Şu günler Daşkentde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar boýunça «Parahatçylyk, arabaglanyşyk, durnuklylyk: umumy abadançylygyň binýadyny döretmek» atly Termez gepleşiginiň ikinji mejlisi geçýär. Bu forum geçen ýylyň maý aýynda döredildi we onuň ilkinji duşuşygy Owganystan bilen serhetde ýerleşýän Termez şäherinde bolup geçdi. Guramaçylaryň pikiriçe, Termeziň iki sany gür ilatly sebitiň bazarlaryny birleşdirýän möhüm logistika we medeniýet merkezi hökmündäki taryhy ornunyň dikeldilmegi ulag geçelgelerini (hususan-da, owganaşa ýoly), energiýany, söwdany we daşky gurşawy ösdürmekden ötri amaly çözgütleri işläp düzmek üçin niýetlenendir.
Bu başlangyç şu ýyl hem ösüşini dowam edýär. Gepleşik möhüm halkara ýerlige öwrüldi we sebit howpsuzlygynyň hem hyzmatdaşlygynyň täze binagärligini gurmak üçin, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan we Günorta Aziýadan bilermenleri, diplomatlary hem işewür wekilleri bir ýere jemledi.
Esasy ulag, söwda we energiýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän bu sebitler sebitara we bütindünýä üpjünçilik zynjyrlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar. Bu gün bolsa sebitara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi halkara parahatlyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam faktory hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Sebitara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, öz gezeginde, uzak möhletli ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi bilelikde üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär, şeýle hem ynam döretmek hem sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Bellenen maksatlary göz öňünde tutmak bilen, Termez gepleşikleriniň ikinji mejlisine gatnaşanlar ykdysady hyzmatdaşlyk, howanyň üýtgemegine bilelikde uýgunlaşmak we medeni hem ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýaly anyk hem uzak möhletli netijeleri gazanmaga ukyply hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi jemlärler. Mejlisiň esasy maksady sebitleýin we bütindünýä parahatlygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm element hökmünde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary amaly taýdan berkitmek üçin utgaşdyrylan we ähli taraplaýyn çemeleşmeleriň işlenip düzülmegine ýardam bermekdir.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitleýin barlaglar instituty, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiniň (CICA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasy (UNAMA) tarapyndan guralan bu gepleşik umumy mejlisden we iki mowzuky derslerde ybarat bolar.
Foruma CICA agza ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň, ykdysadyýet, ulag, energetika we medeniýet ministrlikleriniň wekilleri, halkara we sebitleýin guramalaryň ýolbaşçylary hem hünärmenleri, Merkezi we Günorta Aziýa, GDA, Günorta Kawkaz, ÝB, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Ýakyn Gündogar we ABŞ-nyň öňdebaryjy pikir merkezleriniň bilermenleri, CICA agza döwletleri, şeýle hem halkara we sebitleýin guramalaryň (ÝB, ÝHHG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, JTG, Pars aýlagy boýunça geňeş we ASEAN) wekilleri gatnaşýarlar.
Gepleşigiň çäreleriniň köpüsi Daşkentde geçer. Şeýle hem, maksatnamada «Aýritom» halkara söwda merkeziniň, «Termez Kargo Merkezi» köpugurly ulag we logistika merkeziniň we owganlar üçin bilim merkeziniň işleri bilen tanyşmak üçin Termez şäherine syýahat we Samarkant şäherine sapar göz öňünde tutulýar.
Foruma Türkmenistandan Daşary işler ministrliginiň işgäri B.Nyýazlyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň direktory Ş.Şiriýew we Merkeziň esasy ylmy işgäri B.Amansaryýew gatnaşýar.