Ï «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär

view-icon 2050
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlaryny we Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkiýeden gelen myhmanlary paýtagtymyza jemledi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry we Mollanepes adyndaky Talyplar teatry baýramçylyk bezegine girip, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazlary, Gurjak teatrynyň spektakllaryndan bölekleriň görkezilmegi, sirk artistleriniň çykyşlary elleri Döwlet baýdakly kaşaň milli lybasly festiwala gatnaşyjylary şadyýan garşy aldy.

Aşgabada festiwala gatnaşmaga gelendigimize begenjimiziň çägi ýok. Şatlygymyzy beýan eder ýaly däl! Haýran galdyryjy açylyş dabarasy ýürekleri şatlykly duýgulardan doldurdy. Şu gün biz festiwala gatnaşyjylara Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda dramaturg Muhtar Auezowyň «Goragsyzyň güni» atly täsir galdyryjy sahna oýnuny görkezeris. Ol üýtgeşik sahna oýnudyr. Biz bu eseri beýan edip, tomaşaçylary wakalaryň jümmüşine aralaşdyrarys – diýip, Gazagystan Respublikasyndan B.Rimowa adyndaky Taldygorgan drama teatrynyň aktrisasy Aziza Otarowa gürrüň berýär.

Ine, ellerinde Azerbaýjanyň baýdagyny göterip duran aktýorlar topary, olaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasyndan Şuşa döwlet sazly-drama teatrynyň baş režissýory Lagman Kerimow uly höwes bilen söhbedimize goşuldy:

– Men indi Aşgabada üçünji gezek gelýärin, her gezegem onuň ägirt uly özgerişlerine haýran galýaryn. Myhmansöýerligi halaýan ajaýyp şäherdir hoşamaý adamlar sizde bar. Biz festiwala dramaturg Elýas Effendiýewiň «Edelweýs ýa-da sen hemişe meniň bilen» spektaklyny getirdik. Onda ýaşuly adama aşyk bolan ýaş gyz hakda gürrüň berilýär.

Elbetde, biz festiwala gatnaşyjylara öz oýnumyz bilen güýçli täsir etmäge çalyşýarys. Şol bir wagtyň özünde, beýleki teatr toparlaryndan hem gowy usul-tilsim öwrenmek isleýäris. Festiwallar, aslynda, şunuň üçin geçirilýär-dä. Şol bir wagtyň özünde, teatr festiwaly ömrüni sahna bagyş edenler üçin baýramçylykdyr. Açylyş dabarasynda eýýäm baýramçylyk ruhuny duýduk.

Festiwala gatnaşyjylar bilen birlikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňüne howlukdyk, şol ýerde Oguz hanyň we onuň ogullarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan oýun başlapdy. Şol ýere barýarkak Özbegistan Respublikasynyň Horezm oblastynyň sazly-drama teatrynyň režissýory Otabek Ýakubow bilen tanyşdyk.

– Festiwalda «Şasenem-Garyp» spektaklyny görkezeris. Bu rowaýat türki dilli halklaryň arasynda meşhur we söýülýän eser, her bir halkda bu gadymy rowaýatyň özboluşly görnüşi bar. Şonuň üçinem sahna oýnumyz türkmen tomaşaçylaryny we festiwala gatnaşyjylary özüne çeker diýip umyt edýäris. Özbek halky ruhy taýdan türkmen halkyna has ýakyn millet, şol sebäpdenem rowaýatda käbir tapawutlara duşmak olar üçin gyzykly bolsa gerek. 

Şol wagt Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňünde Ýer ýüzündäki adamlaryň arasynda dostlugyň we parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiler asmana goýberildi. Guşlar olary, hamala, dostlukly bütewi döredijilik maşgalasyna birleşdiren kimin festiwala gatnaşyjylaryň depesinde owadan pyrlanyşýardylar.