Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY

view-icon 132

Hormatly hanym Moderator! 

Çykyş etmäge söz bereniňiz üçin sag boluň!

Hormatly wekiliýet ýolbaşçylary we agzalary! 

Hanymlar we jenaplar! 

Ilki bilen, energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Onuň Alyhezreti jenap Aleksandr Wan der Bellene, UNIDO-nyň Baş direktory jenap Gerd Müllere hem-de Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri hanym Beate Maýnl–Raýzingere tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň.

Şu günki forumyň giň wekilçilikli düzümi dünýä ýurtlarynyň howa we energetika gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan halkara bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly energetika we daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli we uzakmöhletleýin strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz goşandyny goşýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

Şu gezekki forum dünýä üçin ýeňil bolmadyk döwürde geçirilýär. Energetika hem-de daşky gurşaw ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň hataryndadyr.

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän hem-de energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara-hukuk we beýleki şertleri hem-de kepillikleri döretmek maksady bilen jogapkärçilikli we yzygiderli syýasaty alyp barýar.

Bu gün, ozal toplanan tejribä we häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, biz energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip edýäris.

Birinjiden: Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýär.

Ikinjiden: Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasatsyzlaşdyrmaga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaçlyk bolsa gerek. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasatsyzlaşdyrmagy beýan edýän “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýär.

Üçünjiden: Energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara-hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip edýäris. Bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Munuň özi mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin gowy esas bolup durýar. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Dördünjiden: Energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, şeýle hem geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

Ýigrimi ýyla golaý wagt mundan ozal Türkmenistan energetika howpsuzlygy boýunça giň köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak başlangyjyny ilkinji gezek öňe sürmek bilen halkara-hukuk binýadyna esaslanyp, bu prosesi yzygiderli we uzakmöhletli esasda alyp barmak zerurlygyndan ugur aldy. Şondan bäri geçen wagt biziň çemeleşmelerimiziň dogrudygyny we esaslandyrylandygyny görkezdi.

Biziň bu günki tekliplerimiz anyk netijelere gönükdirilen teklipler bolup durýar. Biz bular boýunça ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga açykdyrys we BMG-de degişli geňeşmeleri hem-de gepleşikleri geçirmäge taýýardyrys.

Howanyň üýtgemegi meselesine hem Türkmenistan şeýle netijeli çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, howa boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny gazanmaga doly ygrarlydygymyzy tassyklaýarys. “Ýaşyl” energetika ulgamynda, ýel we Gün energiýasyny ulanmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak ugrunda çykyş edýäris.

Türkmenistanda tebigy gazyň esasynda wodorod energiýasyny ösdürip başlamaga girişmek bilen, bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňişleýin işlemäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin Wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy maksatnamany döretmek başlangyjyny teklip edýäris we BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyrys.

Sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmegiň we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys. Ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar.

Türkmenistanyň Hökümeti bu täze düzüme hemmetaraplaýyn goldaw berip, onuň öz wezipelerini hem-de maksatlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin amatly şertleri üpjün eder.

Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir temasy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa we has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir. Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär we häzirki hem-de geljekki nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar.

2025-nji ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamlaryň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär. Türkmenistan bu möhüm resminamanyň ähli kadalarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş eder. Bu işde giň halkara goldawyna umyt edýäris.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda işleýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe möhüm ugurlar boýunça kabul edilen kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam eder. Şu gezekki foruma biz hut şu nukdaýnazardan garaýarys we maslahatda anyk netijeleriň kabul edilmegine garaşýarys.

Çykyşymyň ahyrynda halkara Wena forumyny guraýjylara işlemäge döredilen amatly şertler üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin, maslahata gatnaşyjylara bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň beýik taglymlaryny we gymmatlyklaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine üstünlikli we netijeli işlemeklerini arzuw edýärin.