2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi öndürilýän içerki önümiň ösüş depgini 8 göterimden ýokary bolar diýlip garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri Muhammetgeldi Serdarow ýurduň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek baradaky halkara forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Ministr Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ileri tutulýan gazyp alýan we gaýtadan işleýän önümçiligini ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, aýry-aýry döwürlerde maýa goýumlaryň derejesi JIÖ-iň 45-48% -e çenli baryp ýetdi. Bu ýurduň ösýän we durnukly häsiýetdäki ykdysadyýetini döretmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň we 2021-nji ýylyň jemleri boýunça JIÖ-iň ösüş depgini 5,9%-e deň boldy.
Muhammetgeldi Serdarow: «Ösen döwletleriň köpüsiniň ykdysady ösüşinde ýüze çykan dünýäniň ykdysady çökgünliliginiň şertlerinde-de Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz durnuklylygyny saklaýar» - diýip, belledi. Ol häzirki wagtda-da ýurduň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlarynyň paýynyň ýokary, ýagny, JIÖ-iň 22-25 göteriminiň derejesinde galýandygyny we her ýylda ABŞ-nyň 10 milliard dollarynyň uly göwrümli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýändigini nygtady. Ministr şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenistan –Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşyklaryny agzady.
Ministriň sözlerine görä, ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen çäreler 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi öndürilýän içerki önümiň ösüş depgininiň derejesiniň 8 göterimden ýokary bolmagyny üpjün eder.
«АА»-nyň habarçysy