Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 2-nji tapgyry Aşgabat we Mary şäherlerinde geçirilen üç duşuşyk bilen başlandy.
Oýun gününi Aşgabat şäheriniň «Aşgabat» topary bilen Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparynyň futbolçylary açdy. Duşuşyk «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirildi.
Duşuşygyň 10-njy minudynda myhmanlar öňe saýlandylar – Söhbet Allanurow öz toparynyň derwezesine pökgi geçirip, hasap gyzykly ýagdaýda açyldy. 25-nji minutda Serdar Gulyýew «Şagadam» toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Şeýle-de bolsa, bäş minutdan soň öý eýeleri Nurylla Raimbaýewiň takyk urgusy bilen aratapawudy azaltdy.
Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 3-nji minudynda «Şagadam» topary Azizbek Bekçanowyň iki sary kart almagynyñ netijeinde meýdançadan çykarylmagy sebäpli azlykda galdy. Muňa garamazdan, Maksat Şamyradowyň şägirtleri üstünligini ösdürmegi başardylar. 59-njy minutda Serdar Gulýew iki pökgi geçirip, hasaby 3:1 ýetirdi we duşuşyk «Şagadam» toparynyñ peýdasyna gutardy.
Bu Hazar deňziniň kenaryndan gelen toparyň eýýäm ikinji ýeňşi bolup, olar birinji tapgyrda Balkan derbisinde «Nebitçi» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdiler.
«Altyn asyr» topary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda hem ikinji ýeňşini gazandy we paýtagtyň derbisinde «Köpetdag» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirildi. Ýazguly Hojageldiýewiň topary Röwşengeldi Halmämmedowyň (33-nji minut), Begençmyrad Myradowyň (55-nji minut) we Mekan Aşyrowyň (67-nji minut) geçiren pökgüleri arkaly ýeňiş gazandy. Belläp geçmeli zat, «Köpetdag» topary 19-njy minutda Musaguly Zorjanowyň meýdançadan çykarylmagy sebäpli duşuşygyň köp bölegini azlykda geçirdi.
Birinji tapgyrda «Altyn asyr» topary paýtagtyň derbisinde «Aşgabat» toparyna garşy oýnap, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Bu duşuşyklardan soň «Altyn asyr» we «Şagadam» toparlary 6 utuk bilen ýaryşyň başyna çykdy. Olardan 3 utuk yzda, bir oýun az geçiren «Arkadag» we «Ahal» toparlary, şeýle hem «Merw» topary ýerleşýär. «Merw» topary öz meýdançasynda «Nebitçi» toparyny 4:1 hasabynda ýeňip, möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Bu ýeňiş erk-islegli boldy: myhmanlar 4-nji minutda Begenç Mämmiýewiň goly bilen öňe çykdy. Emma soňra Rahmanguly Baýlyýewiň şägirtleri hasaby deňläp, öňe saýlandylar. «Merw» toparynyň gollaryny Mekan Ýazmyradow (13-nji minut), Awdyresul Abdyýew (22-nji minut), Ali Haýdarow (34-nji minut) we Guwanç Berdimyradow (72-nji minut) geçirdiler. 80-nji minutda Wezirgeldi Ylýasowyň iki sany sary kartoçka alandygy üçin «Nebitçi» topary oýnuny azlykda tamamlady.
2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 2-nji tapgyry «Arkadag» bilen «Ahal» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar.