01.02.2026
3698
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär.
31.01.2026
3497
«Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
31.01.2026
3233
Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Hywa şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi.
31.01.2026
2915
«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldawy bilen «Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň ulgamlaýyn esasynda maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar.
31.01.2026
3554
Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyga başlaýar: giň gerimli hereketler meýilnamasy tassyklanyldy
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2028-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal BMG-da teklip edilen bu başlangyç dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.
31.01.2026
3169
Türkmenistanda banklaryň maddy-tehniki binýady has-da kämilleşdiriler
Türkmenistanda maliýe ulgamyny tehnologik taýdan täzelemegiň täze tapgyryna badalga berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň banklarynyň infrastrukturasyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri makullady.
31.01.2026
2950
Türkmenistanyň Prezidenti 2028-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady
Türkmenistan tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyryna gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
31.01.2026
2711
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly dörediler
Türkmenistanda ylym we bilim ulgamy sanly giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek baradaky başlangyjy makullady.
31.01.2026
2863
Daşoguzda dessançy bagşylaryň umumymilli festiwaly geçiriler
Daşoguz welaýaty giň gerimli döredijilik festiwalyny we ylmy-amaly maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar. Şu ýylyň mart aýynda bu ýerde şahyrana at bilen – «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal geçiriler.
31.01.2026
2658
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.