Ï ABŞ-nyň sungat işgärleri türkmen sazandalary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň sungat işgärleri türkmen sazandalary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirýärler

view-icon 5799
ABŞ-nyň sungat işgärleri türkmen sazandalary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirýärler
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda adaty däl konserte taýýarlyk geçirilýär.

Eýýäm anna güni, 10-njy fewralda ABŞ-nyň ilçihanasynyň «Amerikan sazy ýurt daşynda» (American Music Abroad) maksatnamasynyň çäginde biziň ýurdumyza gelen Brodweý mýuziklleriniň artistleri Aaron Ýaň we Keýt Bass Aşgabatda ilkinji gezek çykyş eder.

Aýdym-saz maksatnamasy taýýarlanýarka, daşary ýurtly artistler türkmen kärdeşleri, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň agzalary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Döwlet hory bilen işjeň tejribe alyşýarlar.

Döredijilik hyzmatdaşlygy sazandalara örän uly ylham berýär. Aaron Ýaň we Keýt Bass wokal boýunça ussatlyk derslerini geçirýärler. Bu ýerde türkmen artistleri tansyň dowamynda aýdym aýtmagyň usulyny öwrenýärler, bu bolsa «mýuzikl» žanrynyň aýratynlyklaryndan biridir. Öz gezeginde, myhmanlar türkmen medeniýeti we milli saz sungaty bilen gyzyklanýarlar.

Taýýarlanýan konsertiň baý maksatnamasy Brodweý mýuziklleriniň repertuaryndan meşhur aýdym-saz kompozisiýalary bilen doly bolar. Ýakymly sowgatlar-da bolar. Konserte gatnaşýanlar «Şa arslan» multfilminden «Şu gije söýgini duýýaňmy?» atly soňky aýdymy bilelikde ýerine ýetirerler.

Ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny ýurdumyzyň zehinli ýaşlary-da görkezerler. Milli konserwatoriýanyň talyplary Döwran Şammyýew we Dünýägozel Begalyýewa «Aladdin» we «Opera yşaraty» mýuzikllerinden aýdymlary bilelikde ýerine ýetirer.

Biz birnäçe günden bäri taýýarlyk görýäris – diýip, Döwran Şammyýew gürrüň berýär. – Özümiz üçin köp täze zatlary öwrendik. Taýýarlygyň barşynda Keýt Bass bizi bu žanryň esasy aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Ol mýuziklden bir parça öwrenilende, diňe bir wokal ussatlygy üçin däl, eýsem adyndan aýdym aýdýan gahrymanyň pelsepesi üçinem ýeriň bardygyny düşündirdi. Bilelikdäki işimiz, konserwatoriýanyň talyby, artist we şahsyýet hökmünde meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe.

Amerikan teatrynyň meşhur žanry – Brodweý mýuzikli operetta esasynda döredi. Sungatyň bu görnüşi özbaşdak ugur hökmünde 40-njy ýyllarda ykrar edildi.

«Opera yşaraty», «Çikago», «Pişikler», «Kabare» we başgalar könelmeýän meşhur Brodweý mýuzikllerindendir. Brodweý çykyşlarynyň arasynda aýratyn orny Disneý mýuziklleri – «Şa arslan», «Näzenin we nägehan», «Aladdin» we başgalar eýeleýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan konsert 10-njy ýanwarda Mukamlar köşgünde bolar.

Başlanýan wagty: 18: 00. Giriş mugt.