Ï «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk

view-icon 205

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netijeli platforma bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýle hem, şu gün Aşgabatda Geňeşiň wekilleri bilen geçirilen tegelek stoluň netijeliligi aýratyn bellenildi. Oňa ona golaý amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Climate Compass, John Deere, Westport Trading we beýlekiler bar. Tegelek stolda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykda Geňeşiň işiniň iki ýurduň arasynda döwletara baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan oňyn täsiri aýratyn nygtaldy.

Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda, şol sanda ulag-logistika, energetika, nebit-gaz senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyk etdiler.

Şeýle-de, şol gün «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.