Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 2

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna beslenýän şu taryhy günlerde Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de Size Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň oňyn başlangyçlaryňyzyň, giň gerimli maksatnamalaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň, Watanymyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrylmagynyň baş şerti bolup durýar. Siziň: «Türkmenistan dünýä üçin açykdyr» diýip, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlemegiňiz, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen diplomatik dialogy berkitmek babatda edýän tagallalaryňyz bu gün oňyn netijelerini berýär. Muny Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagynyň mysalynda-da görmek bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri hyzmatdaşlyk anyk ugurlarda barha işjeňleşdirilip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine tutumly işler durmuşa geçirildi. Dürli ýyllarda bu dostlukly ýurda amala aşyran saparlarymyz, gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam etdi. Siziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran şu gezekki döwlet saparyňyz hem baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy. Seulda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler, gol çekilen resminamalar, Türkmen-koreý işewürlik maslahaty we beýleki çäreler iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar. Siziň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşmagyňyz ýurdumyzyň bu formatyň çäginde köptaraply hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Diýarymyzda amala aşyrylýan orta we uzak möhletli strategiýalarda kesgitlenen wezipeler iri taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak babatda giň mümkinçilikleri döredýär. Koreýa Respublikasy hem Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dürli ýyllarda iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berlen senagat kärhanalary ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga goşant goşýar.

Siziň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşyp, anyk teklipleri hem-de başlangyçlary öňe sürmegiňiz köpýyllyk hyzmatdaşlykda toplanan tejribeleri has-da baýlaşdyrmakda, «ýaşyl» ykdysadyýet, «akylly» şäherler, emeli aň ýaly ýokary tehnologik ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandyňyz üçin, Size Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy bolsa bu ugurda edýän çäksiz tagallalaryňyza berlen ýokary bahadyr.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Seula amala aşyran saparyňyzyň çäginde Size Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi ýurdumyza goýulýan hormat-sarpadan, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryndan nyşandyr. Size 600 ýyldan gowrak taryhy bolan abraýly bilim ojagy tarapyndan hormatly derejäniň berilýändigini tassyklaýan diplomyň gowşurylmagy daşary işler, kanun çykaryjylyk, ýerli dolandyryş we ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça toplan tejribäňiziň, sanly ykdysadyýete geçmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän özgertmeleriňiziň dostlukly ýurtda giňden goldanylýandygyny subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de Size Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek babatda başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.