Ï Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 110

Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler.

Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýanyň döwlet Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Awstriýanyň Federal Prezidenti, öz gezeginde, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen netijeli duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň şu sapary syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady. Türkmenistan bilen Awstriýanyň öz bitaraplyk hukuk derejesiniň şanly senelerini bir wagtda diýen ýaly bellemegi bolsa parahatçylyk we döredijilik taglymlarynyň umumylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň köpsanly Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Awstriýa Respublikasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň öňünde islendik gapma-garşylyklaryň diňe syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmeginiň zerurdygy bellenildi. Awstriýanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini işjeň goldaýandygy özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we Awstriýanyň ilkinjileriň hatarynda goşulan Bitaraplygyň dostlary toparyna aýratyn üns çekildi. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde hem öz beýanyny tapýar.

Bellenilişi ýaly, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär, yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler muny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, parlamentara dialogyň ähmiýeti, onuň soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda, türkmen halkynyň Milli Lideri haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri has doly ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenilip, onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi.

«Ýaşyl» energetika, sanlylaşdyrma we emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar we bank ulgamy babatda Awstriýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Bu ugurlarda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimize innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösdürmäge ýardam berer.


Ynsanperwer ulgam iki halky birleşdirýän köpri bolup çykyş edýär, munuň özi öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyşmalarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň uniwersitetleriniň Grasyň Tehniki uniwersiteti we Wenanyň Diplomatiýa akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak üçin ygtybarly binýat döredýär.

Medeni dialog hem yzygiderli ösdürilýär. Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Awstriýa bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belläp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Aleksandr Wan der Bellen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, awstriýa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki dostlukly halkyň bähbidine netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.