Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 2679
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2012-nji ýylda ösüşiniň jemlerine garamak, ministrlikler we pudaklaýyn edaralar tarapyndan alnyp barlan işleriň netijelerini, birnäçe maýa goýum-gurluşyk maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi, şeýle hem 2013-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Mejlise Türkmenistanyň milli parlamentiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açmak bilen onda wajyp resminamalaryň taslamalaryna we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol 2012-nji ýylda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň jemleri barada jikme-jik hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna, döwletimiziň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegine ýardam edýär we ilatyň ýokary durmuş derejesini hem-de durnuklylygy üpjün edýär.

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, 2012-nji ýylda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bellenildi. Senagatda jemi içerki önümiň ösüşi 52 göterime barabar boldy.

2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tutuşlygyna alnanda, önüm öndürilişiniň möçberi 120,1 göterime deň boldy. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary netijeler gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň ösüşi 118,5 göterime barabar boldy. Daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depginleri 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 125,9 göterime deň boldy. Prezident maksatnamasyna laýyklykda bu görkeziji 2012-nji ýylda 137,9 göterim ýerine ýetirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2012-nji ýylyň jemleri boýunça ep-esli ýokarlandy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşi üçin giň mümkinçilikler açýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly dürli binalaryň, inženerçilik desgalarynyň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýär.

Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer hasabat döwründe salgyt salmagyň ähli görnüşleri boýunça meýilnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölendi. 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk haky 11,2 göterim artdy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwründe, tutuşlygyna alynanda makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigini we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyň görkezýär.

Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryny taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Hususan-da, 2013-nji ýylyň biriji ýanwaryndan başlap şertleýin-toplaýyş düzgüniniň girizilmegi bilen baglylykda pensiýa üpjünçiligini kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Ilatyň durmuş goraglylygy hakyndaky Türkmenistanyň Kodeksiniň 16-njy we 18-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda birnäçe kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň, ozaly bilen bolsa raýatlaryň pensiýa ýaşy dolandan soň garaşylýan ömrüniň ortaça dowamlylygyny kesgitlemegiň tertibi we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriniň pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilmeginiň tertibi hakyndaky resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Hökümet Baştutanynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, şu maksatlar bilen degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar tarapyndan toplumlaýyn işler geçirildi hem-de zerur bolan resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013- 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda hususylaşdyrmagyň esasy maksatlary, ugurlary, usullary we tertibi kesgitlendi, şeýle hem olary ýerine ýetirmegiň möhletleri bellenildi. Resminama laýyklykda, maksatnama 3 tapgyrda durmuşa geçiriler. Onuň çäklerinde şeýle hem degişli kadalaşdyryş-hukuk namalaryny, usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak boýunça agentligi döretmek baradaky mesele boýunça hasabat berdi. Bu agentligiň işi mümkin bolan töwekgelçiliklere jikme-jik hem-de hemmetaraplaýyn seljeriş we baha bermek esasynda guralmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemlerinden tutuşlygyna kanagatlanýandygyny belledi hem-de resminamalaryň hödürlenen taslamalaryny makullap, degişli kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak boýunça agentligiň başlygy wezipesine W.Abdylhekimowy bellemek baradaky resminama gol çekip, ony Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra ýurdumyzyň maliýe ministri D.Sadykow Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilşi barada hasabat berdi. 2012-nji ýylyň jemleri boýunça Döwlet býužetiniň girdeji bölegi 159,3 göterime, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterime barabar boldy diýlip, hasabatda aýdyldy.

Durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge býujet serişdeleriniň 76,5 göterimi goýberildi. Ýerli býujetiň berjaý edilişi barada aýdylanda bolsa, geçen ýyl onuň girdeji böleginiň 147,6, çykdajy böleginiň bolsa 99,6 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler hakynda maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Merkezi, pudaklaýyn we sebitleýin balans toparlarynyň 142 mejlisi geçirildi, olaryň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, kärhanalaryň we guramalarynyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.

Şeýle hem 2012-nji ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda”, “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” bellenilen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barlan topumlaýyn işleriň geçirilendigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam etmek bilen, D.Durdylyýewiň Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, onuň maliýe ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz maliýe ministriniň orunbasary wezipesine R.Nurýagdyýewi belläp, ony “Garagum” halkara paýdarlar bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy we degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow çykyş edip, 2012-nji ýylda döwletimiziň maýa goýumlara degişli syýasatyny amala aşyrmagyň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe özleşdirilen maýa goýumlarynyň Prezident maksatnamasynda bellenilen ýyllyk möçberiniň 108,3 göterimine barabar bolandygy aýdyldy. Bu görkezijiniň ýurdumyzyň jemi içerki önümine bolan gatnaşygy 47,7 göterime barabar boldy. Maýa goýumlarynyň agramly bölegi senagat pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegine, täze kuwwatlyklaryň döredilmegine, olaryň has kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine, şeýle hem durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Şeýlelikde, maýa goýumlarynyň 66,1 göterimi önümçilik pudaklarynyň, 33,9 göterimi bolsa beýleki ulgamlaryň ösldürilmegine gönükdirildi.

Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşy barada jikme-jik hasabat berildi. Düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 103,8 göterim ýerine ýetirildi.2011-nji ýyldakysy bilen deňeşdireniňde bu görkeziji 69 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 147-si guruldy. Bu görkeziji 127,8 göterime barabar boldy.

Senagat pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegine, welaýatlarda döwrebap innowasion önümçilikleriň gurulmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýa laýyklykda desgalaryň 10-sy gurlup ulanmaga berildi, desgalaryň 147-siniň gurluşygy alnyp barylýar, galyberse-de, 212 sany desgany gurmak üçin taslamalary düzmek we şertnamalary baglaşmak bilen bagly işler alnyp barylýar.

Ministriň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlyk etmeginde işjeň ýagdaýda amala aşyrylýan syýasat welaýatlarda senagatyň ösdürilmegine, içerki bazar üçin ýerli önümleriň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we umuman alanyňda, raýatlaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, B.Hojamämmedowy başga işe geçýändigi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine B.Taganowy belläp, ony ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow çykyş edip, ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň çäklerinde banklaryň alyp barýan işleri barada aýtdy. Hususan-da, 2012-nji ýylyň dowamynda ilata berilýän karzlaryň we goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, berjaý edilýän hyzmatlaryň toplumyny giňeltmek, öňdebaryjy usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap ulgamyny döretmek boýunça çäreleriň toplumy amala aşyryldy. Ýeňillikli karz berilmegini ösdürmek, banklaryň maliýe hasabatyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, bu ulgamyň işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem banklaryň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere uly üns berildi.

Merkezi bankyň ýolbaşçysy harytlary eksport etmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna gelip gowuşýan daşary ýurt pullary barada jikme-jik hasabat berdi. 2012-nji ýylyň netijelerine görä, meýilnama boýunça bu görkeziji 142 göterime barabar boldy, munuň özi 2011-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde 28 göterim köpdür. Gelip gowşan pul serişdeleriniň agramly bölegi tebigy gazyň, nebit önümleriniň, himiýa önümleriniň, elektrik energiýanyň, pagta süýüminiň we dokma önümleriniň eksportynyň, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmailary berjaý etmegiň hasabyna gazanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz M.Babaýewi “Garagum” halkara paýdarlar bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine bellemek hakynday Permana gol çekdi.

B.Gylyjow Döwlet ösüş bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem M.Annadöwletowy we G.Ataýewi “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasarlary wezipelerine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda 2012-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Diwanyň işiniň guramaçylyk-enjamlaýyn üpjünçiligi boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem söwda, dokma senagaty we halyçylyk pudaklary boýunça esasy görkezijiler hakynda hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe jemi haryt dolanyşygy 2 milliard 668 million 100 müň manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 117,6 göterime deň boldy. Şunda bölek satuwyň möçberi 13,2, lomaý söwdanyň mukdary bolsa 20,2 göterim artdy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama üç esseden gowrak ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi boýunça 2012-nji ýylda 1 milliard 80 million 200 müň manatlyk önüm öndürildi. Önümçilik meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetiirildi. Şu döwürde 1 milliard 169 million 700 müň manatlyk önüm ýerlendi, onuň ösüş depgini bolsa 111,3 göterime barabar boldy. Umumy girdeji 174,2 million manada ýetdi. ABŞ-nyň 148 million 200 müň dollary möçberinde girdeji alyndy.

“Türkmenhaly”döwlet paýdarlar korporasiýasy boýunça ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 41 müň 950 inedördül metr haly önümleri dokaldy. Önümçiligiň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy. Şu döwürde korporasiýa boýunça gazanylan girdejiniň möçberi 12,4 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen ýylda birža söwdalarynyň 148-si geçirildi. Söwda şertnamalarynyň jemi bahasy 52 milliard 507 million 600 müň manada barabar boldy. Şol sanda eksport şertnamalaryň mukdary 8 milliard 663 million 200 müň manat boldy. Munuň özi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 24,6 göterim köpdür. Şu döwürde gazanylan girdejileriň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 17,3 göterim, walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagy 19,1 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem Söwda-senagat edarasy boýunça geçen ýylyň dowamynda 9 million 693 müň manatlyk girdeji gazanyldy. Ösüş depgini 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 108,7 göterime barabar boldy. Daşary ýurtlardan gelip gowşan serişdeleriň umumy möçberi ABŞ-nyň 2 million 905 müň dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji hasabat döwürde 23,6 göterim ýokarlandy. Şu döwürde 21 sergi we 30 sany maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hem ösüşiň umumy görkezijileri saklanýar. Bu ulgamda 2012-nji ýylda 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende öndürilen senagat önümleriniň mukdary 55 göterim artdy. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi hem şu görkeziji boýunça 77 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi geçen ýyldakydan 2 esse köp boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça haryt dolanyşygy 21 göterim, ilata edilen hyzmatlaryň mukdary 55 göterim ýokarlandy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy kärhanalarynda 38 müňe golaý adam işleýär Munuň özi 2011-nji ýyldakydan 1,5 esse köpdür.

Şeýle hem ýurdumyzda dokma senagatynyň we söwda pudagynyň netijeli hereket edýän kärhanalar ulgamynyň döredilmegine, içerki bazarlaryň sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrmaga we öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumlarynyň pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrynyň netijeleri barada aýdyldy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem “Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Hazar deňziniň kenarynda bekre balygyny we onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhanany gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda 2012-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Halkara Nowruz baýramyny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Wise-premýer ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak, habar beriş serişdelerini, neşirýat işini we kinematografiýany ösdürmek, milli mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek, ilata medeni taýdan hyzmat etmek üçin şertleri döretmek, türkmen medeniýetini daşary ýurtlarda mynasyp görkezmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, medeniýet ulgamynyň işgärleri ilat köpçüligini sungatyň dürli görnüşlerine giňden çekmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Döredijilik işgärleri özleriniň döredijiligi bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň gazanýan üstünliklerini wasp edip, türkmenistanlylary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýarlar.

Wise-premýer ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň geçen ýyl döwlet derejesinde geçirilen dabaralara, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan köp sanly halkara çärelerine gatnaşandygyny habar berdi. Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen Mary şäherinde GDA ýurtlarynyň alymlarynyň we döredijilik intelligensiýasynyň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriniň birnäçesi geçirildi.

Şu ýyl Türkmenistanda geçirilýän Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görmek meselelerine degip geçip, B.Nurmyradowa ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksadynda hökümet iş toparynyň düzüminiň taýýarlanandygyny habar berdi. Hödürlenen kararyň taslamasyna laýyklykda, halkara çäreleriniň ençemesini, şol sanda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny hem-de köpugurlylygyny görkezmäge ýardam etjek “Nowruz –parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly festiwalyny, şeýle hem Halkara Nowruz baýramyna gatnaşýan ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.

Milli telewideniýäniň işi barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň işine nägilelik bildirdi we birnäçe kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, telewideniýäniň işini kämilleşdirmek, onuň işgärleri üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän teleradioýaýlymlar merkezi guruldy. Emma muňa garamazdan häzirki döwürde telewideniýäniň işinde örän köp keçmlikler bar diiýp, döwlet Baştutanymyz belledi. Teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikleriň hili we çeperçilik derejesi pes, bu gepleşikler jemgyýetimiziň ruhy talaplaryna, ösen medeni isleglerine laýyk gelmeýär, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny we medeniýetini doly açyp görkezmeýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan many-mazmuna baý, gyzykly milli filmler döredilmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin, Ş.Alowowy Telewideniýe,radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Altaýewiň bellenilýändigi hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Halkara Nowruz baýramyny geçirmek hakyndaky” karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmennebit” döwlet konserninde, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarda we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde 2012-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Mary şäherinde ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen täze himiki kärhanalaryň gurluşygynyň taslamalarynyň, şeýle hem Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesindäki ýylda 1,4 million tonna kuwwaty bolan dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň barşy barada aýdyldy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe möhüm taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda gazy gaýtadan işleýän häzirki zaman toplumlar, ýylda 500 müň tonna kuwwaty bolan kükürt kislotasynyň önümçiligi boýunça sehler, dizel ýangyjyny we benzin öndürýän täze kuwwatlyklar bar.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde ýylda 3-5 million tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenen nebithimiýa kärhanasyny gurmak meýilleşdirildi. Garabogaz şäheresinde ýuwujy serişdeleriň, natriý sulfatyň, ammiagyň we karbamidiň önümçiligi boýunça toplum gurmak göz öňünde tutulýar. Balkanabat şäheriniň eteklerinde kaustik soda, suwuk hlor we hlor önümlerini, şeýle hem tehniki ýody we brom önümlerini öndürýän senagat desgasy gurlar.

Tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça zawodyň we Seýdi şäherinde polietilen öndürýän kärhananyň,şeýle hem Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipopilen öndürýän zawodyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygy habar berildi.

“Türkmengaz” döwlet konserni we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek we abadalaşdyrmak boýunça giň möçberli işleri dowam etdirýärler. Şu ýyl bu ýerde harytlyk tebigy gazyň ilkinji akymy alnar.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze durmuşa ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy S.Mämmedowy eýeleýän wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen bu wezipä ozal Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän K.Abdyllaýew bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri wezipesine M.Halylowyň bellenilýändigi hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda binalary we desgalary gurmak hakyndaky” karara gol çekip, Hazaryň kenarynda durmuşa geçirilýän taslamalarda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, innowasion tehnologiýalaryň, kämil inženerçilik-binagärçilik pikirlenmeleriň we özboluşly bezeg ülňüleriniň işjeň ulanylmalydygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýewe söz berldi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda 2012-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, geçen ýyl ulanmaga berlen desgalar barada aýdyldy. Hasabat döwründe umumybilim berýän mekdepleriň 33-si, sport mekdepleriniň 15-si, çagalar baglarynyň 46-sy, sport toplumlarynyň 4-si, çagalar sagaldyş merkezi, şeýle hem Türkmenistanyň Milli sport hem-de syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň we ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalary gurlup, ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň Berzeňňidäki ylmy-şypahana bölüminiň täze binasy, Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýy we Saglyk öýi, “Mollagara” şypahanasynyň binalarynyň täze toplumy, Derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline döwlet gözegçiligi merkeziniň täze binasy guruldy. “Saglyk” derman kärhanasynyň durky täzelenen we täze gurlan binalary ulanmaga berildi. Geçen ýylda täze ýokary okuw mekdepleriniň ikisi, orta hünärment okuw mekdepleriniň 5-si we başlangyç hünärment mekdepleriniň 2-si döredildi.

Hasabat bermegiň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün edilişine hem-de türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan okuw we ylmy neşirleriň çap edilişine aýratyn üns berildi. Hususan-da, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 173-si neşir edildi.

Türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara ylym-bilim bäsleşiklerine üstünlikli gatnaşdylar. Geçen ýylda ýurdumyzda orta mekdepleriniň okuwçylary halkara ders bäsleşikleriniň 22-sine gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 123-sine eýe boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolsa halkara olimpiadasynyň 7-sine gatnaşyp, 32 medala mynasyp boldular. Türkmen türgenleri hem dünýä we Aziýa boýunça guralýan ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallaryň 82-sine, kümüş medallaryň 89-syna we bürünç medallaryň 113-sine eýe boldular.

Ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde halkara ylmy maslahatlaryň 14-si, sergileriň üçüsi, halkara çagalar festiwallarynyň ikisi we kompýuter taslamalary boýunça halkara olimpiadasy guraldy.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna kararlaryň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky” hem-de “Aşgabat şäherinde Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binasyny gurmak hakyndaky” Kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işleriniň netijeleri, şol sanda gurluşyk, gurluşyk materiallary senagaty we elektroenergetika ulgamlarynda 2012-nji ýylda gazanylan tehniki –ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe gazanylan ýokary görkezijiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga hem-de türkmen döwletini gülledip ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

Gurluşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 121,6 göterime deň boldy.

Senagat ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime barabar boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 131,5 göterime, magdan däl materiallary boýunça 104,5 göterime, sozulan metal babatda 130,5 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça 2012-nji ýylda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 109,8 göterime deň boldy. Elektrik energiýasyny öndürmek babatda bu görkeziji 105,7 göterime barabar boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň ösüş depgini 121,9 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ösüşiniň esasy ugurlarynda 2012-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda harytlyk önümiň, ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 124,3 göterime barabar boldy. Hususan-da, ýol gurluşyk işleri boýunça bu görkeziji 121,5 göterime, senagat önümlerini öndürmek boýunça 124,7 göterime deň boldy.

Aşgabat şäheri boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen serişdeleriň ösüş depgini 127,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Jemagat hojalygy ministrligiň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigini, onuň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeýändigini aýtdy. Döwletimiz tarapyndan jemagat hojalygy gullugyna uly goldaw berilýändigine, onuň işini talaba laýyk guramak üçin täze tehnikalaryň alynýandygyna garamazdan, onuň işi ilatymyzda köp sanly nägilelikleri döredýär we bu gullugyň ýaramaz işleýändigi barada köp arza-şikaýatlar gelip gowuşýar.

Milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, birnäçe gezek käýinç yglan edilendigine garamazdan, A.Ýagşimämmedowyň degerli netije çykarmandygyny ýatlatdy. Hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, A.Ýagşimämmedowy jemagat hojalygy ministri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, başga işe geçýändigi sebepli, Ş.Durdylyýewiň Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadylýandygy hakyndaky Permana gol çekdi.

Milli Lilerimiz R.Nurmämmedowy Aşgabat şäheriniň häkiminiň wezipesine belläp, ony paýtagtymyzyň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy Hormatly Prezidentimiziň belleýşii ýaly, onuň toplan iş tejribesi we paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine dogry düşünmegi özüne ynanylan wezipäni oňarjakdygyna ynam döredýär.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimi wezipesine N.Saparowy belläp, ony Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda geçen ýylda amala aşyrylan işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejä getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, R.Seýitkulyýewe, tejribeli ýolbaşçy hökmünde uly ynam bildirilendigini, ýöne, gynansak-da, onuň gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny aýtdy. “Demigazyk-Günorta” demir ýolunyň gurluşygy bellenen möhletlerde tamamlanmady. Meniň beren tabşyryklaryma garamazdan, demir ýol, howa ulaglary, aragatnaşyk kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça hem häzire çenli zerur işler geçirilmedi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bulardan başga-da, demir ýol ulaglaryny ulanmagyň we ýükleri daşamagyň möçberleri azalýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýokary gözegçilik edarasynyň geçiren barlagyna görä, häzirki döwürde demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň-otlulary çekijileriň we wagonlaryň ýarysyna golaýy abatlamagy talap edýär.

Döwlet Baştutanymyz dörän ýagdaýa nägilelik bildirip, pudagyň işinde başga-da birnäçe kemçilikleriň bardygyny, ýöne wise-premýeriň kemçilikleri düzetmek üçin hiç hili degişli çäreleri görmändigini aýtdy.

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz R.Seýitkulyýewi işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz şunuň bilen bagly gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda ulaglar we aragatnaşyk pudagynda örän köp sanly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi. Biz bu pudakda geljekde hem täze desgalary gurmagy göz öňünde tutýarys. Olaryň hatarynda demir ýollary, üç sany iri howa menzilini, deňiz portuny we birnäçe beýleki desgalary görkezmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meselelri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewiň üstüne ýükledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Gurbandurdyýewiň Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine, şeýle hem R.Kutlyýewiň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenilýändigi hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Aşgabat şäherinde täze halkara howa menzilini gurmak hakyndaky”, “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň we Bereket stansiýasynda lokomotiw deposynyň gurluşygyny tamamlamak hakyndaky”, şeýle hem “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary minitsrligi üçin ýolagçy we dizel ýangyjyna niýetlenen wagonlaryny satyn almak hakyndaky” Kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ş.Durdylyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, toplumynyň işine gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belledi.

Soňra mejlis ýurdumyzyň welaýatlarynyň we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabaty bilen dowam etdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda däneçiligi, pagtaçylygy we maldarçylyk pudagyny ösdürmek, durmuş maksatly birnäçe desgalary gurup ulanmaga bermek boýunça alnyp barlan işler hakynda hasabat berdi.

Senagat önümçiliginiň möçberleri 2012-nji ýylda 5,4 göterim artdy. Ýerli býujetiň girdeji bölegi 142,1, çykdajy bölegi bolsa 99,6 göterim ýerine ýetirildi. Oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň ösüş depgini duýulýar. Welaýatyň gallaçylary geçen ýylda 353 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar. Welaýatyň etraplarynda ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak, şeýle hem mallaryň baş sanyny we maldarçylyk önümlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. 2012-nji ýylda sebitde durmuş maksatly desgalaryň 39-sy guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen ýylyň jemleri boýunç Ahal welaýatynyň birnäçe etraplarynyň häkimleriniň, şeýle hem birnäçe etraplaryň häkimleriniň orunbasarlarynyň öňünde goýlan wezipelere hötde gelip bilmänldikderini belledi. Olaryň birnäçesi bolsa özleriniň gulluk ýagdaýlaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ony şahsy bähbitleri üçin ulanypdyrlar we işlerinde düýpli kemçiliklere ýol berdiler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Kaka etrabynyň häkimi R.Aşyrowyň eýeleýän wezipesinden boşadylýandygyny we bu wezipä D.Hezretgulyýewiň bellenilýändigini aýdyp, degişli Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkimi M.Nurmämmedowa wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý edýän, welaýatda alnyp barylýan işlere hem-de Oba Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, gözegçiligi goşwdandygy, şeýle hem bag ekmek boýunça berlen tabşyryklaryň doly durmuşa geçirilişine üpjün etmändigi üçin käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekmek bilen, häkimden ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow öz nobatynda ýurdumyzyň günbatar sebitini 2012-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri, şeýle hem häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet býujetine girdejiler boýunça tölegler 1 milliard 163 million 511 müň manada deň boldy we bellenilen meýilnama 138,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetiň umumy çykdajylary 835 million 527 müň manada deň bolup, goýberilen serişdeleriň 99,5 göterimi özleşdirildi.

Oba hojalygy barada aýdylanda bolsa häzirki wagtda 80 müň gektar meýdanda ekilen güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär. Ýaz paslynda gowaça ekmek üçin bölünip berlen 5 müň gektar ýerde sürüm işleri geçirilýär.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşy geçirmegiň çäklerinde geçen ýyl Balkan welaýatynda meýilnama 100,8 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutany guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, M.Saryýewany Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Balkan welaýatynyň häkiminiň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary wezipesine G.Ataýewa bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän N.Gylyjow bu wezipä bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen S.Satlykow Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministri wezipesine bellenendigi we onuň Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadylandygy sebäpli Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine ozal Ykdysadyýet we ösüş ministri bolup işlän B.Hojamämmedow bellenildi.

Sebitiň täze ýolbaşçysyna üstünlik arzuw etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýleki welaýatlary ýaly, Balkan welaýaty hem soňky ýyllarda batly depginlerde ösýär we hut şonuň üçinem welaýatda meýilleşdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn, oýlanyşykly hem-de jogapkärli çemeleşmleriň zerurdygyny belledi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew 2012-nji ýylda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ol welaýatyň ilatynyň durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça ädilýän ädimler, gurulmagy göz öňünde tutulýan we ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de olarda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň netijeleri boýunça Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynyň häkimleriniň işde kemçiliklere ýol berip, etrabyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegi başarmandyklaryny belläp, A.Agylowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä B.Handurdyýewi belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkimi E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, welaýatda daşky gurşawy gorap saklamak bilen bagly çäreleri geçirmegiň möhümdigine, hususan-da, Aral deňziniň suwunyň azalmagy sebäpli ýüze çykýan çölleşmä garşy göreşmek maksady bilen, tokaý zolaklaryny döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz welaýatyň çäginde tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle hem agaç nahallaryny oturtmak çäresine taýýarlyk görmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz agaç nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşmak üçin Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow welaýatda 2012-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýat boýunça 120 müň gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýändigini, häzirki wagtda bolsa şol ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem mallary ýyly we dok gyşlatmak, owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli çäreleriň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň aýry-aýry etraplarynyň we şäherleriniň käbir ýolbaşçylarynyň geçirýän işlerine nägilelik bildirdi we olaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmändiklerini, käbiriniň bolsa öz wezipesini şahsy bähbitleri üçin ulanandyklaryny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, welaýatyň Döwletli etrabynyň häkimi A.Allaberenowy, Garaşsyzlyk etrabynyň häkimi I.Bazarowy, Halaç etrabynyň häkimi M.Jumageldiýewi, Magdanly şäheriniň häkimi J.Taganowy, şeýle hem Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje etrabynyň häkimi B.Bagyýewi we Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow etrabynyň häkimi K.Joraýewi eýeleýän wezipelerinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin welaýatyň birnäçe etraparynyň häkimleriniň orunbasarlaryny eýeleýän weziplerinden boşatda.

Hormatly Prezidentimiz A.Joraýewiň Garabekewül etrabynyň häkiminiň, wezipesine bellenilýändigi, B.Kadyrowyň Galkynyş etrabynyň häkiminiň wezipesine, I. Işankulyýewiň Döwletli etrabynyň häkiminiň wezipesine, A.Işankulyýewiň Magdanly şäheriniň häkimi wezipesine, Ş.Sahatowyň Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi wezipesine, Ç.Meredowyň Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky etrabyň häkiminiň wezipesine bellenilýändigi hakyndaky resminamalara gol çekdi.Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk we Halaç etraplarynyň häkimleriniň wezipelerini wagtylaýyn ýerine ýetirmek, ol etraplaryň häkimleriniň orunbasarlary D.Polatowanyň we J.Rozmyradowyň üstlerine ýüklenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, wezipe-borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy, şeýle hem Oba Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow 2012-nji ýylda edilen işler barada hasabat berip, welaýatyň býujetiniň girdejiler boýunça 148,3 göterim, çykdajylar boýunça bolsa 99,7 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini aýtdy. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" hem-de welaýaty 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda geçen ýylda 1 milliard 47 million 204 müň manatlyk işler ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe gurluşyk işleri ep-esli möçberde berjaý edildi we durmuş maksatly desgalaryň 36-sy ulanmaga berildi.

Agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň, şeýle hem täze tehnikanyň yzygiderli satyn alynmagynyň bugdaýy irki agrotehniki möhletlerde ekip, meýdanlarda oňat gögeriş alynmagyna mümkinçilik berendigi bellenildi. Mallaryň baş sanyny we maldarçylyk önümlerini artdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Gant şügündyryny ösdürip ýetişdimek üçin bölünip berlen 14900 gektar ýerde bol hasyl ösdürilip ýetişdirildi, häzirki wagtda 114 müň tonnadan gowrak önüm ýygnaldy we şant şugundyryny ýygnamak işi dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda geçirilýän işler babatda nägilelik bildirdi hem-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Mary etrabynyň häkimi N.Amannaýewi, Ýolöten etrabynyň häkimi R.Mukmyradowy, şeýle hem birnäçe etraplaryň häkimleriniň orunbasarlaryny eýeleýän wezipelerinden boşatdy.

Türkmengala etrabynyň häkimi B.Hommakowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändigi we işde kemçiliklere ýol berendigi üçin berk käýinç yglan edildi.

Döwlet Baştutany Mary etrabynyň häkimi wezipesine I.Kullaýewi belläp, ony Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy, Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesine A.Hojakow bellenildi.

Döwlet Baştutany welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy, Oba Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmakda kemçiliklere ýol berendigi, ilatyň arza-şikaýatlaryna seretmek boýunça işleri talaba laýyk guramandygy, şeýle hem bag ekmek boýunça tabşyryklaryň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow 2012-nji ýylda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalygynda özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabat bermegiň barşynda geçen ýylda ýurdumyzyň daýhanlarynyň 1 million 235 müň tonna golaý pagta öndürendigi we onuň 2011-nji ýyldaka garanyňda 12,6 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Şeýle hem 1 million 200,1 müň tonna bugdaý ýygnaldy we geçen ýyldaka garanyňda, ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy.

Obasenagat toplumyna degişli düzümleriň ählisinde diýen ýaly ýokary tehniki-ykdysady görkezijiler gazanyldy. Hususan-da, Oba hojalyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberiniň ösüş depgini 104 göterime, Suw hojalygy ministrliginde – 104 göterime, Tebigaty goramak ministrliginde -- 125,6 göterime “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynda -- 128,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynda – 103,4 göterime, Azyk senagaty assosiasiýasynda -- 105,7 göterime, “Türkmenmallary” assosiasiýasynda – 109,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserninde—104,2 göterime barabar boldy.

Oba hojalyk pudagynda çig malyň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy hem-de täze senagat kärhanalarynyň ulanmaga berilmegi netijesinde ilat ýokary hilli unuň, çöregiň we çörek önümleriniň, unaş önümleriniň we azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen doly derejede üpjün edilýär.

Hasabat döwründe oba hojalyk pudagynyň maliýe-ykdysady ýagdaýy pugtalandy, bu pudakda alnan girdeji, esasan, düýpli gurluşyga, täze enjamlaryň satyn alynmagyna, önümçiligiň ösdürilmegine gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, howanyň arassalygynyň, ýer, suw we tokaý serişdeleriniň, biologik taýdan dürli-dürlüliginiň aýawly saklanmagynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça halkara ylalaşyklarynyň 11-sini tassyklady. Ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň uly möçberli milli maksatnamalary adamlaryň ýaşaýşynyň ähli ugurlar boýunça oňaýly bolmagynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň” ýurdumyzda ekologiýa degişli meselelere uly üns berilýändigini görkezýän nobatdaky subutnamadygyny we şonuň çäklerinde tebigaty goramak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, degişli karara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz maldarçylyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdermekde öňde durýan wezipeleriň derwaýysdygyna ünsi çekip, pudakda geçirilen köp sanly barlaglaryň, şol sanda prokuratura edaralarynyň seljermeleriniň netijesinde birnäçe düýpli kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny belledi. Hususan-da, “Türkmenmallary” assosiasiýasy hakyndaky Düzgünnamanyň köp bölümleriniň anyk kesgitlenmändigi belli boldy. Bu bolsa öz gezeginde köp sanly düzgün bozmalara getirdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de Assosiasiýany ýapyp, onuň binýadynda täze Döwlet maldarçylyk birleşiginiň döredilmeginiň maksada laýyak boljakdygyny aýdyp, degişli Permana gol çekdi. Täze döredilen Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen D.Myratberdiýew bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň arakesmesinde hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibinde seredilen meseleleriň we onda kabul edilen çözgütleriň derwaýysdygyny bellemek bilen, geçen ýylyň jemleri milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda oňyn ösüşiň gazanylandygyny görkezýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hasabat döwrüniň netijeleri mundan beýläk-de tijenip işlemäge, ýetilen sepgitleri täze üstünlikler bilen berkitmäge borçly edýär diýip belledi.

Şu nukdaýnazardan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öňünde goýlan wezipeler, 2013-nji ýylyň iş meýilnamalary anyk kesgitlenildi diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda öňde goýlan meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça iş maslahatyna gatnaşyjylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi döwlet Baştutanymyzyň çykyşy bilen dowam etdi. Onda geçen ýylyň jemleri jemlenildi we 2013-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, geçen ýyl bütin dünýäde ykdysadyýetiň ösüş depgininiň peselmeginiň duýulandygyny we dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň köp döwletlere öz täsirini ýetirendigini aýtdy. Şeýle şertlerde biz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde makrogözegçilik we makrodüzgünleşdirmek boýunça öz wagtynda zerur çäreleri gördük, bu ugurda alyp barýan işlerimizi kämilleşdirdik diýip, döwlet Baştutany belledi.

Döwlet Bştutany biz geçen ýyly oňat netijeler bilen tamamladyk diýip aýtdy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň möçberi 111,1 göterim artdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 138 göterim ýokarlandy. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösdi diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk pudagynda alnyp barlan netijeli işleri geçen ýylda ýeten belent sepgitlerimize mysal hökmünde görkezmek bolar diýip aýtdy. Bellenilişi ýaly, 2012-nji ýyl üçin kabul edilen Maksatnamada göz öňünde tutulan ýaşaýyş-durmuş maksatly ähli taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Geçen ýyl ýurdumyzda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 397 sany iri desga gurlup, ulanmaga berildi. Şol desgalaryň hatarynda täze Bagtyýarlyk we Belek şäherçelerini, gazturbinaly stansiýalary, köp sanly zawodlary we fabrikleri, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň binalar toplumlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalary, serhet birikmeleriniň täze toplumyny, Ruhabat etrabyndaky Galla önümleri toplumyny, demir ýol beketlerini, köprüleri, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze köşkleri, köp sanly stadionlary, muzeýleri, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini we başga-da birnäçe desgalary görkezmek bolar. Şunlukda, Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda ilkinji gezek şeýle köp sanly desgalar, ýagny multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen 36 sany umumybilim berýän mekdep, 25 sany sport mekdebi we 48 sany çagalar bagy gurlup, ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň netijesinde ýüze çykan käbir ykdysady kynçylyklara garamazdan, biz ýurdumyzda gurulmagy göz öňünde tutulan ýekeje desgany hem kabul eden maksatnamalarymyzdan aýyrmadyk, ýaşaýyş-durmuş wezipelerini çözmäge niýetlenen maksatnamalaryň birini hem gysgaltmadyk diýip aýtdy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň diýen ýaly maddy binýady yzygiderli pugtalandyryldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmekde, özgertmeleri amala aşyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda täze üstünlikler we ösüşler gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda tutanýerli iş alyp bardyk, bu üstünlikleri gazanmak üçin ýurdumyzyň Hökümeti netijeli işleri geçirdi, raýatlarymyzyň ählisi yhlasly zähmet çekdi, merdana halkymyzyň döretmäge we berkarar Watanymyzy özgertmäge gönükdirilen, agzybirlige we jebislige esaslanan tutanýerli we yhlasly zähmet çekmegi bize soňky bäş ýylyň dowamynda her ýylda ortaça 11 göterim derejede ykdysady ösüş gazanmaga mümkinçilik berdi diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, soňky bäş ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlarynyň möçberiniň 8 esseden gowrak, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň bolsa, 8,6 esse artandygyny görkezmek ýeterlikdir, bu maýa goýumlary Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, esasan, täze önümçilikleri döretmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga, durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýamyza laýyklykda, Hökümetimiz tarapyndan hususy pudaga ýakyndan goldaw berildi, biz hususy telekeçiligi ösdürmäge geljekde hem giňden goldaw bereris, bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär diýip aýtdy. Ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmanda, häzirki döwürde hususy pudagyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň we edýän hyzmatlarynyň paýyna jemi içerki önümiň 55,7 göterimiň düşýändigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda jemi içerki önümiň möçberinde hususy pudagyň paýy yzygiderli artmagyny dowam edýändigini belledi.

Milli Liderimiz oýlanyşykly amala aşyrýan salgyt-býujet syýasatymyz önümçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy, maýa goýumlaryny ykdysadyýetiň önümçilik pudagyna çekmäge itergi berdi we durmuş maksatnamalary üçin gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döretdi diýip belledi.

Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň ýangyç - energetika toplumyna garaşly bolmagyny azaltmak, energiýa serişdeleriniň iberilýän bazaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatymyz hem ykdysadyýetimiziň ösmegine oňaýly täsir edýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz alnyp barlan işleriň netijesinde, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberi 3,5 esse, ilatymyzyň satyn alyş ukyby boýunça adam başyna düşýän jemi içerki önümiň möçberi bolsa, 1,9 esse artandygyny nygtady. Geçen ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi ortadan ýokary girdejileri bolan ýurtlar üçin umumy kabul edilen derejeden ýokary boldy, ýurdumyzda gazanylan bu görkezijiler bolsa, öňdebaryjy halkara ykdysady guramalarynyň bilermenleri tarapyndan tassyklandy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz 2013-nji ýylyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde örän möhüm ýyllaryň biridigini bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň Hökümetiniň öňünde birnäçe möhüm wezipeleriň durandygyny kesgitledi.

Prezident Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi has-da güýçlendirmelidiris hem-de ykdysadyýetimizi strategik üýtgedip gurmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi çaltlandyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, tehniki we tehnologiýa taýdan özgertmek, ykdysadyýetimiziň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze pudaklary döretmek boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de netijeli dowam etmelidiris diýip aýtdy.

Soňra milli Liderimiz hökümet agzalarynyň käbirlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe we ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň durnukly we netijeli ösmegine ýardam bermek maksady bilen, makrogözegçilik we makrodüzgünleşdirmek çärelerini kämilleşdirmegiň, işjeň maliýe, durnukly we netijeli pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagynyň, manadyň hümmetini bellenen çäklerde durnukly saklamagyň we maliýe-bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013–2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» karara gol çekendigini we bu Maksatnamada şu ýylyň başyndan başlap, kärhanalaryň birnäçesini hususylaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işi bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan geçmek boýunça meýilnamalara laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, esasan hem, A.Goçyýewiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewiň ýurdumyzda hususylaşdyrmak işiniň aç-açanlyk ýagdaýynda amala aşyrylmagyny üpjün etmelidigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa we medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, demokratik hukuk döwletiniň ideologiýa we ahlak esaslarynyň kemala gelmeginiň we ösmeginiň, jemgyýetiň döredijilik, aň-bilim mümkinçilikleriniň kämilleşmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň medeniýet ulgamynda bar bolan mümkinçilikleriň nähili derejede ulanylýandygyna baglydygyny belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany müňlerçe ýyllyk taryhy we däpleri bolan, örän baý medeni mirasymyzyň, milli sungatymyzyň, türkmen aýdym-sazynyň we edebiýatynyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin netijeli ulanylmalydygyny aýtdy. Medeniýet işgärleriniň döredýän eserleri ýurdumyzyň her bir raýatyny döwletimizde amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ruhlandyrmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ruhy gymmatlyklara eýerýän, şahsyýetiň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýýan, halkara ulgamyna we ählumumy ösüşe goşulmagy göz öňünde tutýan, häzirki zaman demokratik döwleti hökmünde Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini dünýäde wagyz etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek boýunça ähli zerur çäreleri görmeli diýip aýtdy. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde esasy ugur – milli hünärmenleri taýýarlamakdan we ýaş hünärmenleriň kämilleşmegi, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çeper we dokumental filmleri döredýän kinematografiýa ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň, kitaplaryň sanyny artdyrmak, neşirleriň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem neşirýat hyzmatlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, täze «Metbugat öýi» toplumynyň gurluşygyna başlanmalydygyny aýtdy. Şeýle hem, döwlet Baştutany ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmegiň gerimini yzygiderli giňeltmek üçin, bütindünýä Internet ulgamynda täze elektron gazetleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe we onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeleri dowam etmek, ýokary derejeli, ökde hünärmenleri we türgenleri taýýarlamak meselelerine öňküsi ýaly, aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir möhüm meselä aýratyn ünsi çekip, ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna häzirden düýpli taýýarlyk görülmelidigini hem-de Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin üpjünçilik ulgamlarynyň bu möhüm ähmiýetli çärä doly taýýar edilmelidigini, tälimçileriň, sport eminleriniň we türgenleriň taýýarlanmalydygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň täze Konsepsiýasyny, onuň öňünde durýan ähli wezipeleri we ugurlaryny diplomatlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edendigini belledi. Milli Liderimiz şu ýerde döwletimiziň daşary syýasatynyň öňküsi ýaly «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýandygyny we ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy goldamaga we pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellemek isleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa we Mejlisiniň wekillerine ýüzlenip, şu ýyl döwletimizde ykdysadyýetiň we jemgyýetiň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm ähmiýeti bolan kanunlaryň we kanunçylyk namalarynyň üstünde işlemegi we olary kabul etmegi dowam etmelisiňiz diýip belledi.

Daşary ýurtly maýadarlaryň , şeýle hem aň-bilim wekilleriniň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleriň zerurdygyny bellemek bilen, 2013-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawynyň boljakdygyny belledi we bu möhüm çärä ýylyň dowamynda degişli taýýarlygyň görülmelidigini belledi. Şeýle hem milli liderimiz ýakyn wagtda deputatlar bilen boljak duşuşygyň çäklerinde Mejlisiň öňünde durýan wezipeleriň üstünde aýratyn durjakdygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe, gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça örän köp işleriň amala aşyrylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutany geçen ýyl bilen deňeşdirilende şu ýylyň gurluşyk maksatnamasynyň örän giň möçberlidigini aýratyn belledi. Bu maksatnama laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda geçen ýyldakydan 20 göterime golaý desga köp gurlar. Hususan-da, şu ýyl 435 sany iri desga we şu ýylda takmynan, 17 milliard amerikan dollaryna barabar taslamalaryň amala aşyrmalydygyny belledi. Iri möçberli taslamalaryň hatarynda «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň bir bölegi, gaz we nebit geçirijiler, köprüler, awtomobil ýollary, fabrikler we zawodlar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalar, hassahanalar we saglyk öýleri, ýaşaýyş toplumlary we beýleki medeni-durmuş maksatly ençeme desgalar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe ýüzlenip, eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürmek üçin zerur bolan ýokary tehnologiýaly önümçiligi giňeltmek maksady bilen, dünýä ölçeglerine we tehnologiýalaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegiň oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan örän möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Döwletimiz oba hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, obalaryň düýpli özgerdilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň geçen Maslahatynda makullanan ugurlar boýunça, esasan hem, kiçi şäherçeleri abadanlaşdyrmak, oba ilatyny ýaşamak üçin amatly, şäherdäki ýaly ähli zerur durmuş şertleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ý.Kakaýewe, B.Hojamuhammedowa, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, nebithimiýa we gazhimiýa senagatynyň, himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegiň dowam etdirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem, milli Liderimiz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ugur alyp, «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri halkara taslamalaryny we beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow B.Hojamuhammedowa, Ş.Durdylyýewe elektrik energiýasynyň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin, onuň öndürilýän möçberlerini köpeltmegiň maksatnamasyny gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamagy, goşmaça elektrik stansiýalaryny gurmagy, öňden işläp gelýän stansiýalaryň elektrik energiýasyny öndürýän desgalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudagynyň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitläp, şu ýylyň dowamynda bir wagtda ägirt uly taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň milli emeli hemra ulgamyny döretmek we emeli hemrany älem giňişligine çykarmaga taýýarlyk görmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly diýip aýtdy. Milli Liderimiz «Demirgazyk–Günorta» halkara demir ýol geçelgesiniň galan böleginiň, «Aşgabat–Garagum–Daşoguz» we «Türkmenbaşy–Farap» awtomobil ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüleriniň gurluşygyny, howa menzilleriniň gurluşygyny we olaryň durkuny täzelemegi, şeýle hem göz öňünde tutulan beýleki taslamalary amala aşyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany wise-premýer H.Muhammedowa, söwda we dokma toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda ulgamyny, dokma senagatyny, halyçylyk pudagyny we hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça örän möhüm meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary ýakyndan ýola goýmak, daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini, daşary ýurt biržalarynyň tejribesini öwrenmek hem-de biržanyň işiniň täze, has netijeli usullaryny ornaşdyrmak boýunça tutanýerli işiň alnyp baylmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerine ýüzlenip, ähli mümkinçilikleri we içerki serişdeleri ulanmak arkaly, hususy telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmelidigini hem-de Birleşmäniň derwaýys maksatnamalarymyzy we taslamalarymyzy durmuşa geçirmäge giňden gatnaşmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, ähli jemgyýetçilik guramalarynyň neşekeşlige we durmuşymyzda ýüze çykýan beýleki ýaramaz hadysalara garşy alnyp barylýan göreşi yzygiderli dowam etmelidigini belledi.

Milli Liderimiz döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek ýaly möhüm meselelere aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda geçen ýylyň jemlerine ýokary baha bermek bilen, tutuşlygyna alnanda 2012-nji ýylda ýurdumyz üçin oňat ýyllaryň biri bolandygyny we onda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilendigini nygtady.

Öz öňümizde goýlan ähli wezipeleri berjaý edip we oňyn Döwlet býujetini kabul edip, ýokary görkezijiler bilen täze ýyla ynamly gadam goýlandygyny milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi we Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýan türkmenistanlylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuşy arzuw etdi.

Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi tamamlap, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi üçin ähli güýjüni aýamajakdygyna ynam bildirip, mejlise gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrundaky işde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa – bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdi.