Türkmenistanyň paýtagtynda söwda ulgamynda möhüm waka – «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Çäräniň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem gatnaşdy. Ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we uzak möhletleýin ösüş mümkinçiliklerine giňişleýin baha berdi.
Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň Türkiýe üçin diňe bir möhüm hyzmatdaş däl-de, eýsem dostlukly we doganlyk ýurt bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Onuň aýtmagyna görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýylsaýyn depginli ösdürilip, täze we has kämil derejelere çykýar. Ankara bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlyk taryhy, medeni we ykdysady umumylyklar esasynda has-da çuň many-mazmuna eýe boldy.
Biziň gatnaşyklarymyz strategik häsiýete eýedir. Biz sebitiň söwda-ykdysady baglanyşyklarynyň geljegini kesgitlejek uly maksatlary öňde goýýarys. Türkmenistan biziň üçin aýratyn ýurt bolup, biz ony öz Watanymyz ýaly görýäris - diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti belledi.
Türk syýasatçysy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ulag-logistika we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy görkezdi.
Bu babatda taraplar “Orta geçelge” hökmünde tanalýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösüşine uly umyt baglaýarlar. Bu iri taslama Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna we logistika ulgamynyň kämilleşmegine uly ýardam berer - diýip, ol aýtdy.
Şeýle hem energetika pudagynda türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak meselesiniň gün tertibindäki strategik ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tebigy gazyny Türkiýäniň bazaryna hem-de Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa we dünýä bazarlaryna ibermek taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. Türk tarapy nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ykdysadyýetine hem güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degip geçip, Jewdet Ýylmaz anyk statistik görkezijileri hem getirdi.
Geçen ýylyň jemleri boýunça ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2,2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji bar bolan mümkinçilikleriň ählisini doly açyp görkezmeýär. Biz ýakyn geljekde ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris. Mysal üçin, “Turkmentextile Expo – 2026” sergisi işewür toparlaryň ýakynlaşmagy, milli önümleriň öňe sürülmegi we täze özara bähbitli şertnamalaryň baglaşylmagy üçin netijeli meýdança hökmünde görülýär - diýip, ýokary derejeli myhman aýtdy.
Jewdet Ýylmaz häzirki wagtda Türkiýäniň Türkmenistandaky maýa goýumlarynyň we gurluşyk potratlarynyň umumy möçberiniň 56 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini hem belledi. Türk kompaniýalary Türkmenistanda iri infrastruktura taslamalaryny üstünlikli we ýokary hilli amala aşyrmagy dowam etdirýärler.
Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň giň gerimli durmuş we şähergurluşyk taslamalaryna hem aýratyn üns berdi. Soňky döwürde ýurdumyzyň tehnologik ösüşiniň we döwrebaplaşmagynyň nyşanyna öwrülen «akylly» Arkadag şäheriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi.