Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

view-icon 2093

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde meşhur koreý alymlarynyň, professorlarynyň, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn teleköpri görnüşinde saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion usullary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bina edilýän lukmançylyk merkezleri halkara ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylýar. Daşary ýurtlaryň, şol sanda Koreýa Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamynyň iri ylym-bilim edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmak işjeň dowam etdirilýär. 

Türkmenistanda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler bilen birhatarda, saglygy goramak boýunça maksatnama üstünlikli ýerine ýetirilýär. Milli kanunçylygy göz öňünde tutmak hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça ähli çäreler durmuşa geçirilýär. 

BSGG hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary, abraýly halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, ýurdumyz ylmy-lukmançylyk ulgamynda sebit we global hyzmatdaşlygy giňeltmäge, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. 

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle depginli ösdürilmeginde esasy hyzmatyň Türkmenistanyň Prezidentine--Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigi aýdyňdyr diýip, koreý hünärmenleri bellediler hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyza çuňňur hormatlaryny beýan etdiler. 

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklaryna badalga berip, ony milli lukmançylyk işine täzeçil öňdebaryjy tehnologiýalaryň, keselleri anyklamagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirýär. 

Iş maslahatynyň dowamynda bu ugurda alnyp barlan işlere baha berildi COVID-19 -a garşy hereket etmek bilen baglylykda, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek we umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýar bolmak we olara täsir etmek, pandemiýadan soňky täzeden dikeldiş babatdaky wezipeleri çözmek boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli düşündiriş işleriniň dürli kesellere garşy göreşmekde ilatyň ukyplaryny artdyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işinde beýan edilişine görä, keselleriň öňüni almak we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, bejeriş häsiýetli dürli çaýlar, üzärlikden, demirtikenden, arçadan, itburundan, gyzyl burçdan, beýleki dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan içgiler teklip edilýär. Häzirki döwrüň saglygy goraýyş ylmy bu ösümlikleriň gymmatly häsiýetlerini tassyklamak bilen birlikde, olary netijeli peýdalanmagyň mümkinçiliklerini hem öwrenýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň derman senagatynyň öňünde ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde hem-de olaryň öňüni almakda görülýän çäreleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, ilaty derman hem-de lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça täze wezipeleri goýdy. 

Duşuşygyň dowamynda ylmy diplomatiýanyň ugry hem-de alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda yzygiderli pikir alşylmagy üçin şertleriň döredilmegi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.