12.04.2026
6600
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň depginli ösüşine, halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasy ugruň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezdi.
12.04.2026
4930
Brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi.
12.04.2026
3253
Mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III halkara olimpiada tamamlandy
Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III halkara olimpiada tamamlandy. Onuň ýapylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.
12.04.2026
3950
Ýewropa güni mynasybetli «Dostluk ganatlary» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi
Şenbe güni Aşgabatda «Dostluk ganatlary» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirilip, bu baýramçylyk we inklýuziw çäresine 650-den gowrak dürli ýaşdaky raýatlar gatnaşdy.
12.04.2026
3933
Sungat söýüjileriň söýgüsini gazanan grafikaçy suratkeş
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli onuň şahsy sergisi açyldy.
12.04.2026
4259
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Altyn asyr» we «Şagadam» toparlary öňdeligi eýelediler
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 2-nji tapgyry Aşgabat we Mary şäherlerinde geçirilen üç duşuşyk bilen başlandy.
11.04.2026
5294
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
11.04.2026
4940
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.
11.04.2026
4295
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşdy.
11.04.2026
4843
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
Ilki bilen, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Onuň Alyhezreti jenap Aleksandr Wan der Bellene, UNIDO-nyň Baş direktory jenap Gerd Müllere, Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Maýnl-Raýzingere tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň!