Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde çykyş edip, ylym we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn başlangyçlary öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biriniň ýaş nesli goldamakdan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamlarynyň özara integrasiýasyny ösdürmekden ybaratdygyny nygtady.
Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynanýandygyny belledi.