Resmi habarlar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

***

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramagy has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.


Последние новости