Ï «Soýuzmultfilm» kinostudiýasy Aşgabatdaky «Kids EXPO» sergisinde öz tekliplerini hödürledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Soýuzmultfilm» kinostudiýasy Aşgabatdaky «Kids EXPO» sergisinde öz tekliplerini hödürledi

view-icon 188
«Soýuzmultfilm» kinostudiýasy Aşgabatdaky «Kids EXPO» sergisinde öz tekliplerini hödürledi

Türkmenistanyň paýtagtynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Her ýyl geçirilýän bu forum däp bolşy ýaly, çagalar üçin harytlary öndürýän öňdebaryjy ýerli we daşary ýurt öndürijileriniň, şeýle hem bilim, terbiýe we çagalaryň boş wagtlaryny guramak ulgamynda işleýän guramalaryň arasynda dialog üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Şu ýyl serginiň hormatly gatnaşyjylarynyň hatarynda Russiýanyň meşhur «Soýuzmultfilm» kinostudiýasy hem bar. Studiýanyň ygtyýarnama bölüminiň ýolbaşçysy Ýuliýa Golowa «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Aşgabada sapary baradaky täsirleri bilen paýlaşdy we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça strategik meýilnamalar barada gürrüň berdi.

Kinostudiýa sergä türkmen öndürijileri we işewürlik wekilleri üçin giň gerimli tekliplerini getirdi.

– Bu ajaýyp foruma gatnaşmaga çagyrandyklary üçin guramaçylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Ygtyýarnama maksatnamamyzyň çäklerinde täze haryt toparçalaryny işjeň ösdürýäris we gatnaşýan bazarlarymyzyň geografiýasyny giňeldýäris.

Studiýamyz türkmen hyzmatdaşlaryna meşhur nyşanlarymyzyň esasynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine garamagy teklip edýär. Bular bir däl-de, birnäçe nesliň söýgüsini gazanan meşhur «Altyn ýygyndynyň» gahrymanlary bilen birlikde, häzirki zaman täze taslamalarymyzdyr. Maksadymyz Türkmenistanyň dürli pudaklarynda işleýän iri öndürijiler bilen tanyşmak we olara söýgüli multfilm gahrymanlaryny ýokary hilli çagalar önümleriniň önümçiligine ornaşdyrmagy teklip etmekden ybarat. Aşgabatda meýilleşdirilen duşuşyklarymyzyň sany köp, şonuň üçin gepleşikleriň netijeli geçjekdigine umyt edýäris – diýip, Ýuliýa gürrüň berdi.

Studiýanyň wekili iki ýurduň arasynda bar bolan dil we medeni umumylyklaryň ýokary derejesiniň işewür we döredijilik köprülerini gurmagy ýeňilleşdirýändigini belledi.

– Türkmenistanda adamlaryň aglabasynyň rus dilini erkin bilýändigini görmek örän ýakymly. Uly nesil «Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň gahrymanlaryny gowy tanaýar we söýýär. Häzirki wagtda bolsa biziň wezipämiz olary ýurduň ýaş ýaşaýjylaryna has ýakyndan tanyşdyrmakdan ybarat. Häzirki wagtda multfilm önümlerimizi Türkmenistanyň kinoteatrlarynyň uly ekranlarynda görkezmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarys.

Biz hem öz gezegimizde türkmen kärdeşlerimizi Russiýanyň meýdançalarynda uly şatlyk bilen garşylamaga garaşýarys. Öňümizde birnäçe iri festiwal meýilleşdirilýär. «Turkmen Expo» kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlygymyzyň netijesinde türkmen animatorlaryny taslamalarymyzyň gatnaşyjylary hökmünde görmekden hoşal bolarys – diýip, Russiýadan gelen myhman sözüni dowam etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Ýuliýa Golowa Türkmenistanyň paýtagty bilen ilkinji tanyşlygyndan alan täsirleri barada gürrüň berdi.

– Men gije uçup geldim we gijeki Aşgabat mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Men bu ýere ilkinji gezek gelýärin. Şäher hakykatdan-da ertekilerdäki ýaly görünýär – göz gamaşdyryjy ak reňkli, diýseň arassa, inçe duýgy bilen döredilen ajaýyp simmetrik binagärlige eýe. Belent binalaryň we ýaşyl seýilgähleriň sazlaşykly utgaşmasy paýtagtyň şäher gurluşygynyň hakyky nyşanydyr. Türkmenistana durnukly ösüşi, myhmansöýer halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin! – diýip, Ýuliýa Golowa sözüni jemledi.