Ï ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ekologiýa žurnalistikasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ekologiýa žurnalistikasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi

view-icon 99
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ekologiýa žurnalistikasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ekologiýa žurnalistikasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ekologiýa žurnalistikasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ekologiýa žurnalistikasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ekologiýa meselelerini beýan etmek boýunça iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Çärä metbugat neşirleriniň, habarlar saýtlarynyň, milli telewideniýäniň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuwy guraýjylaryň we bilermenleriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ekologiýa we howa meseleleri durnukly ösüş düşünjesinde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Olar ykdysady ösüş we durmuş üpjünçiligi bilen bir hatarda durnukly ösüşiň deň derejeli möhüm ugurlarynyň biridir.

Okuwyň dowamynda halkara bilermeni Angelina Dawydowa (Russiýa, Germaniýa) gatnaşyjylary häzirki zaman ekologiýa gün tertibiniň gurluşy we bilermen çeşmelerini kesgitlemegiň usullary bilen tanyşdyrdy. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde toparlaýyn amaly işler hem geçirildi. Onda žurnalistler Türkmenistan, Merkezi Aziýa we dünýä üçin möhüm bolan temalary gözlediler. Teklip edilen taslamalar gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, geljekde täze neşirleriň taýýarlanmagy üçin esas bolup biler.

Okuw maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biri häzirki zaman emeli aň gurallaryny özleşdirmek boldy. Neýrotorlaryň redaksiýa işlerinde netijeli ulanylyşy boýunça tejribäni hünärmen Batyr Rejepow paýlaşdy. Onlaýn görnüşde işlemegiň amaly ugurlaryny bolsa Gazagystanyň wekili Marat Sadykow görkezdi. Alnan bilimler mazmun taýýarlaýjylara ilatyň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin hünär gurallarynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Täze tehnologiýalar maglumatlary seljermek we mazmuny giň köpçülige ýetirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde olar täze kynçylyklary hem ýüze çykarýar. Ekologiýa meseleleri ylmy maglumatlara, statistik görkezijilere we çylşyrymly sebäp-netije baglanyşyklaryna çuňňur düşünmegi talap edýär. Şol bir wagtda, köpçülik dürli maglumatlaryň, şol sanda nädogry maglumatlaryň we galp maglumatlaryň uly akymyna duş gelýär.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Uilýam Lifiň belleýşi ýaly, häzirki döwürde haýsydyr bir ekologik waka barada diňe habar bermek ýeterlik däldir. Maglumaty barlamak, çeşmelere tankydy baha bermek, maglumatlary dogry düşündirmek we temany takyk, düşnükli hem-de okyjy üçin peýdaly görnüşde beýan etmek möhümdir. Sebäbi daşky gurşaw meseleleri babatda jemgyýetde düşünjeli garaýşyň kemala gelmeginde žurnalistler möhüm orun eýeleýärler.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlary goldamaga we media sowatlylygyny ösdürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleriniň çäklerinde geçirilen bu okuw sapagy dünýä derejesindäki halkara ileri tutulýan ugurlar bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Şeýle-de, 2024-nji ýylda ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili BMG-niň, Amerikan döwletleri guramasynyň hem-de Adam hukuklary we halklaryň hukuklary boýunça Afrika toparynyň ýörite hasabatçylary bilen bilelikde howanyň üýtgemegi bilen bagly krizis we pikir azatlygy baradaky Jarnama gol çekdiler. Bu resminamada ekologiýa žurnalistikasyna möhüm orun berilýär.

2026-njy ýylda ÝUNESKO bilen ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekiliniň býurosy tarapyndan bilelikde taýýarlanan amaly gollanma žurnalistlere syýasatdan we işewürlikden başlap, medeniýete we ýerli jemgyýetlere çenli dürli ugurlarda ekologiýa meselelerini beýan etmek üçin zerur bilimleri, gurallary we strategiýalary hödürleýär. Bu bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarly jemgyýetçilik dialogyna goşandyny artdyrmaga we has durnukly çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär.