25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde şu ýylyň 7 – 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek sammitleriň halkara ähmiýetiniň ýokarydygy bellenildi.
Gazagystanyň Baştutany geçiriljek üç möhüm halkara foruma – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz başlangyçlara bildirilen goldaw üçin minnetdarlygyny beýan edip, Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana boljak öňde duran saparynyň ýokary ähmiýetini belledi.