Türkmenistanyň Prezidenti oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlaryny we ahli halkyny Hasyl toýy bilen gutlady
Döwlet Baştutany gutlag hatynda “Bu baýramçylyk halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, öz mähriban topragyndan öndüren halal we bol hasylyna bolan buýasnjydyr”. “Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulan belent sarpadan nyşandyr” diýip belleýär.
Tükmeniň milli baýramçylyklarynyň iň gadymyalrynyň biri bolan hasyl toýy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Onda halkyň ruhy gymmatlyklary we milli däp-dessurlary, ilimiziň agzybirligi, zähmetsöýerligi, hallalygy öz beýanyny tapýar diýiň milletiň baştutany nygtaýar.
Şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçy babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirip, 1 million 100 müň tonna golaý pagta hasyly Watan harnabyba tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti “ak altyn” ussatalrynyň geljekde mundan hem ýokary sepgirlere ýetjekdiklerine uly ynzm bildirýär.
Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeler azyk bolçulygyny döretmäge, türkmen topragynda öndürülýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara ibermäge gönükdirilendir diýip, döwlet baştutany iberen gutlagynda nygtaýar.
“Biz babadaýhanlarymyza öndürijilik zähmet çekmek, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet bilen baýamak üçin ähli şertleri döredýäris. Munuň şeýledigini ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we zaýasyz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahalardan doly üpjün edilmegi hem-de kärendeçiler bilen tabşyrylan önümler üçin öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän hemaýat-goldawlary duýup, joşgunly, ryhybelent zähmet çekýärler hem-de mukaddes türkmen topragyndan bol hasyl öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Bu günki gün olar gadymdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ussatlyk bilen utgaşdyrmagy başarýarlar”.
Oba zähmetkeşlerini bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ngutlap, döwlet baştutany olaryň her birine berk jan saglygyny,, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw etdi.