş saparynda
30-njy maýdan 5-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri Swikkau şäherindäki (Germaniýa) Günbatar-Sakson amaly ylymlary uniwersitetinde iş saparynda bolýarlar.
04.06.2026
3985
Aşgabat bilen Ankara strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň paýtagtynda söwda ulgamynda möhüm waka – «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Çäräniň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem gatnaşdy.
04.06.2026
5942
Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy gazananlaryny, täze öndürýän önümlerini tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
04.06.2026
4920
Türkmenistan GDA-nyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary geňeşiniň (GDA-nyň Habarlar geňeşi) XXXIV mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
04.06.2026
2694
Pakistanyň Parlament işleri boýunça federal ministri Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudry bilen duşuşyk geçirildi.
04.06.2026
3568
Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 2-nji iýunynda Wenada Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi Hemra Amannazarow bilen ÝUNIDO-nyň Baş direktory Gerd Mülleriň arasynda duşuşyk geçirildi.
04.06.2026
2816
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 1–5-nji iýuny aralygynda Wenada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça komissiýasynyň (CCPCJ) 35-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.
04.06.2026
4054
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2026-njy ýylyň maý aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.
04.06.2026
2865
«Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi.
04.06.2026
2870
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi.