Ï Türkmenistanyň Kanuny Bilim hakynda (rejelenen görnüşi)
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Bilim hakynda (rejelenen görnüşi)

view-icon 319965

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., N 2, 21-nji madda; 2014 ý., N 4, 159-njy madda; 2017 ý., N 1, 36-njy madda; 2018 ý., N 2, 55-nji madda; 2020 ý., N 3, 50-nji madda) rejelenen görnüşinde beýan etmeli:

Şu Kanun bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Bilim düşünjesi

Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar.

Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydyr.

Terbiýe diýlip, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine milli we umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklarynyň hem-de özüňi alyp barmagyň türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünleriniň we kadalarynyň esasynda şahsyýetiň ösmegine we kämilleşmegine gönükdirilen işe düşünilýär.

Okatmak diýlip, bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň belli bir maksat bilen ele alynmagynyň, ukyplaryň ösdürilmeginiň, bilimleri gündelik durmuşda ulanmagyň tejribesini toplamagyň hem-de adamyň bütin ömrüniň dowamynda bilim almaga we hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan çuňňur isleginiň emele getirilmeginiň barşyna düşünilýär.

2-nji madda. Bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri

1. Bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň bilim hakyndaky meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanda her bir adamyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak;

2) Türkmenistanyň raýatlaryna bütin ömrüniň dowamynda hemmetaraplaýyn gurşap alýan we adalatly ýokary hilli bilimi hem-de okamak mümkinçiliginiň höweslendirilmegini üpjün etmek;

3) Türkmenistanda bilim ulgamynyň üznüksiz hereket etmegi we ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek;

4) Türkmenistanyň bähbitlerini, milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek we ony bilime degişli umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk getirmek;

5) bilim babatda döwlet häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitlemek;

6) bilim babatda ýuridik we fiziki şahslaryň ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek, şeýle hem olaryň bu ugurdaky gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek.

3-nji madda. Bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri 

Bilim babatda döwlet syýasaty aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) özüniň ukyplaryny we zehinini doly amala aşyrmagynda her bir adamyň hukugynyň deňligine;

2) bilimiň ynsanperwer häsiýetine, umumadamzat gymmatlyklarynyň, adamyň ömrüniň we saglygynyň, şahsyýetiň erkin ösüşiniň ileri tutulmagyna;

3) bilimiň Türkmenistanyň taryhy, türkmen halkynyň milli medeniýeti we däpleri bilen sazlaşykly arabaglanyşygyna;

4) raýatlyk duýgusynyň we watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormatyň, tebigy gurşawa, maşgala, Watana bolan söýginiň terbiýelenmegine;

5) döwlet tarapyndan hödürlenilýän bilim hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň her bir adama elýeterliligine;

6) umumy orta bilimiň we mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamagyň hökmanylygyna, döwlet bilim edaralarynda olaryň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin tölegsizligine;

7) bilimiň üznüksizligine we onuň derejeleriniň biri-biri bilen baglanyşykly yzygiderliligine;

8) adamyň bütin ömrüniň dowamynda bilimiň ähli derejelerinde ýokary hilli bilim almagynyň we onuň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklygynyň üpjün edilmegine;

9) bilim almagyň we okatmagyň görnüşleri, bilim edaralarynyň kysymlary, görnüşleri we eýeçiliginiň degişliligi boýunça köpdürliligine;

10) bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt döwletleriniň bilim ulgamlary bilen özara baglanyşdyrylmagyna;

11) döwlet bilim ulgamynyň dünýewi häsiýetliligine we onuň dini guramalardan aýrylygyna;

12) bilimiň durmuş ornunyň güýçlendirilmegine;

13) bilim ulgamynyň umumy ykrar edilen halkara kadalara we tejribesine laýyklykda dolandyrylmagyna;

14) bilim ulgamyny dolandyrmagyň pedagogik işgärleriň, okaýanlaryň, kämillik ýaşyna ýetmedik okaýanlaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň bilim edaralaryny dolandyrmaga gatnaşmak hukugyny üpjün etmäge esaslanýan demokratik häsiýetliligine;

15) bilim ulgamynda bäsdeşlik babatda çäklendirmelere ýa-da bäsdeşligiň aradan aýrylmagyna ýol berilmesizligine;

16) bilim ulgamynyň ýokary hünär derejeli pedagogik işgärler bilen üpjün edilmegine.

4-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleri

1. Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär.

Jyns, ýaş we saglyk ýagdaýynyň alamatlary boýunça aýry-aýry işçi hünärleri, hünärler we taýýarlyk ugurlary, şeýle hem okatmagyň görnüşleri boýunça bilim almak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan çäklendirmeler bellenilip bilner.

2. Döwlet bilim almak üçin, bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly, Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýär.

3. Döwlet Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet bilim edaralarynda umumy orta bilimiň hökmanylygyny we tölegsizligini kepillendirýär, şeýle hem hünär biliminiň elýeterliligini olaryň ukyplaryna baglylykda üpjün edýär.

4. Durmuş taýdan goldawa mätäç Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, olaryň bilim alýan döwründe üpjünçiligi bilen bagly harajatlary döwlet öz üstüne alýar. Döwlet tarapyndan durmuş goldawy berilýän raýatlaryň toparlary, ony bermegiň tertibi we möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

5. Döwlet saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, ýagny beden we (ýa-da) ruhy taýdan ösüşinde ýetmezçiligi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna umumy kysymdaky bilim edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almak üçin şertleri döredýär. Ýörite pedagogik çemeleşmeleriň esasynda ösüşindäki bozulmalary düzetmek we durmuş taýdan uýgunlaşmaklary üçin saglyk ýagdaýy boýunça umumy kysymdaky bilim edaralaryna gatnap bilmeýän Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almagy üçin ýörite bilim edaralary döredilýär.

6. Döwlet okuw we ylmy-barlag işleriniň, ylmy-tehniki we çeper döredijiligiň, bedenterbiýäniň we sportuň belli bir ugrunda intellektual ösüşiň we döredijilik ukyplarynyň ýokary derejesini görkezen Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almagyna, şol sanda daşary ýurt döwletlerinde hem okamak üçin talyp haklarynyň berilmegini goşmak bilen, ýörite döwlet talyp haklaryny bermek arkaly olara ýardam berýär.

Ýörite döwlet talyp haklaryny bermegiň ölçegleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

5-nji madda. Okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri

1. Bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýär.

2. Türkmen dili döwlet dili hökmünde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir.

Ähli umumybilim edaralary Türkmenistanyň döwlet diliniň okadylmagyny üpjün etmelidirler.

Hünär bilimi edaralary okatmagy Türkmenistanyň döwlet dilinde amala aşyrýarlar. Bilim maksatnamalarynyň maksadyndan we okuw işiniň aýratynlygyndan ugur alnyp, bu bilim edaralarynda okatmagyň esasy dili hökmünde daşary ýurt dili (dilleri) ulanylyp bilner.

3. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna özleriniň ene dilini öwrenmäge ýardam edýär.

4. Döwlet barha ösýän ählumumy durmuş, ekologik we ykdysady özara baglanyşygy göz öňünde tutup, BMG-niň resmi iş dillerini hem goşmak bilen, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmegine ýardam edýär.

Daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi umumybilim we hünär bilimleriniň maksatnamalaryna hökmany dersler hökmünde girizilýär.

5. Türkmenistanyň çäginde işleýän daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynda ýa-da olar bilen bilelikdäki bilim edaralarynda şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda, degişli daşary ýurt dili (dilleri) okatmagyň esasy dili bolup durýar.

6. Ýokary hünär bilimi edarasyna okuwa kabul edilen talyplar bilen okuw işini geçirmek üçin, olaryň zerur bolan döwlet dilini ýa-da degişli daşary ýurt dilini bilşini ýeterlik derejede kämilleşdirmek maksady bilen, bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy boýunça okuwlar guralyp bilner. Şu okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy talyplara saýlap alan bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

7. Okatmagyň esasy dili degişli daşary ýurt dili (dilleri) bolan bilim edaralarynda Türkmenistanyň döwlet dili bilim maksatnamasynyň bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýän milli bölegine girýän okuw derslerini okatmakda ulanylýar.

8. Döwlet Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, onuň çäginden daşarda ýaşaýan türkmen milletinden bolan adamlaryň ene dilinde umumy orta bilim almagyna ýardam edýär.


II BAP. BILIM ULGAMY

6-njy madda. Bilim ulgamynyň gurluşy

1. Türkmenistanyň bilim ulgamy aşakdakylary öz içine alýar:

1) döwlet bilim standartlaryny;

2) bilim maksatnamalaryny;

3) bilim edaralarynyň ulgamyny;

4) bilim babatda dolandyryşy amala aşyrýan edaralary we olar tarapyndan döredilen beýleki edaralary.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen bilim ulgamynyň gurluşyny düzýänler özleriniň kemala gelmeginde, işlemeginde we ösüşinde aşakdakylary ýerine ýetirmelidirler:

1) zähmet bazarynyň çalt üýtgäp durýan isleglerine laýyk gelmekligi;

2) dünýäniň tehnologik ösüşiniň, şäherleşmek we migrasiýa ýagdaýlarynyň, ekologik, demografik we ählumumy ösüşiň beýleki meseleleriniň göz öňünde tutulmagyny;

3) Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegini.

3. Döwlet aşakdaky ýollar arkaly bilim ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün edýär:

1) dolandyrmagyň degişli netijeli gurallaryny döretmek we kämilleşdirmek;

2) okatmagyň hili;

3) bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak;

4) aýdyň we täsirli maliýe amallary we gurallary;

5) institusional ýolbaşçylyk babatdaky çäreler.

7-nji madda. Döwlet bilim standartlary

1. Türkmenistanda bilimiň ähli derejelerinde şu aşakdakylary üpjün edýän döwlet bilim standartlary girizilýär:

1) bilim maksatnamalarynyň mazmunyna bildirilýän umumy talaplary;

2) okaýanlaryň okuw ýükleriniň aňryçäk möçberini;

3) okaýanlary taýýarlamagyň derejesine bildirilýän talaplary.

Döwlet bilim standartlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlary hem-de görnüşleri, şeýle hem bilim almagyň beýleki görnüşleri üçin hökmanydyr.

2. Hünär biliminiň döwlet bilim standartlary hünär biliminiň degişli derejelerine laýyklykda, taýýarlygyň ugurlary, hünärler we işçi hünärleri boýunça işlenip düzülýär.

3. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmagyň netijeleri:

1) degişli bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijesinde alnan bilimleriň, başarnyklaryň, düşünjeleriň we endikleriň jeminiň esasynda birikdirilip ulaldylan hünär (ders) ugrunda hünär wezipeleriniň giň toparynyň goýulmagyny we çözülmegini göz öňünde tutýar;

2) bilimiň derejesinden we berlen hünär derejesinden ugur alyp, amaly işler üçin ýeterlik bolan binýatlaýyn taýýarlygy we ylmy-barlag hem-de pedagogik işe gönükdirilen çuňlaşdyrylan we ýörite taýýarlygy üpjün edýär.

4. Hünärler boýunça okatmagyň netijeleri:

1) degişli bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijesinde alnan bilimleriň, başarnyklaryň, düşünjeleriň we endikleriň jeminiň esasynda anyk hünär (ders) babatda hünär wezipeleriniň kesgitli toparynyň goýulmagyny we çözülmegini göz öňünde tutýar;

2) alnan hünärden we berlen hünär derejesinden ugur alyp, amaly işler üçin ýeterlik bolan binýatlaýyn taýýarlygy üpjün edýär.

5. Işçi hünärleri boýunça okatmagyň netijeleri degişli bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijesinde alnan bilimleriň, başarnyklaryň, düşünjeleriň we endikleriň jeminiň, şeýle hem berlen hünär derejesiniň esasynda inçe hünär (ders) babatda zähmet wezipeleriniň belli bir görnüşleriniň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar.

6. Hünär derejesi diýlip, bilim hakyndaky resminamada görkezilýän, uçurymyň hünär işiniň belli bir görnüşini ýa-da anyk zähmet wezipelerini ýerine ýetirmäge, şeýle hem bilimini dowam etdirmäge taýýarlyk derejesine berilýän häsiýetnama düşünilýär.

7. Döwlet bilim standartlary bilim almagyň görnüşlerine garamazdan, uçurymlaryň okadylyşyna we hünär derejesine adalatly baha bermegiň esasy bolup durýar.

8. Döwlet bilim standartlary bilim babatda dünýä nazaryýetiniň we tejribesiniň öňdebaryjy innowasion gazananlaryna esaslanýar we aşakdakylary üpjün edýär:

1) Türkmenistanyň bilim giňişliginiň bitewüligini we umumybilim hem-de hünär biliminiň maksatnamalarynyň yzygiderliligini;

2) Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bilimiň klassifikasiýasynyň halkara standartynyň ýörelgelerine laýyklygyny;

3) bilimiň hiliniň ýokary derejesiniň gazanylmagyny;

4) Türkmenistanyň halkara zähmet bazaryna päsgelçiliksiz gatnaşmagy üçin, bilim maksatnamalarynyň we bilim edaralarynyň kysymlarynyň (görnüşleriniň) köpdürli bolan şertlerinde bilimiň barabarlygyny, bilim hakyndaky resminamalaryň ykrar edilmegini;

5) bilim edaralarynyň işine adalatly baha berilmegini;

6) işgärleriň hünär derejesiniň standartlarynda beýan edilen ykdysadyýetiň zerurlyklarynyň we hünär biliminiň mazmunynyň özara baglanyşyklylygyny;

7) okaýanlaryň bilime bolan isleglerini we ukyplaryny göz öňünde tutup, bilimiň degişli derejesi boýunça bilim maksatnamasynyň mazmunynyň dürli görnüşlerini, dürli çylşyrymlylyk derejesi we ugry bolan bilim maksatnamalaryny kemala getirmek mümkinçiligini.

9. Döwlet bilim standartlary şu aşakdakylara bildirilýän talaplary öz içine alýar:

1) bilim maksatnamalarynyň gurluşyna (şol sanda esasy bilim maksatnamasynyň hökmany böleginiň gönüden-göni bilim edaralary tarapyndan kemala getirilýän bölegine bolan gatnaşygyna) we olaryň möçberine;

2) bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň şertlerine, şol sanda işgärler, maliýe, maddy-tehniki we beýleki şertlere;

3) bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijelerine.

10. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli okaýanlar üçin ýörite döwlet bilim standartlary bellenilýär.

11. Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmek we tassyklamak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

8-nji madda. Bilim maksatnamalary

1. Bilim maksatnamasy — bu okuwyň mazmunynyň, möçberiniň we amala aşyrylýan wagtynyň, meýilnamalaşdyrylýan netijeleriniň jemi bolup, ol okuw meýilnamasy, senenamalaýyn okuw çyzgydy, dersler (tapgyrlar, modullar, okuwlar) boýunça okuw maksatnamalary, beýleki düzüm bölekler, şeýle hem bahalandyryş we usuly materiallar görnüşinde berilýär.

2. Türkmenistanda bilim maksatnamalary aşakdakylara bölünýär:

1) umumybilim;

2) hünär bilimi.

3. Umumybilim maksatnamalary şahsyýetiň umumy medeniýetiniň kemala getirilmegine, onuň jemgyýetdäki durmuşa uýgunlaşmagyna, umumy orta bilimiň indiki derejesinde okuwyny dowam etdirmäge, hünär biliminiň maksatnamalaryny oýlanyşykly saýlap almagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýän bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň ele alynmagyna gönükdirilendir.

Umumybilim maksatnamalaryna aşakdakylar degişlidir:

1) mekdebe çenli bilim;

2) başlangyç bilim;

3) esasy orta bilim;

4) doly orta bilim;

5) okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimi.

4. Hünär bilimi maksatnamalary anyk ugurda hünär işiniň alnyp barylmagyna we (ýa-da) anyk işçi hünärleri ýa-da hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça işiň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýän bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň ele alynmagyna gönükdirilendir.

Hünär bilimi maksatnamalaryna şu maksatnamalar degişlidir:

1) hünär-tehniki bilim;

2) orta hünär bilimi;

3) ýokary hünär bilimi;

4) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi;

5) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak.

5. Bilim edaralarynda bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletleri şu Kanun, şeýle hem degişli kysymlardaky we eýeçiligiň degişli görnüşlerindäki bilim edaralary hakynda düzgünnamalar ýa-da degişli döwlet bilim standartlary bilen kesgitlenilýär.

9-njy madda. Bilimiň derejeleri

1. Türkmenistanda bilimiň derejeleriniň toparlara bölünişi ÝUNESKO-nyň Bilimiň klassifikasiýasynyň halkara standartyna esaslanýar we bilim maksatnamalarynyň mazmunyna laýyklykda, olaryň çylşyrymlylygyna, ele alynýan bilimlere we endiklere, öňki bilim maksatnamalary babatda bellenilýän talaplara, bilim hyzmatlarynyň guralyşynyň şertlerine we berlişiniň usullaryna görä amala aşyrylýar.

2. Umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň aşakdaky derejeleri bellenilýär:

1) mekdebe çenli bilim derejesi;

2) umumy orta bilim derejeleri:

a) başlangyç bilim;

b) esasy orta bilim;

ç) doly orta bilim.

3. Hünär biliminiň maksatnamalary boýunça bilimiň aşakdaky derejeleri bellenilýär:

1) hünär-tehniki bilim derejesi;

2) orta hünär bilimi derejesi;

3) ýokary hünär bilimi derejeleri:

a) hünärmen maksatnamasy;

b) bakalawr maksatnamasy;

ç) magistr maksatnamasy;

4) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi derejesi.

10-njy madda. Bilimiň mazmunyna we hiline bildirilýän umumy talaplar

1. Bilimiň mazmuny aşakdakylary üpjün etmelidir:

1) okaýanlarda halkara derejesine laýyk gelýän umumy we hünär medeniýetiniň kemala gelmegini;

2) şahsyýetiň milli we dünýä medeniýetine goşulyşmagyny;

3) şahsyýetiň belent ruhy-ahlak sypatlarynyň kemala gelmegini;

4) her bir adamyň ukyplarynyň ösdürilmegini.

2. Bilimiň mazmuny Türkmenistanda türkmen halkynyň milli jebisliginiň gazanylmagynyň, raýatlyk, milletara we dinara asudalygynyň we ylalaşygynyň üpjün edilmeginiň maksatlaryna laýyk gelmelidir, dünýägaraýyş taýdan çemeleşmeleriň köpdürlüligini göz öňünde tutmalydyr, okaýanlaryň saýlamaga hem-de pikirlerini we garaýyşlaryny erkin beýan edip bilmäge bolan hukugyny amala aşyrmagyna ýardam bermelidir.

3. Bilim edarasyndaky bilimiň mazmuny okaýanlaryň degişli döwlet bilim standartlarynda bildirilýän talaplary gazanmaklaryny üpjün edýän bilim maksatnamalary bilen kesgitlenilýär.

4. Ýokary hilli bilim adama sagdyn we mynasyp durmuşda ýaşamaga, esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge hem-de milli we ählumumy meseleleri çözmäge mümkinçilik berýän endikleriň, gymmatlyklaryň, garaýyşlaryň we bilimleriň ösdürilmegini üpjün etmelidir.

5. Bilimiň hili şular bilen üpjün edilýär:

1) okaýanlaryň isleglerine we ukyplaryna laýyk gelýän okatmagyň innowasion usullarynyň we döwrebap bilim maksatnamalarynyň bolmagy;

2) döwrebap pedagogik çemeleşmeleri peýdalanýan we degişli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryna daýanýan ýokary hünärli, taýýarlykly, kärine höwesli pedagogik işgärleriň okatmagy;

3) okuw işine, okuw serişdesine baha bermegi özünde jemleýän okatmagyň hilini bahalandyrmak usullarynyň we ulgamlarynyň hem-de gazanylan netijeleri bahalandyrmaga mümkinçilik berýän gurallaryň bolmagy we onuň kämilleşdirilmegi.

11-nji madda. Bilim almagyň we okatmagyň görnüşleri

1. Bilim maksatnamalary okaýanlaryň isleglerine we mümkinçiliklerine görä, bilim almagyň görnüşleri — bilim edarasynda okamak, özbaşdak bilim almak, eksternat arkaly özleşdirilip bilner.

2. Umumybilim ýa-da hünär bilimi maksatnamalarynyň çäklerinde bilim almagyň ähli görnüşleri üçin bitewi döwlet bilim standartlary hereket edýär.

3. Bilim edaralarynda okatmagyň gündizki (gündizki, önümçilikden aýrylmak şertinde), gündizki-gaýybana (okuwyň iş wagtyndan başga wagtlarda okalmagy bilen, önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) we gaýybana (önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) görnüşleri ulanylýar.

4. Umumybilim maksatnamalary üçin okatmagyň gündizki görnüşi bellenilýär.

5. Okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri göz öňünde tutulmaýan işçi hünärleriniň, taýýarlygyň ugurlarynyň we hünärleriň sanawlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

6. Özbaşdak we eksternat arkaly bilim almagyň şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

12-nji madda. Okaýanlaryň toparlary

Okaýanlara bilim maksatnamasyna, okatmagyň görnüşine, bilim edarasynda bolmagyň düzgünine görä aşakdakylar degişlidirler:

1) terbiýelenýänler — mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalar hem-de şol bir wagtda bilim edarasynda ýaşamagy ýa-da bolmagy bilen umumybilim maksatnamasyny özleşdirýän çagalar;

2) okuwçylar — başlangyç, esasy orta we doly orta bilim, şeýle hem mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalaryny, şonuň ýaly-da umumybilim edaralarynda hünär-tehniki bilim (hünär taýýarlygy) maksatnamasyny özleşdirýän çagalar;

3) talyplar — orta hünär, ýokary hünär, şeýle hem hünär-tehniki bilimiň (başlangyç hünär bilimi) bilim maksatnamalaryny özleşdirýän adamlar;

4) diňleýjiler — işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we gaýtadan taýýarlamagyň, şeýle hem hünär-tehniki bilimiň (hünär taýýarlygy) bilim maksatnamalaryny özleşdirýän adamlar;

5) eksternler — umumybilim maksatnamalary boýunça sepgit we (ýa-da) jemleýji döwlet synagyndan geçmek üçin umumybilim edarasyna kabul edilen adamlar.


III BAP. BILIM EDARALARYNYŇ ULGAMY

13-nji madda. Bilim edaralary

1. Bilim edarasy okaýanlar üçin bir ýa-da birnäçe bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem olaryň terbiýelenmegini göz öňünde tutýan we bilim işini amala aşyrýan edara bolup durýar.

2. Bilim edarasy ýuridik şahs bolup durýar.

3. Türkmenistanyň eýeçilik hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda, bilim edaralary döwlet, hususy we eýeçiligiň gaýry görnüşinde bolup bilerler.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň esasyny döwlet bilim edaralary düzýärler.

4. Türkmenistanyň bilim hakyndaky kanunçylygy eýeçiliginiň görnüşine we tabynlygyna garamazdan, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bilim edaralarynyň ählisine degişlidir.

5. Şu aşakdaky kysymlardaky edaralar bilim edaralaryna degişlidir:

1) mekdebe çenli çagalar edaralary;

2) umumybilim edaralary;

3) hünär-tehniki bilim edaralary;

4) orta hünär bilimi edaralary;

5) ýokary hünär bilimi edaralary;

6) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi edaralary;

7) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralar;

8) saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edaralary;

9) ýetim çagalar we ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar üçin ýörite bilim edaralary;

10) okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary;

11) bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralar.

6. Bilim edaralarynyň işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan degişli kysymlardaky we eýeçiligiň degişli görnüşlerindäki bilim edaralary hakyndaky düzgünnamalar we olaryň esasynda işlenip taýýarlanylýan bilim edaralarynyň tertipnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralar üçin işgärleri taýýarlamak boýunça bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän bilim edaralarynyň işi, şeýle hem bu bilim edaralaryna Türkmenistanyň raýatlaryny okuwa kabul etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalar we olaryň esasynda işlenip taýýarlanylýan bilim edaralarynyň tertipnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

Bilim edarasynyň tertipnamasynyň gurluşy, ony tassyklamagyň we bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

7. Bilim edarasynyň hukuk ýagdaýy (kysymy, görnüşi, eýeçiliginiň görnüşi) onuň esaslandyryjysy tarapyndan bellenilýär.

8. Bilimi ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, bilim edaralarynyň bilim birleşiklerini (toplumlaryny) döretmäge hukugy bardyr, şol sanda:

1) umumybilim edarasynyň we mekdebe çenli çagalar edarasynyň binýadynda okuw toplumyny;

2) umumybilim edarasynyň, mekdebe çenli çagalar edarasynyň, şeýle hem okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim edarasynyň binýadynda okuw-terbiýeçilik toplumyny;

3) pedagogik ugurly ýokary (orta) hünär bilimi edarasynyň, umumybilim edarasynyň we (ýa-da) mekdebe çenli çagalar edarasynyň binýadynda pedagogik birleşigini;

4) orta hünär bilimi edarasynyň we degişli pudaklaýyn kärhananyň (guramanyň, edaranyň) binýadynda okuw-önümçilik toplumyny;

5) ýokary hünär bilimi edarasynyň, degişli ylmy ugurly ylmy edaranyň we degişli pudaklaýyn kärhananyň (guramanyň, edaranyň) binýadynda ylmy-innowasion birleşigi.

Bilim birleşiklerini (toplumlaryny) döretmegiň we olaryň işiniň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

14-nji madda. Bilim edaralarynyň esaslandyryjylary we olary döretmegiň şertleri

1. Aşakdakylar bilim edaralaryny esaslandyryjylar bolup bilerler:

1) döwlet häkimiýet edaralary;

2) ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

3) Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary;

4) Türkmenistanyň çäginde bellige alnan jemgyýetçilik birleşikleri;

5) Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary.

2. Bilim edarasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär.

3. Harby we hukuk goraýjy edaralar üçin işgärleri taýýarlamak boýunça bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän ähli kysymlardaky we görnüşlerdäki bilim edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döredilýär.

4. Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralary ýa-da olar bilen bilelikdäki bilim edaralary şu Kanuna, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda döredilip bilner.

5. Esaslandyryjy bilen bilim edarasynyň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, olaryň arasynda baglaşylan şertnama bilen kesgitlenilýär.

Esaslandyryjy üýtgedilip guralan halatynda onuň hukuklary degişli hukuk oruntutarlaryna geçýär.

6. Bilim edarasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, üýtgedilip guralyp ýa-da ýatyrylyp bilner.

15-nji madda. Bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertleri

1. Bilim edaralary döwlet bilim standartlary tarapyndan kesgitlenilýän bilim işini amala aşyrmaga bildirilýän bitewi talaplara laýyklykda hereket edýärler.

Bilim edaralary görkezilen talaplary berjaý etmek maksady bilen, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi ygtyýarlylandyrmak, bilimiň hiline döwlet gözegçiligi we bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçýärler.

2. Döwlet bilim edaralary «Kärhanalar hakynda» we «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarnamasyz amala aşyrýarlar.

Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň bilim işini bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, berilýän ygtyýarnamanyň bolan halatynda alyp barmaga hukugy bardyr.

3. Bilimiň hiline döwlet gözegçiligi bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan uçurymlaryň jemleýji döwlet synaglaryny‚ pedagogik işgärleriň we dolandyryş işgärleriniň hünär synagyny, gönüden-göni bilim edarasyny hünär synagyndan geçirmek‚ şeýle hem okaýanlaryň meýilnama boýunça we meýilnamadan daşary taýýarlygynyň mazmunyny we hilini‚ olaryň bilim edaralarynda durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalaryna laýyklygyny barlamak arkaly amala aşyrylýar.

4. Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy bilim edarasynyň (mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başgasynyň) hukuk ýagdaýyny, şeýle hem okaýanlaryň taýýarlanyşynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyny tassyklaýar we bu işler bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy döwlet bilim edaralarynyň başlangyjy boýunça we olaryň arzalary esasynda amala aşyrylýar.

Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hökmanydyr we ol öz uçurymlaryna degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamalary gowşurmak hukugyny berýär.

5. Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmagyň, bilimiň hiline döwlet gözegçiliginiň, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

6. Bilim edarasy hakyndaky maglumat Internet ulgamynyň milli böleginde ýerleşdirilýär.

16-njy madda. Bilim edarasynda bilim işiniň guralyşyna bildirilýän umumy talaplar

1. Bilim edarasynda bilim işiniň guralyşy okuw meýilnamasy, dersler (tapgyrlar, modullar, okuwlar) boýunça okuw maksatnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.

2. Bilim edaralary bilim işini guranlarynda bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary, elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanýarlar.

3. Bilim tehnologiýalary kemala getirilmegi innowasion usullara we sanly ulgamlara, şeýle hem okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklarynyň şertlerine esaslanýan bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň we okuw işiniň guralyşynyň gurallary bilen häsiýetlendirilýär.

4. Bilim işi guralanda, bilim edarasy dürli görnüşli bilim tehnologiýalaryny, şol sanda bilim bermek işine gatnaşýanlaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň döremegi bilen baglylykda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary doly möçberde ulanmak mümkinçiliginiň bolmadyk ýagdaýynda, bilim tehnologiýalarynyň dürli görnüşlerini utgaşdyryp biler.

5. Dürli bilim tehnologiýalarynyň çäklerinde geçirilýän okuw dersleri okuw otaglarynda (synp otaglarynda) geçirilýän okuw sapaklar, şeýle hem özbaşdak işler üçin hem deňdir.

6. Bilim tehnologiýalary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan ylmy-usulyýet seljerişinden we ulanyş synagyndan geçirilýär hem-de degişli bilim edaralarynda ulanmak we ýaýratmak üçin hödürlenilýär.

7. Bilim edarasy okuw işiniň dowamynda bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenip düzülýän bahalar ulgamyny we okaýanlaryň synaglarynyň görnüşlerini peýdalanýar.

8. Bakalawr we magistr bilim maksatnamalary üçin ýokary hünär biliminde hasap birlikleriniň ulgamy (kredit ulgamy), hünärmen bilim maksatnamalary üçin sagatlaýyn ulgam ulanylýar, zerur bolan halatynda hasap birlikleriniň ulgamyna (kredit ulgamyna) geçirilýär.

9. Doly orta bilim derejesiniň we hünär bilimi derejesiniň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okaýanlaryň hökmany jemleýji döwlet synagyndan geçirilmegi we degişli bilim hakynda resminamanyň berilmegi bilen tamamlanýar.

10. Başlangyç bilim we esasy orta bilim derejeleriniň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okaýanlaryň sepgit synagy bilen tamamlanýar.

11. Bilim edarasynda tertip-düzgün okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň mertebesine hormat goýmak esasynda saklanylýar. Okaýanlara we pedagogik işgärlerе fiziki we psihiki zorluk usullarynyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

12. Bilim edarasy okaýanlaryň bilim maksatnamalaryny özleşdirmekleriniň netijeleriniň şahsy hasaba alynmagyny ýöredýär‚ şeýle hem bu netijeler baradaky maglumatlary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde arhiwlerde kagyz we elektron göterijilerde saklaýar.

13. Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagy bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanan tertipde kesgitlenilýär.

17-nji madda. Elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi

1. Elektron okuw arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek aşakdakylara esaslanýar:

1) maglumatlar binýadynda saklanýan we bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende ulanylýan maglumata;

2) maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän maglumat tehnologiýalaryna we tehniki serişdelere;

3) görkezilen maglumatyň aragatnaşyk ýollary arkaly geçirilmegini hem-de okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň arasynda zerur bolan (talap edilýän) özara gatnaşyklary üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa ulgamlaryna.

Elektron okuw arkaly bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende, bilim edarasy okaýanlara, pedagogik işgärlere, okuw-kömekçi işgärlere we dolandyryş işgärlerine aşakdakylary öz içine alýan elektron okuw-usulyýet toplumynyň elýeterliligini üpjün edýär:

1) bilim maksatnamasynyň okuw meýilnamasyny;

2) okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasyny;

3) dersleriň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalaryny;

4) elektron görnüşde elýeterli bolan we dersiň (tapgyryň, modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyna laýyklykda, işleriň ähli görnüşlerini üpjün edýän bilim maglumatlarynyň toplumyny;

5) maglumatyň özleşdirilişiniň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin serişdeleri;

6) dersiň (tapgyryň, modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyny öwrenmek boýunça okaýanlara usuly maslahatlary.

2. Uzak aralykly bilim tehnologiýalary diýlip, uzak aralykdan okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryny üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa torlaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we okuw işini guramagyň gurallaryna düşünilýär.

Uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda, bilim edarasy okaýanlara aşakdakylaryň elýeterliligini üpjün edýär:

1) elektron okuw-usulyýet toplumynyň;

2) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň toplumynyň;

3) degişli tehnologik serişdeleriň.

Elýeterli edilmeli ýokarda görkezilen düzüm bölekleri okaýanlaryň uzak aralykdan pedagogik, okuw-kömekçi we dolandyryş işgärleri bilen, şeýle hem öz aralarynda özara gatnaşyklary guramaklary üçin zerurdyr we ýeterlikdir.

3. Bilim edarasynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okatmaga başlamak üçin aşakdakylaryň bolmagy hökmany şertdir:

1) her bir bilim maksatnamasy boýunça okuw meýilnamarynyň dersleriniň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalarynyň ählisi boýunça elektron okuw-usulyýet toplumlarynyň;

2) elektron kitaphananyň;

3) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň;

4) maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň;

5) tehnologik serişdeleriň.

4. Bilim edarasy tarapyndan elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda pedagogik işgärleriň, okuw-kömekçi işgärleriň we dolandyryş işgärleriniň gaýtadan taýýarlanylmagy hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy arkaly olaryň taýýarlygynyň degişli derejesini üpjün edýär.

5. Bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda bilim edarasynyň şu maddanyň düzgünlerini hasaba alyp, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda, elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmaga hukugy bardyr.

18-nji madda. Türkmenistanyň bilim edaralaryna okuwa kabul etmäge bildirilýän umumy talaplar

1. Türkmenistanyň bilim edaralaryna okuwa kabul etmäge bildirilýän umumy talaplar şu Kanun, degişli kysymdaky we eýeçiligiň degişli görnüşindäki bilim edaralary hakynda düzgünnamalar, şeýle hem olaryň tertipnamalary bilen kesgitlenilýär.

2. Bilim edarasy raýaty kabul edende ony we (ýa-da) onuň ata-enesini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary bilim edarasynyň tertipnamasy, bilim işini alyp barmaga we degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamany bermäge hukuk berýän rugsat beriji resminamalar‚ bu bilim edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary we bilim işini guramagy düzgünleşdirýän beýleki resminamalar bilen tanyşdyrmaga, şol sanda bilim edarasynyň Internet torundaky resmi saýtynyň üsti bilen tanyşdyrmaga, borçludyr.

3. Döwlet Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan we bellenen ýaşyna görä şeýle hukugy bolan ähli çagalara mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

4. Çagalary mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralaryna kabul etmek ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arzalary esasynda we bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

5. Hünär bilimini almak üçin döwlet bilim edaralaryna okuwa kabul etmek arzalar boýunça bäsleşik esasynda amala aşyrylýar. Bäsleşigiň şertleri adamyň bilim almaga bolan hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegini we adamlaryň arasyndan degişli hünär biliminiň maksatnamasyny özleşdirmäge has ukyply we taýýarlykly bolanlarynyň kabul edilmegini üpjün etmelidir.

6. Döwlet orta we ýokary hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan talyplary okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Ykdysadyýetiň pudaklarynda işgärleriň hünär derejesini ösdürmek we olary wezipede ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle hem ykdysadyýetiň telekeçilik bölegini hünärli işgärler bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň işleýän raýatlaryna aşakdaky mümkinçilikler berilýär:

1) olaryň önümçilik işi bilen bagly bolan hünärler (taýýarlygyň ugurlary) boýunça önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen orta hünär we ýokary hünär bilimini almagyna;

2) orta hünär bilimi hakynda diplomynyň bolan ýagdaýynda, ugurdaş hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça okuwyny ýokary hünär bilimi edaralarynda gysgaldylan maksatnama esasynda dowam etmegine.

8. Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralaryna Türkmenistanyň az ilatly, barmasy kyn we uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlarynyň hataryndan okuwa kabul etmek maksatlaýyn taýýarlamak esasynda amala aşyrylyp bilner. Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň kärhanalary we guramalary maksatlaýyn taýýarlygyň sargytçylary bolup durýarlar.

Maksatlaýyn taýýarlamak taraplary Türkmenistanyň raýaty we onuň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar, sargytçy, hünär bilim edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bolup durýan şertnama bilen resmileşdirilýär.

Şertnamanyň nusgasy bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär we tassyklanylýar.

Şertnamada aşakdakylar hökmany suratda göz öňünde tutulýar:

1) talyp hakyny goşmak bilen, okuwy maliýeleşdirmegiň şertleri;

2) bilim edarasyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň raýatynyň şertnamada kesgitlenen möhletiň dowamynda degişli önümçilikde işlemek baradaky borçnamasy;

3) şertnamanyň şertleriniň, şol sanda maliýe şertleriniň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda taraplaryň jogapkärçiligi.

9. Okuwa girýänlerden belli bir döredijilik ukyplarynyň‚ beden we (ýa-da) ruhy häsiýetleriň bolmagyny talap edýän hünärler we (ýa-da) taýýarlygyň ugurlary boýunça okuwa kabul edilende döwlet orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň bäsleşik geçirilende netijeleri umumybilim derslerinden geçirilýän giriş synaglarynyň netijeleri bilen bir hatarda göz öňünde tutulýan goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglary geçirmäge hukugy bardyr.

Okuwa kabul edilende goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglar geçirilip bilinjek taýýarlyk ugurlarynyň (hünärleriň) sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Okuwy Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna girmegi we döwlet syrlaryny düzýän maglumatlara ygtyýarynyň bolmagy bilen baglanyşykly döwlet orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň goşmaça synaglarynyň we olara kabul etmegiň şertleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

10. Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary döwlet hünär bilimi edaralaryna şu aşakdaky şertlerde kabul edilýär:

1) altyn medal bilen sylaglananlar — döwlet (I orun) we halkara (ýeňiji) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) giriş synaglaryna gatnaşmazdan; orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan;

2) kümüş medal bilen sylaglananlar — döwlet (I ýa-da II orun) we halkara (gatnaşyjy) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli ders boýunça bir giriş synagyny üstünlikli (ýokary baha ýa-da ýokary bal) tabşyran ýagdaýynda; orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan;

3) bürünç medal bilen sylaglananlar — döwlet (ýeňiji) we halkara (gatnaşyjy) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli ders boýunça iki giriş synagyny üstünlikli (ýokary baha ýa-da ýokary bal) tabşyran ýagdaýynda; orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan.

11. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýär:

1) ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar;

2) maýyplygy bolan çagalar, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolan adamlar;

3) harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalary;

4) şu maddanyň onunjy böleginiň şertlerini ýerine ýetirmedik, umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary;

5) köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolan çagalar.

12. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýarlar:

1) okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary;

2) taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri;

3) taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri;

4) III topar maýyplygy bolan adamlar;

5) çagyryş boýunça harby gullugy geçen adamlar;

6) saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan adamlar.

13. Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň ähli kysymlaryna okuwa kabul etmek şu Kanunyň düzgünlerine we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda döredilýän daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralaryna we olar bilen bilelikde döredilýän bilim edaralaryna okuwa kabul etmek şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

14. Orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi edaralarynyň giriş synaglaryna goýberilen, Türkmenistanyň işleýän raýatyna öz islegi boýunça‚ bilim edaralarynyň ýerleşýän ýerine we yzyna gaýdylýan wagty hasaba almazdan, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, on we on bäş senenama gününe çenli zähmet haky tölenmeýän rugsat berilýär.

19-njy madda. Ýörite bilim edaralary

1. Ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar üçin doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan ýörite bilim edaralary döredilýär. Döwlet maşgala kysymdaky çagalar öýleriniň döredilmegine hem-de olaryň işine ýardam edýär we goldaw berýär.

2. Saglyk ýagdaýy boýunça umumy kysymdaky bilim edaralaryna gatnap bilmeýän, uzak möhletli bejergä mätäç bolan, beden we akyl taýdan ösüşinde ýetmezçilikleri bolan çagalar üçin ýörite bilim edaralary döredilýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen ýörite bilim edaralarynyň işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan olar hakyndaky düzgünnamalar bilen düzgünleşdirilýär.


IV BAP. UMUMYBILIM MAKSATNAMALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI

20-nji madda. Mekdebe çenli bilim

1. Mekdebe çenli bilim çaganyň şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan ösüşiniň esaslarynyň kemala getirilmegini, onuň milli we umumadamzat ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrylmagyny, onda ukyplaryň we zehiniň ýüze çykarylmagyny hem-de ösdürilmegini üpjün edýän irki çagalyk döwründe okadylmagynyň we terbiýelenmeginiň maksatlaryna hyzmat edýär.

2. Mekdebe çenli bilim bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalara degişli bolup, ol aşakdaky bilim maksatnamalaryny öz içine alýar:

1) mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşi we okuwy (bir ýaşdan bäş ýaşa çenli);

2) mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak (bäş ýaşdan alty ýaşa çenli).

3. Mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşiniň we okuwynyň bilim maksatnamalary görmek we eşitmek arkaly kabul etmäge hem-de dil gurşawyna daýanyp, okuw gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Bu maksatnamalaryň binýatlyk düzüm bölekleri aşakdakylardyr:

1) gepleşik sözleýşini ele almak we ony gürrüňdeşlikde aňly-başly ulanmak;

2) çagalarda iri we ownuk hereketleriň utgaşdyrylmagyny ösdürmek maksady bilen, hereketli oýunlar üçin mümkinçilikleri durmuşa geçirmek;

3) çagalaryň şahsy gigiýenanyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny ele almagyny gazanmak.

Mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşiniň we okuwynyň bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi pedagogik işgärleriň gözegçiliginde we olaryň çagalar bilen interaktiw özara hereket etmeginde amala aşyrylýar.

4. Çagalaryň biri-birleri we (ýa-da) pedagogik işgärler bilen interaktiw özara hereket etmeginde durmuşa geçirilýän mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamagyň bilim maksatnamalary aşakdakylara gönükdirilendir:

1) çagalarda gepleşik sözleýşiniň endiklerini we durmuş endiklerini kämilleşdirmäge;

2) çagalarda başlangyç logiki pikirlenmäni we pikirini delillendirmegi we pikirlenmek arkaly gürrüňdeşlik etmegi başarmagy ösdürmäge;

3) elipbiý we matematiki düşünjeler bilen tanyşdyrmaga;

4) daşky dünýä we daşky gurşaw bilen tanyşdyrmaga;

5) iri hereketleri (oýunlaryň we beýleki hereketleriň üsti bilen beden maşklary) ösdürmäge.

Çagalaryň arasynda durmuş gatnaşyklary boýunça şertleri döretmek we olaryň endiklerini, özbaşdaklygyny we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek üçin okatmagyň görnüşi hökmünde oýun görnüşindäki sapaklar ulanylýar.

5. Mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak hökmany bolup, ol mekdebe çenli çagalar, umumybilim ýa-da beýleki bilim edaralarynda, kadadan çykma hökmünde, maşgalada bir okuw ýylyndan az bolmadyk möhletiň dowamynda amala aşyrylýar.

6. Mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamagyň hili degişli bilim maksatnamasy boýunça sapaklary geçirmäge taýýarlanan pedagogik işgärler tarapyndan üpjün edilýär.

7. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe öýde taýýarlaýan maşgalalaryň işini guraýarlar we olara berilýän usulyýet hem-de maslahat kömeklerini utgaşdyrýarlar.

8. Mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemek we okatmak üçin maşgalalara kömek hökmünde Türkmenistanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ulgamy hereket edýär.

Işleýiş şertlerine baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň: çagalar bakjasy, çagalar bakja-bagy, çagalar bagy we beýleki görnüşleri bolup biler.

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary pudak tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli mekdebe çenli çagalar edaralaryna usuly ýolbaşçylygy we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýarlar.

21-nji madda. Başlangyç bilim

1. Başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň bilim işinde şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, nazary pikirlenmegiň tärlerini, özüňe gözegçilik etmegiň iň ýönekeý endiklerini, özüňi alyp barmagyň hem-de sözleýiş medeniýetini, şahsy gigiýenanyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny ele almagyna gönükdirilendir.

2. Başlangyç bilim hökmanydyr.

3. Başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary boýunça umumybilim edarasyna okuwa girýän ýylynda 6 ýaşyny doldurýan çagalar okadylyp başlanýar.

4. Başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti dört okuw ýylyndan az bolmadyk möhlete deňdir.

5. Başlangyç bilim şu aşakdaky umumybilim edaralarynyň görnüşleriniň birinde: umumybilim berýän mekdepde, umumybilim berýän mekdep-internatynda, ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepde (ugruň görkezilmegi bilen), umumybilim berýän mekdep-gimnaziýasynda (okatmagyň ugruna degişli dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, barlag-gözleg işlerine, döredijilige höweslendirmek, goşmaça bilim hyzmatlarynyň giň toplumy) we beýlekilerde alnyp bilner.

6. Başlangyç bilim derejesinde toplumlaýyn çemeleşmegiň esasynda okuw işiniň guralmagy we okuwçylaryň topary (okuw synpy) üçin jogapkärçilik anyk pedagogik işgäriň üstüne ýüklenilýär. Şol bir wagtyň özünde okuw synpynda ýöriteleşdirilen dersler boýunça okuw sapaklaryny okatmak üçin beýleki pedagogik işgärler hem çekilip bilner.

7. Başlangyç bilim sepgit synagy bilen tamamlanýar, gazanylan oňyn netije okuwçylara esasy orta bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

22-nji madda. Esasy orta bilim

1. Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçylarda ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almak; onuň höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmak; ýokary ahlakly dünýägaraýşy, gözellik duýgusyny we sagdyn durmuş ýörelgesine ymtylmagyny, şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini emele getirmek we ösdürmek arkaly şahsyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçylarda durmuşda öz ornuňy tapmak ukyplarynyň ösdürilmegine we oýlanyşykly hünär saýlap bilmek başarnygynyň emele getirilmegine gönükdirilendir.

2. Esasy orta bilim hökmanydyr.

3. Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary boýunça başlangyç bilimi bolan çagalar okadylyp başlanýar.

4. Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti kada görä — alty okuw ýylyna çenli, şunlukda, umumybilim edarasynda okuwyň dowamlylygy başlangyç bilimi hasaba almak bilen, jemi on okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar.

5. Esasy orta bilim umumybilim edaralarynyň şu görnüşleriniň birinde: umumybilim berýän mekdepde, umumybilim berýän mekdep-internatynda, ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepde (ugruň görkezilmegi bilen), umumybilim berýän mekdep-gimnaziýasynda (okatmagyň ugruna degişli dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, barlag-gözleg işlerine, döredijilige höweslendirmek, goşmaça bilim hyzmatlarynyň giň toplumy) we beýlekilerde alnyp bilner.

6. Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary meseleleriň giň toplumy boýunça nazaryýet düşünjelerini düşündirmek arkaly anyk derslere gönükdirilen okuw meýilnamasy boýunça amala aşyrylýar.

Okuw synpynda okuwlar bir ýa-da ondan hem köp ýörite dersler boýunça pedagogik taýýarlygy bolan birnäçe pedagogik işgärler tarapyndan alnyp barylýar.

7. Esasy orta bilim sepgit synagy bilen tamamlanýar, gazanylan oňyn netije okuwçylara, hödürlenen ugurlary hasaba almak bilen, doly orta bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

23-nji madda. Doly orta bilim

1. Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň akyl ýetirijilik gyzyklanmalarynyň we döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine; bilimiň mazmunynyň ugurlara gönükdirilenliginiň, differensirlenenliginiň, hünärlere ugrukdyrylanlygynyň esasynda özbaşdak bilim işi endikleriniň emele getirilmegine; okuwçyny jemgyýetde ýaşamaga, durmuşda öz ýoluny özbaşdak saýlap we zähmet işine başlap bilmegine taýýarlamaga gönükdirilendir.

Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary has differensirlenen we okuwçylary hünär bilimi maksatnamalaryny özleşdirmäge taýýarlamak üçin mümkinçilikleriň we ugurlaryň has giň toplumyny berýän dersleriň ýöriteleşdirilip we çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine gönükdirilendir.

2. Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary boýunça okatmak okuwçynyň öz gyzyklanmalary, meýilleri we ukyplary esasynda saýlanyp alynýan, şeýle hem esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň jemleri boýunça umumybilim edarasynyň hödürnamasy esasynda şu Kanunyň 24-nji maddasynda görkezilen ugurlaryň biri boýunça amala aşyrylýar.

3. Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary boýunça esasy orta bilimi bolan çagalar okadylyp başlanýar.

4. Doly orta bilim hökmany bolup, ol umumybilim edaralarynyň şu görnüşleriniň birinde: umumybilim berýän mekdepde, umumybilim berýän mekdep-internatynda, ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepde (ugruň görkezilmegi bilen), umumybilim berýän mekdep-gimnaziýasynda (okatmagyň ugruna degişli dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, barlag-gözleg işlerine, döredijilige höweslendirmek, goşmaça bilim hyzmatlarynyň giň toplumy) we beýlekilerde alnyp bilner.

5. Umumybilim edaralarynda doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti iki okuw ýylyna, başlangyç we esasy orta bilim derejelerini hasaba almak bilen, on iki okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar.

6. Umumybilim edaralarynda doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi jemleýji döwlet synagy we okuwça okuwyny hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça dowam etmäge mümkinçilik berýän umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň berilmegi bilen tamamlanýar.

Umumybilim edaralarynyň tutuş okuw döwründe okuwda, döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen uçurymlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnama laýyklykda, altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanýarlar.

7. Doly orta bilim derejesinde okuwçylar şu Kanunyň 26-njy maddasyna laýyklykda, hünär taýýarlygyny geçýärler.

8. Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalaryny öz wagtynda özleşdirmedik raýatlary umumy orta bilim hakynda resminamany almak üçin, ony düzgünnamasy bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan eksternat ulgamy arkaly tamamlap bilerler.

24-nji madda. Umumybilim edaralarynda ugur boýunça okuwlar

1. Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalarynyň mazmuny okuwyň ugurlaşdyrylmagy, ýagny bilim maksatnamalarynyň bilimleriň anyk ugurlaryna, ugur boýunca okuwyň netijelerine bildirilýän talaplara gönükdirilmegi esasynda kesgitlenilýär.

Ugur boýunça okuwlar ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepde we umumybilim berýän mekdep-gimnaziýasynda okuwlaryň tutuş döwrüne degişli edilip bilner.

2. Ugur boýunça okuwlar hünär bilimi edaralarynda mazmun taýdan bilim işiniň netijeli guralmagyna we bilim maksatnamalarynyň ýokary hilli özleşdirilmegine ýardam berýän okuw dersleriniň umumybilim maksatnamalaryna girizilmegini göz öňünde tutýar.

3. Ugur boýunça okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça emele getirilýär:

1) takyk ylymlar;

2) tebigy bilimler;

3) ynsanperwer-durmuş bilimleri;

4) tebigy bilimler we takyk ylymlar.

Ugur boýunça okuwlaryň görkezilen sanawy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň bilimleriň ol ýa-da beýleki ugurlary we işiň çygyrlary boýunça hünärli işgärlere bolan zerurlygynyň çaklamalaryndan ugur alnyp giňeldilip bilner.

4. «Takyk ylymlar» ugry degişli okuw meýilnamasyna girizilen we okuwçylara inženerçilik-tehniki işlere, konstruktorçylyk pikirlenişe, oýlap tapyjylyga, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyna höwesiň ösdürilmegine ýardam berýän ugur dersleriniň öwredilmegine esaslanýar.

«Takyk ylymlar» ugry kesgitlenen umumybilim edaralary ýa-da olaryň okuw düzüm gurluşlary sanly we robot tehnologiýalaryny goşmak bilen, tehnologiýalary çuňlaşdyryp öwrenmäge, matematika we ýöriteleşmäniň beýleki görnüşlerine ýykgyn edip bilerler.

5. «Tebigy bilimler» ugry degişli okuw meýilnamasyna girizilen we okuwçylara tebigaty goraýşa hem-de ekologiýa ýöriteleşmek bilen bagly tebigatyň kanunlary babatda binýatlyk bilimleri almaga ýardam berýän ugur dersleriniň öwredilmegine esaslanýar.

6. «Ynsanperwer-durmuş bilimleri» ugry degişli okuw meýilnamasyna girizilen we okuwçylara taryh, medeniýet we sungat, milli miras, terbiýe, beýleki ruhy jähtler babatda bilimleri almaga ýardam berýän ugur dersleriniň öwredilmegine esaslanýar.

7. «Tebigy bilimler we takyk ylymlar» ugry degişli okuw meýilnamasyna girizilen we okuwçylara adamyň tebigatyny, onuň beden saglygyny, daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny öwrenmäge ýardam berýän ugur dersleriniň öwredilmegine esaslanýar.

8. Umumybilim edaralarynyň ugurlar boýunça ýöriteleşmesi aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:

1) umumybilim berýän mekdep-gimnaziýasynyň binýadyndaky köpugurly okuwlar Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde guralyp bilner;

2) ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdebiň binýadyndaky birugurly okuwlar Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, şeýle hem degişli şertleriň bolan halatynda, beýleki şäherlerde we etrap merkezlerinde hem guralyp bilner;

3) umumybilim berýän mekdebiň, umumybilim berýän mekdep-internatynyň binýadyndaky ugur boýunça okuwlara ýöriteleşdirilen okuw synplary şäherlerde we etrap merkezlerinde guralyp bilner;

4) umumybilim berýän mekdebiň, umumybilim berýän mekdep-internatynyň binýadyndaky ugur boýunça okuwlara ýöriteleşdirilen okuw synplarynyň düzümindäki toparlar oba ýerlerinde we okuwçy sany az mekdeplerde guralyp bilner.

Umumybilim edaralarynyň ugurlarynyň sanawy bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.

25-nji madda. Okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimi

1. Okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimi bilim ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we ol çagalaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, olaryň akyl, ahlak we beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini kanagatlandyrmaga, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, saglygyny berkitmäge, şeýle hem olaryň boş wagtlaryny guramaga gönükdirilendir.

2. Okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimi çagalaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan bilim maksatnamalarynyň üsti bilen durmuşa geçirilýär.

3. Çagalaryň dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek maksady bilen, işi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýän okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynyň: medeni-estetiki, döredijilik, tebigy-ylmy, tehniki, sport we beýleki ulgamlary döredilýär.

4. Eger beýleki ýagdaýlar bilim maksatnamasynyň aýratynlygy bilen şertlendirilmedik bolsa, onda okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmäge bilim derejesine talaplary bildirmezden, gyzyklanmalary esasynda okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim edarasynyň kysymyny, şeýle hem bilim maksatnamasynyň görnüşini meýletin saýlap almagy bilen, islendik okuwçy goýberilýär.

5. Okuwçylaryň mekdepden daşary biliminiň mazmuny we okatmagyň möhletleri okuwçylaryň mekdepden daşary bilimi babatda bilim işini alyp barýan edara tarapyndan işlenip düzülen we bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanan bilim maksatnamasynda kesgitlenilýär.

Okuwçylaryň mekdepden daşary biliminiň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okaýanlaryň jemleýji synagy we degişli resminamanyň berilmegi bilen tamamlanýar.

6. Sungat babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

Sungat babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary irki ýaşlaryndan zehinli çagalary ýüze çykarmaga, olaryň çeperçilik bilimini almagy we estetik taýdan terbiýelenmegi üçin şertleri döretmäge, olaryň sungatyň saýlanyp alnan görnüşi boýunça bilimleri, başarnyklary we endikleri, döredijilik işiniň tejribesini ele almagyna we sungat babatda hünär bilimini almaga taýýarlanmagyna gönükdirilendir.

Sungat babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmek medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyp bellän tertibinde degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmek üçin zerur döredijilik ukyplary bolan çagalary ýüze çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan seçip alyş işiniň netijeleri boýunça geçirilýär.

Sungat babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okaýanlaryň jemleýji synagy we degişli resminamanyň berilmegi bilen tamamlanýar, jemleýji synagy geçirmegiň görnüşini we tertibini bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyp, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy belleýär.

Sungat babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary okuwçylaryň goşmaça bilim edaralary bolan çagalar sungat mekdeplerinde (sungatyň görnüşleri boýunça), şeýle hem degişli orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň okuw binýatlarynda durmuşa geçirilýär.

7. Bedenterbiýe we sport babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

Bedenterbiýe we sport babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary zehinli çagalary seçip almaga, olaryň beden taýdan terbiýelenmegine, bedenterbiýe we sport (şol sanda sportuň saýlanyp alnan görnüşi) babatda başlangyç bilimleri, başarnyklary we endikleri ele almagyna we sport taýýarlygynyň tapgyrlaryny özleşdirmek üçin taýýarlamaga gönükdirilendir.

Bedenterbiýe we sport babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmek bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyp bellän tertibinde bedenterbiýe we sport babatda degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmek üçin zerur ukyplary bolan çagalary ýüze çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan seçip alyş işiniň netijeleri esasynda geçirilýär.

Bedenterbiýe we sport babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalary okuwçylaryň goşmaça bilim edaralary bolan çagalar sport mekdeplerinde, şeýle hem degişli orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň sport binýatlarynda durmuşa geçirilýär.

Bedenterbiýe we sport babatda okuwçylaryň goşmaça biliminiň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okaýanlaryň jemleýji synagy we degişli resminamanyň berilmegi bilen tamamlanýar, jemleýji synagy geçirmegiň görnüşi we tertibi bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.


V BAP. HÜNÄR BILIMI MAKSATNAMALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI

26-njy madda. Hünär-tehniki bilim

1. Hünär-tehniki bilimiň maksady jemgyýete peýdaly işleriň ähli esasy ugurlary boýunça hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlamakdan ybarat.

2. Hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň möhleti degişli işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň çylşyrymlylyk derejesine, okuw sapaklarynyň geçirilişiniň yzygiderliligine (tertibine) baglylykda, bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna (başlangyç hünär bilimi) we alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) möhlete deňdir.

3. Bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça taýýarlygy amala aşyrylýan işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň başlangyç hünär bilimi boýunça işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

Alty okuw aýyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça taýýarlygy amala aşyrylýan işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň sanawy bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň hünär taýýarlygy boýunça işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň klassifikatory bilen kesgitlenilýär.

4. Hünär-tehniki bilim bilim işini şu Kanuna we işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, amala aşyrýan, ugry bilim işi bolmadyk kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň okuw düzümlerinde, umumybilim edaralarynda, hünär-tehniki bilim edaralarynda (başlangyç hünär okuw mekdebi, liseý we beýleki görnüşli), orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem degişli hünär derejesi we ygtyýarnamasy bolan hünärmenler tarapyndan şahsy tertipde taýýarlamak görnüşinde alnyp bilner.

5. Başlangyç hünär biliminiň bilim maksatnamasy boýunça okatmak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

6. Hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň okuw meýilnamalary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

Hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlar okatmagyň gündizki, şeýle hem gündizki-gaýybana görnüşlerinde geçirilýär.

7. Umumybilim edaralary doly orta bilim derejesinde okuwçylary hünär taýýarlygy boýunça okadýarlar.

Hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamasynyň sanawy çäklerinde umumybilim edaralary ýerleşýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylýar.

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary okuwçylaryň hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamalary boýunça bilim almaklary üçin guramaçylyk-önümçilik şertlerini üpjün edýärler.

8. Hünär-tehniki bilimiň alynmagy degişli resminama bilen tassyklanylýar, bu resminama onuň eýesine berlen hünär derejesine laýyklykda, degişli hünär işini (işleri, işleriň toparyny) ýerine ýetirmäge dalaş etmäge mümkinçilik berýär.

27-nji madda. Orta hünär bilimi

1. Orta hünär bilimi şahsyýetiň hünär bilimini almaga we ony çuňlaşdyrmaga, akyl we medeni taýdan ösmäge bolan isleginiň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilip, onuň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklary üçin orta bölege degişli hünärmenleri taýýarlamak maksady bardyr.

2. Orta hünär bilimi derejesiniň bilim maksatnamalary boýunça okatmak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

3. Orta hünär bilimi orta hünär bilimi edaralarynyň dürli görnüşlerinde (orta hünär okuw mekdebi, kollej we beýlekiler), şeýle hem degişli bilim maksatnamalaryna ygtyýarnamalarynyň bolan ýagdaýynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda alnyp bilner.

4. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlar okatmagyň gündizki, gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerinde geçirilýär.

5. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça hünärler Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek raýatyň bilim edarasynda saýlan hünärine degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk iş döwrüniň we onuň iş berijisiniň hödürnamasynyň bolan şertinde amala aşyrylýar.

7. Orta hünär bilimi derejesiniň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti öwrenilýän hünäre we okatmagyň görnüşine baglylykda, iki okuw ýylyndan dört okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar. Okuwyň anyk möhleti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan degişli hünäriň okuw meýilnamasy bilen kesgitlenilýär.

8. Orta hünär biliminiň alynmagy degişli hünäri boýunça orta bölege laýyk gelýän hünär derejesiniň berlendigini görkezýän bilim hakynda resminama bilen tassyklanylýar.

9. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okuwy tamamlan bilim edaralarynyň uçurymlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna laýyklykda işe ugradylýar.

10. Orta hünär bilimi hakyndaky resminama onuň eýesine Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralaryna okuwa girmäge, şeýle hem resminamasynda görkezilen hünäre laýyk gelýän (ugurdaş) hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gysgaldylan görnüşi boýunça okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

28-nji madda. Ýokary hünär bilimi

1. Ýokary hünär bilimi derejeleriniň bilim maksatnamalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin taýýarlygyň ugurlary we hünärler boýunça ýokary hünärli işgärleriň düýpli nazaryýet we amalyýet taýdan taýýarlanylmagyny, şeýle hem şahsyýetiň akyl, medeni we ahlak taýdan ösmäge, hünär bilimini, ylmy-pedagogik hünär derejesini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýär.

2. Türkmenistanda ýokary hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli, şonuň ýaly-da bir derejeli gurluş düzümi bardyr.

3. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji derejesi (mundan beýläk — bakalawr maksatnamasy) hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

Bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

Bakalawr maksatnamasy boýunça okuwlar okatmagyň gündizki, gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerinde geçirilýär.

Bakalawr maksatnamasy boýunça okuwyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek raýatyň bilim edarasynda saýlap alan taýýarlyk ugruna degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk möhletde iş döwrüniň we onuň iş berijisiniň hödürnamasynyň bolan şertinde amala aşyrylýar.

4. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi (mundan beýläk — magistr maksatnamasy) hünär we (ýa-da) dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň dürli görnüşlerini geçirmäge we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

Magistr maksatnamasy boýunça taýýarlamak ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

Magistr maksatnamasy boýunça okuwlar, kada görä, okatmagyň gündizki görnüşinde geçirilýär. Okatmagyň gündizki-gaýybana görnüşine aşakdaky ýagdaýlarda ýol berlip bilner:

1) bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugrunyň (hünärmen maksatnamasy boýunça hünäri) we magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugrunyň gabat gelen, şeýle hem alnan ýokary bilimiň hünär derejesine baglylykda, önümçilik (pedagogik, ylmy) işiniň amala aşyrylan ýagdaýynda;

2) şu Kanunyň 47-nji maddasyna laýyklykda, bilim işine goýbermek üçin zerur bolan pedagogik ugurly magistr maksatnamasy boýunça okuwlar okalanda.

5. Okadylmagy hünärler boýunça amala aşyrylýan işgärleri (mundan beýläk — hünärmen maksatnamasy) taýýarlamagyň bir derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär bilimi hünär, pedagogik, barlag-gözleg işleriniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

Hünärmen maksatnamasy boýunça taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

Hünärmen maksatnamasy boýunça okuwlar okatmagyň gündizki, gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerinde geçirilýär.

Hünärmen maksatnamasy boýunça okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek raýatyň bilim edarasynda saýlap alan hünärine degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk möhletde iş döwrüniň we onuň iş berijisiniň hödürnamasynyň bolan şertinde amala aşyrylýar.

6. Orta hünär bilimi hakynda resminamasy bolan adamlar, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda, gysgaldylan maksatnama boýunça degişli (ugurdaş) hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça okuwyny ýokary hünär bilimi edaralarynda dowam edip bilerler.

7. Ýokary hünär biliminiň şu bilim maksatnamalary boýunça okalmagy ikinji ýokary bilimiň alynmagyna degişlidir:

1) bakalawryň diplomy, hünärmeniň diplomy ýa-da magistriň diplomy bolan adamlaryň bakalawr maksatnamasy ýa-da hünärmen maksatnamasy boýunça okamagy;

2) hünärmeniň diplomy ýa-da magistriň diplomy bolan adamlaryň magistr maksatnamasy boýunça okamagy.

Ýokary hünär bilimi hakynda resminamasy bolan adamlar degişli (ugurdaş) hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça bakalawr maksatnamasy ýa-da hünärmen maksatnamasy boýunça ikinji ýokary bilimi almak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda, gysgaldylan maksatnama boýunça okuwyny ýokary hünär bilimi edaralarynda dowam edip bilerler.

8. Ýokary hünär bilimi eýeçiligi (döwlet, hususy we beýleki), görnüşi (uniwersitet, akademiýa, konserwatoriýa, institut we beýlekiler) we ähmiýeti (umumydöwlet we sebit) boýunça dürli ýokary hünär bilimi edaralarynda (ýokary okuw mekdeplerinde) alnyp bilner.

9. Umumydöwlet ähmiýetli ýokary okuw mekdepleri (uniwersitet, akademiýa, konserwatoriýa) öz üstlerine olary bölekleýin maliýeleşdirmek we maddy-tehniki taýdan enjamlaşdyrmak ýüklenilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary we ylmy edaralary üçin hünärli işgärleri taýýarlamagy amala aşyrýarlar.

Umumydöwlet ähmiýetli ýokary okuw mekdepleri öz işlerini okatmagyň hili boýunça halkara öňdeligiň talaplaryna, ylmy barlaglaryň hiline we ylmy-barlag işläp düzmelerinden alynýan girdejilere, halkaralaşmagyň derejesine we halkara hyzmatdaşlygyna, maliýe durnuklylygyna we halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerine bildirilýän beýleki talaplara laýyklykda guraýarlar.

Sebit ähmiýetli ýokary okuw mekdepleri (institutlar) ýurdumyzyň sebitlerinde has zerur bolan köpçülikleýin hünärler (pedagogik, ykdysady, oba hojalyk, jemagat hojalygy we beýleki hünärler) boýunça hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýarlar.

10. Halkara öňdelige giren ýokary okuw mekdebine bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan özbaşdaklyk hukugy (hukuk ýagdaýy) berlip bilner, bu bolsa oňa Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamasyna laýyklykda, aýratyn-da, döwlet maliýeleşdirilişi babatda hasabatlylygyň döwlet ulgamlary bilen utgaşan ýagdaýynda, okuw, ylmy-barlag, işgärler, maliýe-hojalyk we beýleki işleri özbaşdak amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

11. Ýokary okuw mekdeplerinde şular döredilip bilner:

1) «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmy işiň we düýpli hem-de amaly barlaglaryň ugry boýunça ylmy guramalar;

2) «Innowasiýa işi hakynda» we «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, innowasiýa işini goldamak we hyzmat etmek maksady bilen, innowasiýa infrastrukturalarynyň subýektleri;

3) ýurduň ylmy kuwwatyny kemala getirmek we ösdürmek maksady bilen, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepler;

4) ylmy, pedagogik, lukmançylyk, medeniýet, önümçilik we beýleki edaralaryň binýadyndaky kafedralar, beýleki okuw düzüm gurluşlary.

Agzalan düzüm gurluşlarynyň işi esasy ylmy we pedagogik işgärleriň ýolbaşçylygynda talyplary, ýaş alymlary we mugallymlary ylmy-barlag işlerine we önümçiligiň innowasiýa usullaryny tejribede özleşdirmäge çekmek arkaly ýokary bilimli işgärleriň taýýarlanyşynyň hilini üpjün etmäge gönükdirilýär.

12. Ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça taýýarlygyň ugurlary we hünärleri Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

13. Ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletleri, aşakdakylara deňdir:

1) bakalawr maksatnamasy — dört okuw ýylyna;

2) magistr maksatnamasy — bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli;

3) hünärmen maksatnamasy — bäş okuw ýylyndan alty okuw ýylyna çenli.

Okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri boýunça okuwlaryň anyk möhletleri taýýarlygyň (hünäriň) degişli ugrunyň okuw meýilnamasy bilen kesgitlenilýär.

14. Ýokary hünär biliminiň alynmagy aşakdaky hünär derejeleriniň berlendigini görkezýän bilim hakynda resminama bilen tassyklanylýar:

1) taýýarlygyň ugruny görkezmek bilen, bakalawr derejesiniň (bakalawr maksatnamasy);

2) taýýarlygyň ugruny görkezmek bilen, magistr derejesiniň (magistr maksatnamasy);

3) hünärini görkezmek bilen, hünärmen (hünärmen maksatnamasy).

15. Ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna laýyklykda işe ugradylýar.

16. Hünärmen we magistr hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalar olaryň eýelerine ýokary okuw mekdebinden soňky bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Bakalawr hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminama onuň eýesine ýokary hünär biliminiň magistr maksatnamasy boýunça okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

29-njy madda. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi

1. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi aşakdakylary öz içine alýar:

1) Türkmenistanda üznüksiz bilim ulgamynyň ýokary derejesi hökmünde ýokary hünär derejeli ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak;

2) internaturanyň we (ýa-da) kliniki ordinaturanyň maksatnamalary boýunça ýokary hünär derejeli lukmançylyk ugurly hünärmenleri taýýarlamak.

2. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi ýokary hünär biliminiň (magistriň diplomy, hünärmeniň diplomy) binýadynda amala aşyrylýar.

3. Ýokary hünär derejeli ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak boýunça ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi ýokary hünär bilimi edaralarynda we ylmy edaralarda, şeýle hem alymlyk derejesine dalaşgärlik arkaly alnyp bilner.

4. Internaturanyň we (ýa-da) kliniki ordinaturanyň maksatnamalary boýunça ýokary hünär derejeli lukmançylyk ugurly hünärmenleri taýýarlamak babatda ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi lukmançylyk ýa-da farmasewtika işlerini amala aşyrýan bilim edaralarynda we ylmy edaralarda; düzüminde lukmançylyk ugurly bilim edaralarynyň we ylmy edaralaryň düzüm gurluşlary bolan lukmançylyk edaralarynda, şeýle hem derman serişdeleriniň önümçiligini, lukmançylyk önümlerini öndürmegi we saklamagy amala aşyrýan guramalarda, dermanhanalarda we Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramak babatda işleri amala aşyrýan beýleki guramalarda alnyp bilner.

Internatura we (ýa-da) kliniki ordinatura maksatnamasyny geçmek lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň býujet esasynda okan uçurymlary üçin — Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, tölegli esasda okan uçurymlary üçin — hususy serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

5. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

30-njy madda. Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy we olaryň gaýtadan taýýarlanylmagy

1. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak hünär bilimlerini we endiklerini çuňlaşdyrmak, ylym we tehnologiýalar babatda häzirkizaman gazanylanlary, şeýle hem halkara tejribesini göz öňünde tutup, hünär bilimlerini täzelemek, täze işçi hünärlerini, hünärleri we hünär derejelerini ele almak we olaryň hünär işiniň hem-de durmuş gurşawynyň üýtgäp durýan şertlerine laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy hünär işi üçin zerur bolan täze ygtyýarlylygyň kämilleşdirilmegine we (ýa-da) alynmagyna we (ýa-da) bar bolan hünär derejesiniň çäklerinde hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

3. Işgärleri gaýtadan taýýarlamak hünär işiniň täze görnüşini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ygtyýarlylygyň, täze hünär derejesiniň alynmagyna gönükdirilendir.

4. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň mazmuny bilim işini amala aşyrýan edara tarapyndan işlenip düzülýän we özleriniň başlangyjy boýunça işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy we gaýtadan taýýarlanylmagy amala aşyrylýan adamlaryň, guramanyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan bilim maksatnamasy bilen kesgitlenilýär.

5. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň bilim maksatnamalarynyň mazmuny şulary göz öňünde tutmalydyr:

1) degişli wezipeler, işçi hünärleri we hünärler boýunça tarif-hünär maglumatnamalarynda görkezilen hünär derejeleri boýunça talaplary;

2) Türkmenistanyň döwlet gullugy hakynda kanunçylygyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bellenilýän, wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hünär bilimlerine we endiklerine bildirilýän hünär derejeleri boýunça talaplary.

6. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň bilim maksatnamalary boýunça okatmak birwagtlaýyn, üznüksiz ýa-da tapgyrlaýyn geçmek arkaly amala aşyrylyp bilner.

7. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň görnüşleri we olary özleşdirmegiň möhletleri bilim maksatnamasynda we (ýa-da) bilim hakynda şertnamada kesgitlenilýär.

8. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi bilim işini amala aşyrýan gurama tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýän görnüşde okaýanlaryň jemleýji synagy bilen tamamlanýar.

9. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň degişli bilim maksatnamalaryny üstünlikli özleşdiren hem-de jemleýji synagdan geçen adamlara hünär derejesiniň ýokarlandyrylandygy we (ýa-da) hünär taýdan gaýtadan taýýarlanylandygy hakynda resminama berilýär.

10. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, iş beriji öz hajatlary üçin zähmet ýa-da işgärler toparynyň köpçülikleýin şertnamasy (ylalaşygy), şeýle hem işgärler tarapyndan işiň (gullugyň) degişli görnüşleriniň ýerine ýetiriliş şertleri bilen kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýan, işgärlere bolan islegi, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär.

Eger işgär hünär taýdan gaýtadan taýýarlanylandan ýa-da hünär derejesiniň ýokarlandyrylandan soňra, esassyz sebäplere görä şertnama boýunça özüniň borçlaryny ýerine ýetirmese, onda ol iş berijä bu maksatlar üçin edilen çykdajylaryň öwezini dolmaga borçludyr.

11. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem şertnamalaýyn esasda, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi babatda degişli ygtyýarnamasynyň bar bolan ýagdaýynda, ähli kysymdaky bilim edaralarynda, ylmy edaralarda we önümçilikde, beýleki guramalarda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de olary gaýtadan taýýarlamagyň maksatnamalarynyň talaplary bilen kesgitlenýän okatmagyň görnüşinde amala aşyrylyp bilner.

12. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy we olary gaýtadan taýýarlamagy guramagyň we geçirmegiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.


VI BAP. OKAÝANLARYŇ TERBIÝELENMEGI

31-nji madda. Okaýanlary terbiýelemegiň esasy düzgünleri

1. Okaýanlary terbiýelemegiň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesilde durmuş ähmiýetli iň möhüm raýatlyk häsiýetlerini we olary adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine döredijilikli işde ýüze çykarmak ukyplaryny kemala getirmekden we ösdürmekden ybaratdyr.

2. Okaýanlary terbiýelemegiň esasy ugurlaryna aşakdakylar degişlidir:

1) ruhy-ahlak terbiýesi;

2) raýat-watançylyk terbiýesi;

3) harby-watançylyk terbiýesi;

4) durmuş terbiýesi;

5) medeni-taryhy terbiýe;

6) sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýesi.

3. Okaýanlaryň ruhy-ahlak terbiýesi aşakdakylara gönükdirilen çäreleriň toplumy arkaly durmuşa geçirilýär:

1) şahsyýetiň hakyky durmuşdaky ýokary gymmatlyklara, beýik maksatlara we ugurlara, durmuş ähmiýetli amallara we wakalara göz ýetirmegine;

2) ahlak aňynyň kemala getirilmegine, ahlak duýgularynyň ösdürilmegine we ahlak taýdan özüňi alyp barmagyň endikleriniň we başarnyklarynyň emele getirilmegine;

3) türkmen halkynyň taryhy we medeni däp-dessurlaryna mahsus bolmadyk, dürli emeli şekilleri çekdirmek we beýleki kosmetiki amallar arkaly betgelşik hala getirilmedik bedeniň gözelligini terbiýelemäge;

4) alyp barýan işleri şahsyýetiň saglygyna, ahlak we ruhy ösüşine zyýan ýetirip biljek dini we beýleki guramalaryň täsirinden goramaga.

4. Okaýanlaryň raýat-watançylyk terbiýesi aşakdakylara gönükdirilen çäreleriň toplumy arkaly durmuşa geçirilýär:

1) okaýanlarda gulluk, zähmet we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Watanymyza gaýratly, jan aýaman gulluk etmegiň akyl ýetirilen zerurlygyny, dogduk mekana söýgini terbiýelemeklige;

2) okaýanlarda hukuk medeniýetiniň we kanuna tabyn bolmagyň, içki erkinligiň we döwlet häkimiýetini, döwlet nyşanlaryny hormatlamagyň, ýokary ahlaklylygyň we umumy medeniýetiň, şahsy mertebe duýgusynyň we düzgün-nyzamlylygyň kemala getirilmegine;

3) okaýanlarda milli duýgularyň we milletara gatnaşyklaryň medeniýetiniň, işjeň raýatlyk ornunyň, öz raýatlyk we konstitusion borçlaryňy ýerine ýetirmäge hemişe taýýar bolmagyň, ata-babalarymyzyň şöhratly işlerine we däp-dessurlaryna dahyllylyga buýsanjyň sazlaşykly ýüze çykarylmagyna.

5. Okaýanlaryň harby-watançylyk terbiýesi aşakdakylara gönükdirilen çäreleriň toplumy arkaly durmuşa geçirilýär:

1) okaýanlarda Watanymyzy goramak boýunça konstitusion borçlaryny akyl ýetirip berjaý etmegiň zerurlygynyň kemala getirilmegine;

2) okaýanlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda gulluk etmegiň abraýyny ýokarlandyrmaga, harby gulluga taýýarlamaga;

3) okaýanlarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine buýsanjyň, Watanymyzyň taryhyna, harby gulluga we harby lybasa hormat goýmagyň terbiýelenmegine;

4) ata-babalarymyzyň şöhratly harby däpleriniň saklanmagyna, artdyrylmagyna, Watanymyzy goranlarynda wepat bolan esgerleriň ýadygärligini ebedileşdirmäge.

6. Okaýanlaryň durmuş terbiýesi aşakdakylara gönükdirilen çäreleriň toplumy arkaly durmuşa geçirilýär:

1) halkymyzyň durmuş jebisligini pugtalandyrmaga;

2) nesilleriň umumy kabul edilen ahlak kadalaryna hormaty dowam etdirmegine;

3) maşgalanyň pugtalandyrylmagyna, çagalar, ýaşuly adamlar, aýratyn aladany we ünsi talap edýän raýatlaryň beýleki toparlary barada alada etmek isleginiň ösdürilmegine;

4) meýletinçiligiň we haýyr-sahawatyň ösdürilmegine.

7. Okaýanlaryň medeni-taryhy terbiýesi aşakdakylara gönükdirilen çäreleriň toplumy arkaly durmuşa geçirilýär:

1) Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşleri üçin taryhy, medeni däpleriň nesilden-nesle geçip saklanyp galmagyna hem hormatlanylmagyna;

2) okaýanlarda milli-medeni aňyň ösdürilmegine.

8. Okaýanlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýesi aşakdakylara gönükdirilen çäreleriň toplumy arkaly durmuşa geçirilýär:

1) bedenterbiýäniň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine;

2) köpçülikleýin sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegine.

9. Okaýanlaryň terbiýesi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, bilim ulgamynyň iňňän möhüm hem-de aýrylmaz düzüm bölegi bolan we bu ugurda alnyp barylýan ähli köptaraply işleri bir ýere jemlemäge, utgaşdyrmaga niýetlenen terbiýe ulgamy döredilýär.

10. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan çagalary we ýaşlary terbiýelemegiň döwlet maksatnamalary okaýanlaryň terbiýesi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň esasy bolup durýar.

11. Okaýanlaryň terbiýesi babatda edilýän döwlet we beýleki hyzmatlaryň maliýe üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

12. Okaýanlaryň terbiýesi babatda işleriň kadalaşdyryş-hukuk taýdan düzgünleşdirilişi Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Medeniýet hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Maşgala kodeksini we çagalaryň hem-de ýaşlaryň terbiýesi babatda meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz içine alýan kanunçylygynda kesgitlenilýär.

32-nji madda. Okaýanlaryň bilim edaralarynda terbiýelenmegi

1. Okaýanlaryň bilim edaralarynda terbiýelenmegi okuwlaryň we okuwdan daşary işleriň barşynda amala aşyrylýar.

2. Bilim edaralarynda okaýanlary terbiýelemek boýunça işleriň esasy ugurlary aşakdakylardyr:

1) milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ruhy we ahlak taýdan kämil, döredijilikli şahsyýeti kemala getirmek;

2) raýaty we watansöýüji nesli terbiýelemek;

3) öz-özüňe we beýleki adamlara, maşgala, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, beýleki milli umumylyklaryň medeniýetine hormat goýmagy terbiýelemek;

4) döredijilik endiklerini kemala getirmek;

5) şahsyýetiň durmuş ösüşini pedagogik we psihologik taýdan goldamak;

6) köpçülige dahyllylyk duýgusyny we şahsyýetara gatnaşyklaryň endiklerini ösdürmek;

7) özüňi medeniýetli alyp barmagyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň endiklerini ele almak;

8) ekologiýa medeniýetini kemala getirmek;

9) çagalaryň we ýaşlaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň psihologik-pedagogik taýdan öňüni almak;

10) türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyk gelýän estetik kabul edişi kemala getirmek.

3. Bilim edaralarynda terbiýeçilik işini pedagogik işgärler, şol sanda pedagog-psihologlar amala aşyrýarlar. Okaýanlaryň terbiýeçilik işlerine bilim edaralarynda okaýanlaryň, şeýle hem işleýänleriň jemgyýetçilik guramalary çekilip bilner.

4. Okaýanlaryň terbiýeçilik işi amala aşyrylanda pedagogik işgärler aşakdakylara borçludyrlar:

1) terbiýeçilik işini ussatlyk derejesinde amala aşyrmaga;

2) okaýanlaryň arasynda hukuk bozulmalaryny duýdurmak boýunça öňüni alyş işlerini alyp barmaga;

3) okaýanlaryň ýol berýän düzgün bozmalary barada olaryň ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara öz wagtynda habar bermäge;

4) okaýanlaryň, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmaga;

5) ruhy, ahlak we estetik taýdan özüni alyp barmakda we daşky keşbi bilen okaýanlara görelde bolmaga.

5. Okaýanlaryň terbiýeçilik işi amala aşyrylanda pedagogik işgärleriň aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) öz hukuklaryny, kanuny bähbitlerini, abraýyny we mertebesini goramaga;

2) döredijilik başlangyçlaryna, terbiýelemegiň pedagogika taýdan esaslandyrylan görnüşlerini we usullaryny erkin saýlamaga.

6. Bilim edarasy okaýanlaryň saglygyny goramak we beden taýdan kämilleşmekleri üçin şertleri döredýär. Bilim edaralarynda okuw ýükleri, naharlanmagyň şertleri, içerki düzgün-tertip we arassaçylyk kadalary döwlet standartlaryna we kadalyk ölçeglerine laýyk gelmelidir.

7. Bilim edaralarynda okaýanlaryň tertip-düzgüni adam mertebesini hormatlamak ýörelgesine esaslanýan usullaryň kömegi bilen üpjün edilýär.


VII BAP. BILIM ULGAMYNYŇ DOLANDYRYLYŞY

33-nji madda. Bilim babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;

2) bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň işiniň kadalaýyn düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;

3) bilim babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

4) adamlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini we goralmagyny üpjün edýär;

5) bilim ulgamynyň döwlet dolandyrylyşyny amala aşyrýar;

6) halkara standartlarynyň we tejribesiniň, türkmen halkynyň taryhynyň we milli özboluşlylygynyň esasynda hem-de ykdysadyýete hojalygy ýöretmegiň bazar ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly bilim özgertmeleriniň geçirilmegini guraýar;

7) bilim ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

8) bilim babatda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

9) okaýanlary terbiýelemek babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

10) bilim ulgamynyň işgärlerine, durmuş taýdan goralmaga mätäç okaýanlaryň goldawyna degişli döwlet ýaşaýyş-durmuş syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

11) pedagogika ylmyny ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;

12) bilim babatda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

34-nji madda. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary

1. Türkmenistanda bilimi dolandyrmak üçin şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen ygtyýarlyklaryň çäklerinde hereket edýän bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ulgamy döredilýär.

2. Türkmenistanda bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary aşakdakylardyr:

1) bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary mekdebe çenli we umumy orta bilim derejelerinde bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde bilim müdirliklerini we bölümlerini döredýärler.

35-nji madda. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:

1) bilim babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) bilimiň ösüşiniň geljegini we ugurlaryny, onuň mazmunyna, derejesine we möçberine bolan talaplary işläp düzýär;

3) döwlet bilim standartlaryny işläp düzýär;

4) bilim edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

5) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň bilim müdirlikleriniň we bölümleriniň guramaçylyk-usuly we okuw işini kadalaşdyrýar;

6) bilim babatda daşary ýurt döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegini we ýaýradylmagyny üpjün edýär;

7) ähli kysymlardaky bilim edaralarynyň okuw, terbiýeçilik, usulyýet we ylmy işlerini guramagyň kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalaryny işläp düzýär;

8) bilim babatda Türkmenistanyň Döwlet býujetini işläp düzmäge gatnaşýar;

9) bilimiň degişli derejesi tamamlanandan soňra, döwlet nusgasyndaky resminamalar berilýän uçurymlaryň jemleýji döwlet synaglarynyň ylmy-usulyýet üpjünçiligini amala aşyrýar;

10) bilim edaralaryna kabul etmegiň şertlerini işläp düzýär;

11) daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalaryny mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralaryna kabul etmegiň tertibini belleýär;

12) orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyny işläp düzýär we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

13) bilim edaralary hakynda düzgünnamalary işläp düzýär;

14) bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;

15) Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň bilim hakyndaky resminamalaryny ykrar etmek we olaryň barabarlygyny kesgitlemek işiniň degişli bilim edaralary bilen bilelikde geçirilmegini guraýar;

16) bilim işgärleriniň hünär synagyny geçirmegiň we hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň tertibini işläp düzýär we ony tassyklaýar;

17) okaýanlary terbiýelemek babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmegine gatnaşýar;

18) bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli gözegçiligi üpjün edýär;

19) sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak esasynda döwrebap interaktiw-multimedia programma üpjünçiliklerini peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunynyň kämilleşdirilmegine gözegçilik edýär;

20) bilim maksatly elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak, olaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça degişli işleri alyp barýar;

21) bilim babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

22) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

36-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň bilim babatda ygtyýarlyklary

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň bilim babatda ygtyýarlyklaryna aşakdakylar girýär:

1) başlangyç, esasy orta we doly orta bilimiň, şeýle hem mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamagyň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän bilim edaralarynda hökmany okadylmaga degişli çagalary hasaba almak;

2) mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň ulgamyny ösdürmek, olaryň maddy binýadyny pugtalandyrmak, hojalyk taýdan hyzmaty üpjün etmek;

3) mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň binalaryny we desgalaryny abat saklamagy, olaryň ýanaşyk çäklerini abadanlaşdyrmagy üpjün etmek;

4) maddy-tehniki we maliýe üpjünçiliginiň kadalyk ölçeglerine laýyklykda, bilim işgärlerini durmuş taýdan goramak, şeýle hem olaryň okaýanlary okatmak we terbiýelemek işleri üçin şertleri döretmek;

5) okaýanlary terbiýelemek boýunça çäreleri göz öňünde tutýan maksatnamalary tassyklamak we durmuşa geçirmek;

6) çagalary okatmagyň, terbiýelemegiň we ösdürmegiň meseleleri babatda ýaşaýan ýerleri boýunça maşgalada işleri guramak;

7) umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň naharlanmagyny guramak;

8) ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna oba ýerlerinde okuwçylaryň okaýan ýerlerine yzygiderli gatnadylmagyny üpjün etmek;

9) pedagogik işgärlere bolan zerurlygy kesgitlemek we sargytlary düzmek, maksatlaýyn taýýarlygy goşmak bilen, olaryň taýýarlanmagy üçin şertnamalary baglaşmak;

10) mekdebe çenli we umumy orta bilim derejelerine bildirilýän döwlet talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

11) hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamalary boýunça umumybilim edaralarynyň okuwçylaryny okatmak üçin guramaçylyk-önümçilik şertlerini döretmek;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

37-nji madda. Okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleri

1. Garaýyşlary erkin beýan etmegiň we bähbitleriň umumylygy netijesinde Türkmenistanyň bilim edaralarynda meýletin esaslarda okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleri döredilip bilner.

2. Okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleri aşakdaky maksatlar üçin niýetlenendir:

1) okaýanyň şahsyýetiniň ösüşiniň beden we akyl esaslaryny kemala getirmek, ony milli hem-de umumadamzat ruhy we medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrmak;

2) okaýanlarda ýokary ahlakly garaýyşlary, şahsyýetara we milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini kemala getirmek;

3) okaýanlary jemgyýetde ýaşamaga, durmuşda öz ornuny erkin saýlap almaga we zähmet işine başlamaga taýýarlamak;

4) okaýanlaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmek we ösdürmek;

5) okaýanlarda raýatyň we watansöýüjiniň iň möhüm durmuş ähmiýetli häsiýetlerini, olary jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine döredijilikli işde ýüze çykarmak ukyplaryny kemala getirmek we ösdürmek;

6) özüňe we beýleki adamlara, maşgala, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, beýleki milli umumylyklaryň medeniýetine hormat goýmagy terbiýelemek;

7) okaýanlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek;

8) okaýanlarda türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyk gelýän estetik kabul edişi kemala getirmek.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýaşy hasaba almak bilen, okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň aşakdaky ýaly guramaçylyk görnüşleri bolup biler:

1) umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň çagalar jemgyýetçilik guramasy — ýedi ýaşdan on dört ýaşa çenli;

2) umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň ýaşlar jemgyýetçilik guramasy — on dört ýaş we ondan ýokary;

3) hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň ýaşlar jemgyýetçilik guramasy — on sekiz ýaş we ondan ýokary.

4. Okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuk derejesi jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

Okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary we borçlary olaryň tertipnamalary bilen kesgitlenilýär.

38-nji madda. Bilim hakynda resminamalar

1. Umumy orta bilimiň umumybilim maksatnamalaryny üstünlikli tamamlanlara berilýän bilim hakynda resminama — umumy orta bilim hakynda şahadatnama bolup durýar.

2. Bilimiň degişli derejeleriniň hünär bilimi maksatnamalaryny üstünlikli tamamlan adamlara berilýän bilim hakyndaky resminamalar şulardan ybarat bolup durýar:

1) hünär-tehniki bilim derejesi boýunça:

a) başlangyç hünär bilimi hakynda diplom (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli);

b) hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama (okuwyň möhleti alty okuw aýyna çenli);

2) orta hünär bilimi derejesi boýunça — orta hünär bilimi hakynda diplom;

3) ýokary hünär bilimi derejesi boýunça:

a) bakalawryň diplomy (hünär derejesi — bakalawr derejesi);

b) magistriň diplomy (hünär derejesi — magistr derejesi);

ç) hünärmeniň diplomy (hünär derejesi — hünärmen);

3. Degişlilikde hünär derejesini ýokarlandyrmak hakynda şahadatnama we hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak hakynda diplom işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we gaýtadan taýýarlamagyň hünär bilimi maksatnamalaryny üstünlikli tamamlan adamlara berilýän bilim hakynda resminama bolup durýar.

4. Hünär bilimi hakynda döwlet nusgasyndaky resminamalarda görkezilen hünär biliminiň derejesi we hünär derejesi olaryň eýelerine Türkmenistanyň çäklerinde hünär işi bilen meşgullanmaga, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, bilime hökmany hünär derejesi boýunça talaplar bildirilýän anyk zähmet işi bilen meşgullanmaga ýa-da wezipeleri eýelemäge hukuk berýär.

5. Şahadatnama mekdepden daşary we goşmaça bilimiň bilim maksatnamalaryny üstünlikli tamamlan okuwçylara berilýän bilim hakynda resminama bolup durýar.

6. Bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamalar döwlet bilim edaralary, şeýle hem döwlet akkreditasiýasy bolan, eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralary tarapyndan berilýär.

Degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminama bilimiň indiki derejesiniň bilim maksatnamalary boýunça Türkmenistanyň döwlet bilim edarasynda okuwlary dowam etmegiň zerur şerti bolup durýar.

7. Bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere bilim edarasynda okandygy hakynda bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenen nusgadaky kepilnama berilýär.

Jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşmadyklar ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenler bir ýyldan az bolmadyk möhletden soňra jemleýji döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyrmaga haklydyrlar.

8. Degişli kysymdaky bilim edarasynda jemleýji döwlet synagy hakynda düzgünnama bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

9. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, umumy orta bilim almak mümkinçiligi bolmadyk we uýgunlaşdyrylan umumybilim maksatnamalary boýunça okan çagalara bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenen tertipde bilim hakynda degişli nusgadaky şahadatnama berilýär.

10. Bilim işini amala aşyrýan guramalaryň jemleýji synaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulmadyk bilim maksatnamalaryny özleşdiren adamlara, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky resminamalary bermäge hukugy bardyr.

11. Bilim hakynda resminamalaryň berilmegi üçin töleg alynmaýar.

12. Bilim hakynda resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde ýa-da bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenen tertipde Türkmenistanyň döwlet dilinde we daşary ýurt dilinde resmileşdirilýär.

13. Bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamalaryň görnüşleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

14. Ýokary we orta hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryna diplom gowşurylanda, düzgünnamasy we ýazgysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan degişli döşe dakylýan nyşan berilýär.


VIII BAP. BILIMIŇ YKDYSADYÝETI

39-njy madda. Bilim işiniň maliýeleşdirilişi

1. Bilim edarasynyň işi şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda maliýeleşdirilýär.

2. Umumybilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän döwlet bilim edaralarynyň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) degişli döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilim maksatnamalaryny amala aşyrýan mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralary üçin — Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) okuw derslerini çuňlaşdyryp öwretmek bilen bilim maksatnamalaryny amala aşyrýan, şeýle hem okuwçylara goşmaça bilim hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän umumybilim edaralary üçin — okuw tölegleri.

3. Orta hünär we ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän döwlet bilim edaralarynyň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) raýatlaryň hususy serişdeleri;

3) hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

4) ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

5) az ilatly, barmasy kyn we uzakdaky ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlardan maksatlaýyn taýýarlamak üçin hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri.

4. Hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän döwlet bilim edaralarynyň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

2) ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

3) hünär-tehniki bilimiň degişli bilim maksatnamasy boýunça okuwy özbaşdak geçmek isleýän raýatlaryň hususy serişdeleri;

4) umumybilim edaralarynyň okuwçylaryny hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamalary boýunça okatmak üçin — Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri.

5. Döwlet bilim edaralarynyň maliýeleşdirilişi bilim maksatnamalarynyň mazmunyny, okatmagyň tehnologiýalaryny, okatmagyň görnüşlerini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlaryň bilim almagynyň ýörite şertlerini, okatmagyň we terbiýelemegiň howpsuz şertlerini üpjün etmegi, okaýanlaryň ömrüni we saglygyny goramagy hasaba almak bilen, olarda okaýanlaryň birine düşýän hasaba görä düzülen, bilim edarasynyň her kysymyna we görnüşine laýyklykda, maliýeleşdiriş kadalyk ölçegleri esasynda amala aşyrylýar.

6. Beýleki umumybilim edaralaryndan uzakdalygyndan, ulagyň elýeterliliginden we (ýa-da) okuwçylaryň sanyndan ugur alnyp, okuwçy sany az we oba umumybilim edaralary üçin maliýeleşdirmegiň kadalyk ölçegleri, okuwçylaryň sanyna garamazdan, harajatlary göz öňünde tutmalydyr.

7. Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralary öz işlerini maliýeleşdirmek üçin iň az möçber hökmünde döwlet bilim edaralaryny maliýeleşdirmegiň kadalyk ölçeglerini ulanýarlar we maliýeleşdirmegiň aňryçäk möçberi bilen çäklenmeýärler.

Bu bilim edaralary tarapyndan özleriniň, hemaýatkärleriň we beýleki çekilen serişdeleriň hasabyna talyplaryň aýratyn toparlaryna (üstünlikli okaýanlara, maddy goldawa mätäçlik çekýänlere) talyp haklary bellenilip bilner.

8. Bilim edarasynyň öz işlerini amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, bilim edarasynyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tölegli goşmaça bilim we beýleki hyzmatlary etmek, bilim maksatnamalary boýunça okuwa tölegli esasda kabul etmek arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň we (ýa-da) daşary ýurt döwletleriniň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslarynyň meýletin haýyr-sahawatlarynyň we maksatlaýyn gatançlarynyň hasabyna serişdeleri çekmäge hukugy bardyr.

Bilim edarasy tarapyndan goşmaça serişdeleriň çekilmegi esaslandyryjy tarapyndan maliýeleşdirmegiň kadalyk ölçegleriniň azalmagyna getirmeýär.

9. Bilim edarasy bar bolan býujetden daşary serişdeleriň çäklerinde mätäçlik çekýän okaýanlara durmuş goldawyny özbaşdak berip biler.

10. Bilim edarasy maliýe-hojalyk işini özbaşdak amala aşyrýar, onuň özbaşdak balansy we hasaplaşyk hasaby bolýar.

40-njy madda. Tölegli bilim işi

1. Döwlet we beýleki bilim edaralarynyň şu Kanuna laýyklykda, tölegli bilim işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

2. Şu Kanunyň 39-njy maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet bilim edaralarynyň tölegli esasda bilim hyzmatlaryny hödürlemäge hukugy bardyr.

3. Döwlet orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslar bilen şertnamalar baglaşmak arkaly, olara okuwyň bahasyny töletmek şerti bilen, şu aşakdaky ýagdaýlarda okatmagy amala aşyrmaga hukugy bardyr:

1) talyplar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän degişli hünär biliminiň maksatnamalary boýunça meýilnama görkezijilerinden daşary okuwa kabul edilende;

2) okatmagyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girilende;

3) hünär biliminiň degişli derejesi boýunça ikinji bilimi almak üçin okuwa girilende;

4) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulmaýan taýýarlygyň ugry (hünär) boýunça okuwa girilende;

5) maksatlaýyn taýýarlyk esasynda okuwa girilende.

4. Döwlet bilim edarasynyň degişli ygtyýarnamasynyň bolan ýagdaýynda ilata, kärhanalara, edaralara we guramalara beýleki tölegli bilim hyzmatlaryny amala aşyrmaga hukugy bardyr.

5. Okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän döwlet edaralarynyň olary tölegli esasda amala aşyrmaga hukugy bardyr.

6. Döwlet bilim edarasynyň şu maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen tölegli işlerden alýan girdejileri olar tarapyndan tertipnamalaýyn maksatlary üçin ulanylýar.

Tölegli bilim hyzmatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän bilim işiniň deregine ýerine ýetirilmeýär. Bu kadanyň bozulmagy bilen gazanylan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär.

7. Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edarasy okaýanlardan bilim hyzmatlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töleg alýar.

Tölegli bilim işinden alynýan girdeji bilim işini (şol sanda aýlyk zähmet hakyny), onuň ösüşini we kämilleşdirilmegini üpjün etmek boýunça harajatlaryň öwezini dolmaklyga gönükdirilýän bolsa, şular ýaly bilim edarasynyň tölegli bilim işine telekeçilik hökmünde garalmaýar.

Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edarasynyň, okaýanyň, onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar bilimiň derejesini, okuwyň möhletlerini, okuw üçin tölegiň möçberini, ygtyýarnamasynyň hereketiniň togtadylan ýa-da ýatyrylan, bilim edarasynyň döwlet akkreditasiýasyndan mahrum edilen, bilim edarasynyň işini bes eden we beýleki ýagdaýlarda bilim edarasynyň kepilliklerini we jogapkärçiligini kesgitleýän şertnama bilen düzgünleşdirilýär.

8. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bilim edarasynyň telekeçilik we beýleki girdeji berýän işleri amala aşyrmaga hukugy bardyr.

9. Girdeji alnyp amala aşyrylýan hususy pedagogik zähmet işine telekeçilik hökmünde garalýar we ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hasaba alynmaga degişlidir.

41-nji madda. Bilim karzlary

1. Türkmenistanyň, şonuň ýaly-da daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynda okaýan raýatlara Türkmenistanda bilim karzlary arkaly döwlet goldawy berilýär.

2. Bilim karzlary maksatlaýyn bolup durýar hem-de Türkmenistanyň banklary we beýleki karz edaralary tarapyndan, eýeçiliginiň görnüşine we okatmagyň görnüşine garamazdan, bilim edaralaryna okuwa giren raýatlara berilýär.

3. Bilim karzlary bilim edaralaryndaky okuwyň bahasynyň ýa-da okuwyň bir böleginiň bahasynyň möçberinde okuw üçin tölege (esasy bilim karzy) we (ýa-da) okuw döwründe okuw we ylmy edebiýatlary satyn almak, ýaşamak, iýmit we beýleki durmuş hajatlary üçin töleglere (ugurdaş bilim karzy) gönükdirilip bilner.

4. Bilim karzlarynyň möçberleri we olary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.

42-nji madda. Bilim edaralarynyň maddy binýady

1. Bilim edarasynyň maddy binýadyny ýer‚ binalar, desgalar, enjamlar, ulag serişdeleri, şeýle hem okatmak, terbiýelemek, bilim babatda beýleki meseleleri çözmek üçin ulanylýan sarp ediş, ýaşaýyş-durmuş, medeni we beýleki maksatly emläkler düzýär.

Bilim edarasynyň maddy binýady eýeçiligiň görnüşine baglylykda, onuň eýeçiligine degişli ýa-da oňa hojalygy ýörediş ýa-da dessin dolandyryş hukugy esasynda berkidilen, kärende ýa-da beýleki şertlerde ulanylýan hökmünde bolup biler.

2. Bilim edarasy emlägiň eýesiniň öňünde berlen emlägiň abatlygy we netijeli peýdalanylmagy üçin jogapkärçilik çekýär.

3. Bilim edarasynyň eýeçiligine berkidilen emlägiň alynmagyna we (ýa-da) aýrylmagyna diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.

4. Bilim edarasyna berkidilen döwlet eýeçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we şertlerde olar tarapyndan kärendesine berlip bilner.

5. Eýeçiliginde emläk bolan bilim edarasynyň ony kärendesine beriji hökmünde çykyş etmäge hukugy bardyr.

6. Döwlet bilim edaralarynyň dessin dolandyryşyndaky ýa-da garamagyndaky okuw‚ önümçilik, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly binalardaky önümçilik we ýaşaýyş-durmuş infrastrukturalarynyň desgalary we umumy ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem lukmançylyk bilim edaralarynyň kliniki binýatlary hususylaşdyrylmaga (döwlet eýeçiliginden aýrylmaga) degişli däldir.

7. Bilim edaralaryny esaslandyryjylar öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, bilimiň derejesine we hiline bildirilýän talaplaryň artmagyny göz öňünde tutup, olaryň maddy binýadynyň täzelenmegini we ösdürilmegini, okatmagyň we terbiýelemegiň ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýärler. Bu maksatlar üçin bilim edaralaryna zerur bolan maddy serişdeler we maýa goýumlary bölünip berilýär.

Bilim edaralary özleriniň maddy-tehniki binýadynyň üstüni öz garamagyndaky bilim gurluşlarynyň, tejribelik we kömekçi hojalyklaryň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde halkara guramalary tarapyndan berilýän taslamalaryň, grantlaryň hasabyna dolduryp bilerler.

Az ilatly, barmasy kyn, uzakdaky ilatly ýerlerde ýerleşýän bilim edaralary bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, ilkinji nobatda, okatmagyň innowasiýa serişdeleri (kompýuterler, internet, interaktiw tagtalar, barlaghanalar we beýlekiler) bilen üpjün edilýär.

8. Bilim edaralarynyň taslamalary bellenen arassaçylyk we gurluşyk kadalaryna hem-de tehniki howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda, düzülmelidir we gurulmalydyr, maýyplygy bolan adamlaryň erkin baryp bilmegine, dürli okuw maksatlary üçin ulanylmaga uýgunlaşdyrylmalydyr, ulanyşda tygşytly bolmalydyr, şeýle hem olary synpdan daşary (okuw otaglaryndan daşary) çäreler, aýratyn-da, az ilatly, barmasy kyn, uzakdaky ilatly ýerlerde jemgyýetçilik çäreleriniň merkezi hökmünde ulanmaga mümkinçilik bermelidir.

9. Bilim edarasynyň maddy binýadynyň kemelmegine ýa-da onuň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirýän bilkastlaýyn hereketler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.


IX BAP. RAÝATLARYŇ BILIM ALMAGA BOLAN HUKUKLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ DURMUŞ TAÝDAN KEPILLENDIRMELERI

43-nji madda. Okaýanlaryň hukuklary we durmuş taýdan goldanylmagy

1. Bilim edaralarynda okaýanlaryň hukuklary we durmuş taýdan goldanylmagy şu Kanun, bilim edarasynyň düzgünnamasy we tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýän tertipde, bilim edaralaryny we okatmagyň görnüşlerini saýlap almaga hukugy bardyr.

3. Bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda okaýanlaryň döwlet bilim standartlaryna laýyklykda, bilim almaga‚ goşmaça (şol sanda tölegli) bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şeýle hem döwlet bilim edaralarynda okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny tölegsiz ulanmaga hukuklary bardyr.

4. Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda okaýanlaryň lybasy we daşky görnüşiň beýleki görkezijileri bilim edarasynyň tertipnamasy bilen bellenilýär.

5. Döwlet bilim edaralarynyň, şeýle hem döwlet akkreditasiýasy bolan eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň uçurymlarynyň döwlet bilim edarasynda okuwlaryny dowam etdirmäge deň hukuklary bardyr.

6. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, döwlet bilim edaralarynda okaýanlar talyp haklary, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri we haýyr-sahawat guramalary tarapyndan bellenilýän talyp haklary bilen üpjün edilýär.

7. Döwlet bilim edaralarynda okaýanlar bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde, umumy ýaşaýyş jaýlaryndan we internatlardan ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün edilýär.

8. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet bilim edaralarynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän umumybilim maksatnamalaryny hem-de ilkinji gezek degişli derejäniň hünär bilimi maksatnamalaryny bäsleşik esasynda özleşdirmekde tölegsiz bilim almaga hukuklary bardyr.

9. Hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerinde okaýanlaryň, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, ýeňilliklerden peýdalanmaga hukuklary bardyr.

10. Bilim edaralarynda ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň eklenji we okuwy doly döwlet üpjünçiligi esasynda amala aşyrylýar, şol sanda ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gündizki görnüşinde okaýanlaryň ýaşy 24-e ýetýänçä şeýle edilýär.

11. Umumy kysymdaky bilim edaralaryna gatnap bilmeýän, saglyk ýagdaýlary sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary olaryň ösmegini, okadylmagyny, bejerilmegini terbiýelenmegini we jemgyýete durmuş taýdan uýgunlaşdyrylmagyny we goşulmagyny üpjün edýän ýörite (dikeldiş) bilim edaralaryny (synplary‚ toparlary) döredýärler.

Görkezilen bilim edaralaryna ýollanylýan, şeýle hem doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan okaýanlaryň toparlary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan saglygy goraýyş babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen bilelikde kesgitlenilýär.

12. Umumybilim edarasynyň okuwçysyny bilim maksatnamasynda göz öňünde tutulmadyk zähmet işine çekmäge, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, onuň özüniň razylygy we onuň ata-enesiniň biriniň (hossarynyň) razylygy bilen ýol berilýär.

13. Okaýanlary jemgyýetçilik, jemgyýetçilik-syýasy birleşiklere‚ hereketlere we partiýalara girmäge mejbur etmäge‚ şeýle hem olary bu birleşikleriň işine we wagyz etmek çärelerine hem-de syýasy hereketlere mejbury çekmäge ýol berilmeýär.

14. Okuwçyny ol on sekiz ýaşaýança umumybilim edarasyndan çykarmak, eger terbiýeçilik häsiýetli çäreleriň oňyn netije bermedik we onuň bu edarada mundan beýläk bolmagy beýleki okuwçylara ýaramaz täsir edýän, olaryň hukuklaryny we işgärleriň hukuklaryny bozýan, şeýle hem umumybilim edarasynyň kadaly işlemegine päsgel berýän ýagdaýlarda mümkindir. Okuwçynyň okuwdan çykarylmagy baradaky çözgüt bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň pikirini göz öňünde tutup, onuň işe ýerleşdirilmegi we umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi boýunça çäreleri kesgitleýän kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparyň razylygy bilen kabul edilýär.

Ýetim çagalary we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalary okuwdan çykarmak baradaky çözgüt, mundan başga-da olaryň umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi, geljekde hünär bilimini almagy we işe ýerleşdirilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýan hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen kabul edilýär.

15. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleri düzetmek we olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlerde kanuna eýermek taýdan özüňi alyp barmaga, zähmete we okuwa päk ýürekli garaýşy kemala getirmäge, olaryň hökmany umumy orta, başlangyç hünär bilimini, hünär taýýarlygyny almagyna, bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bir bitewi okuw-terbiýeçilik işi guralýar.

16. Türkmenistanyň orta hünär we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamada bellenilen şertlere laýyklykda, sebäpli (akademiki) rugsat almaga, hünär bilimi edarasynyň içinde, şeýle hem beýleki bir hünär bilimi edarasyna başga bir hünäre (taýýarlygyň ugruna) geçmäge, ozal talyplaryň hataryndan çykarylanlaryň talyplyga dikeldilmäge hukugy bardyr.

Görkezilen düzgünnama bilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleriniň orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okan raýatlaryny ýurdumyzyň hünär bilimi edaralaryna geçirmek (okuwa dikeltmek) mümkinçiliginiň şertleri kesgitlenilýär.

17. Bilim edaralary medeniýet we sungat, sport, syýahatçylyk guramalary bilen birlikde okaýanlaryň okuwdan daşary (boş) wagtlaryny peýdaly we netijeli geçirmekleri üçin şertleri döredýärler.

18. Her bir okaýanyň senenama ýylynyň dowamynda berilýän rugsady we her hepdedäki dynç günleri görnüşinde beýanyny tapýan dynç alşa, boş wagtynyň bolmagyna we sagdyn durmuş ýörelgesine, özüniň ýaşyna we saglyk ýagdaýyna görä sport oýunlaryna hem-de medeni-dynç alyş çärelerine gatnaşmaga hukugy bardyr.

Döwlet okaýanlaryň dynç almaklary we boş wagtlaryndan peýdalanmaklary üçin amatly şertleri döredýär.

Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde okaýanlaryň dynç almaga, boş wagta we sagdyn durmuş ýörelgesine bolan hukuklaryny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar, bu hukugyň üpjün edilmegi üçin fiziki şahslaryň we guramalaryň alyp barýan işini höweslendirýärler.

Şu maksatlar üçin guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşleri boýunça dürli gurluşlar, şol sanda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, medeni-dynç alyş merkezleri, sport merkezleri (klublary), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň degişli gurluşlary tarapyndan umumybilim edaralarynyň binýadynda mekdepleriň ýanyndaky dynç alyş meýdançalary, okaýanlaryň ýaşaýan ýerlerinde hem-de raýatlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde dynç alyş meýdançalary döredilýär.

Agzalan gurluşlary döretmek we olaryň işi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

44-nji madda. Okaýanlaryň durmuşyny we saglygyny goramak

1. Bilim edarasy okaýanlaryň durmuşynyň we saglygynyň goralmagyny kepillendirýän şertleri döredýär.

2. Saglyklaryny uzak wagtlap bejertmäge mätäç çagalar üçin sagaldyş bilim edaralary, şol sanda şypahana görnüşli edaralar döredilýär. Şeýle çagalar üçin okuw sapaklary bilim edaralary tarapyndan öýlerinde ýa-da saglygy goraýyş edaralarynda geçirilip bilner.

3. Bilim edarasynda okaýanlaryň lukmançylyk hyzmatyny saglygy goraýyş edaralary üpjün edýärler. Bilim edarasy saglygy goraýyş işgärlerine olaryň işlemegi üçin degişli şertleri bolan otagy bermäge borçludyr.

4. Bilim edarasynyň okuw sapaklarynyň tertibi okaýanlaryň naharlanmagy üçin ýeterlik dowamlylykda arakesme wagtyny göz öňünde tutmalydyr.

Bilim edarasynda naharlanmagy guramak üçin şertleri döretmek bilim edarasynyň üstüne ýüklenýär. Bilim edarasynda okaýanlaryň naharlanmagy üçin jaý göz öňünde tutulmalydyr.

5. Bilim edaralarynda okaýanlara zerur bolan okuw, zähmet hem-de dynç alyş şertleriniň döredilmegi üçin bilim edaralarynyň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna we bilim edarasynyň tertipnamasyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

45-nji madda. Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň bilim babatda hukuklary we borçlary

1. Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalary terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okamagy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, türkmen halkynyň taryhy we medeni däp-dessurlaryna, şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak medeniýetini terbiýelemäge hukuklydyrlar we borçludyrlar.

2. Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalar umumy orta bilimi alýançalar, bilim almagyň görnüşlerini we bilim edarasyny şu Kanuna laýyklykda, saýlap almaga, çaganyň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga, bilim edarasynyň işine gatnaşmaga hukugy bardyr.

3. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalarynyň umumy orta bilimi almagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

4. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilim edarasynyň tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

5. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar şularyň esasynda maşgalada çagalary terbiýeleýärler:

1) terbiýelemegiň çagalaryň okuwyna päsgelçilik döretmeýän, saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirmeýän, fiziki, akyl taýdan we beýleki zorlugyň ulanylmagyna ýol bermeýän görnüşlerini, usullaryny we serişdelerini saýlap almagyň;

2) maşgalanyň medeni däpleriniň we gymmatlyklarynyň, dünýä medeniýetiniň gazananlarynyň;

3) çagalaryň doly derejede ösmegi üçin zerur bolan şertleri döretmegiň;

4) irki çagalyk döwründen başlap, şahsyýetiň beden, ahlak, akyl taýdan ösüşiniň esaslaryny goýmagyň;

5) çagalarda türkmen halkynyň milli däplerine laýyk gelýän estetik taýdan özüňi alyp barmagy we daşky keşbi kemala getirmegiň;

6) pedagogik işgärleriň, okuwdaky ýoldaşlarynyň abraýyny we mertebesini hormatlamagyň.

6. Döwlet çagalaryň terbiýelenmegi üçin ata-eneleriň ikisiniň hem ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň umumy we deň derejede jogapkärçilik ýörelgesiniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

7. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryň terbiýelenmegi, olaryň bilim almagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.


X BAP. PEDAGOGIK IŞGÄRIŇ HUKUK ÝAGDAÝY

46-njy madda. Pedagogik işgär düşünjesi we onuň hukuk ýagdaýy

1. Pedagogik işgärlere bilim edaralarynda, şeýle hem bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän beýleki edaralarda okaýanlary okatmak we (ýa-da) terbiýelemek bilen baglanyşykly bilim işini amala aşyrýan adamlar degişli edilýär.

Bilim edaralarynyň alymlyk derejeleri we (ýa-da) alymlyk atlary bolan pedagogik işgärleri ylmy-pedagogik işgärler hökmünde hem kesgitlenilýär.

2. Döwlet pedagogik işgärleriň jemgyýetdäki aýratyn hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we olaryň hünär işini amala aşyrmaklary üçin şertleri döredýär.

3. Pedagogik işgärler babatda döwlet syýasaty bilim işini höweslendiriji şertleriň döredilmegine gönükdirilip, olar tutuşlygyna bilim edarasynyň aýratyn alnan pedagogik işgäriniň we işgärler köpçüliginiň şu aşakdaky özara baglanyşykly maksatlara ýetilmegine gyzyklanmaklaryny höweslendirýärler:

1) okatmagyň iň ýokary ussatlyk derejesini üpjün etmek;

2) okatmak bilen bagly wezipe borçlaryna esasy ünsüň berilmegini ileri tutmak;

3) okatmagyň ýetişik görkezijileri (okuw materiallarynyň özleşdirilişi) we okatmagyň netijeleri bilen tassyklanylýan ýokary derejedäki netijeliligi gazanmak.

4. Pedagogik işgärler babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky özara baglanyşykly düzümleriň durmuşa geçirilmeginiň esasynda guralýar:

1) bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň düzümini kemala getirmek;

2) pedagogik işgärler üçin hünär standartlary;

3) pedagogik bilim;

4) pedagogik işgärleri bilim edaralaryna ýollamak;

5) pedagogik işgärleriň wezipede ilerlemek ulgamy;

6) pedagogik işgärleriň zähmet şertleri;

7) pedagogik işgärleriň zähmetine hak tölemek we höweslendiriş çäreleri;

8) pedagogik işgärleriň hukuklary we borçlary;

9) bilim edaralaryny dolandyrmak.

47-nji madda. Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň düzümini kemala getirmek

1. Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň düzüminiň kemala getirilmegi olaryň saýlanyp alynmagyny, ýerli-ýerlerinde goýulmagyny we berkidilmegini öz içine alyp, aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) bilim edaralarynyň ähli kysymlarynyň we görnüşleriniň bar bolan we çaklanylýan mukdar hem-de hil görkezijileri boýunça pedagogik işgärlerine esaslandyrylan zerurlygy;

2) talap edilýän hünär derejesine eýe bolan, şeýle hem özüni okaýanlary terbiýelemäge we okatmaga bagyşlamaga taýýar adamlaryň bilim işine çekilmegi;

3) Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunçylygyny göz öňünde tutmak bilen, hünär bilimi edaralarynyň pedagogik işgärleriniň düzüminiň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan, pedagogik we beýleki ugurly ýokary taýýarlykly işgärlerden kemala getirilmegi;

4) pedagogik işgäriň hukuk ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy we onuň iş şertleriniň gowulandyrylmagy;

5) pedagogik işgärleriň zerur bolan bilimleriniň, hünär derejesiniň we pedagogik häsiýetleriniň barlygyny tassyklaýan hünär synagy;

6) pedagogik işgärleri saýlap almagyň adalatly we aýdyň tertibi;

7) talap edilýän bilimleri, hünär derejesi we ýolbaşçylyk häsiýetleri bolan, netijeli işleýän ýolbaşçylaryň deňhukuklylyk esasynda bilim edaralaryna bellenilmegi.

2. Bilim edaralarynda bilim işini amala aşyrmaga degişli pedagogik ýa-da hünär bilimi bolanlaryň hukugy bardyr.

3. Şu Kanunyň 8-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen umumybilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň aşakdaky iň pes derejesi bellenilýär:

1) mekdebe çenli bilim boýunça:

mekdebe çenli çagalar edarasynyň terbiýeçisi — pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebi (fakultet) tarapyndan berlen bakalawryň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy;

2) başlangyç bilim boýunça:

a) başlangyç synplaryň mugallymy — pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebi (fakulteti) tarapyndan berlen bakalawryň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy;

b) pedagog-psiholog — psihologiýa babatda taýýarlyk ugry (hünäri) boýunça bakalawryň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy;

3) esasy orta we doly orta bilim boýunça:

a) ders mugallymy — pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebi (fakulteti) tarapyndan berlen bakalawryň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy, şeýle hem pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça pedagogik taýýarlygy boýunça okuwy geçmek şerti bilen, pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutmaýan bakalawryň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy;

b) pedagog-psiholog — psihologiýa babatda taýýarlyk ugry (hünäri) boýunça bakalawryň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy.

4. Şu Kanunyň 8-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen hünär biliminiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň aşakdaky iň pes derejesi bellenilýär:

1) hünär-tehniki bilim boýunça:

hünär dersleri mugallymy — pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça pedagogik taýýarlygy boýunça okuwy geçmek şerti bilen, degişli hünäri boýunça orta hünär bilimi hakynda diplom;

2) orta hünär bilimi boýunça:

hünär dersleri mugallymy — ýokary okuw mekdebiniň degişli hünäri boýunça hünärmeniň diplomy ýa-da taýýarlygyň degişli ugry boýunça bakalawryň diplomy. Eger diplom pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutmaýan bolsa, onuň eýesi pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça pedagogik taýýarlygy okuwyny geçýär;

3) ýokary hünär bilimi boýunça:

mugallym — pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebi (fakulteti) tarapyndan berlen taýýarlygyň degişli ugry (hünäri) boýunça magistriň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy. Eger diplom pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutmaýan bolsa, onuň eýesi pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça pedagogik taýýarlygy okuwyny geçýär.

5. Degişli kysymdaky bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň wezipe birlikleriniň birkysmy sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasy ýa-da amala aşyran jenaýaty üçin kazyýetiň hökümi boýunça bilim işi bilen meşgullanmak gadagan edilenlere, şeýle hem ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlary bilkastlaýyn amala aşyrandygy üçin iş kesilenlik aýby bolan adamlara bilim edaralarynda bilim işi bilen meşgullanmaga rugsat berilmeýär.

Bilim işiniň amala aşyrylmagyna ýol bermeýän keselleriň sanawy saglygy goraýyş babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Döwlet wezipeli adamyň ýa-da döwlet gullukçysynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, utgaşdyrma esasynda bilim işi bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.

8. Bilim işini amala aşyrýan adamlar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenen tertipde aşakdaky ýagdaýlarda pedagogik işinden boşadylyp bilner:

1) pedagogik işini ýerine ýetirmäge päsgel berýän hünär derejesi ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli eýeleýän wezipesine laýyk gelmedik ýagdaýynda;

2) wezipä saýlanylmadyk ýagdaýynda;

3) terbiýeçilik wezipelerini ýerine ýetirýän işgär tarapyndan onuň pedagogik işi dowam etdirmegi bilen bir ýere sygyşmaýan ahlaksyz etmişi amala aşyran ýagdaýynda;

4) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň we bilim edarasynyň tertipnamasynyň beýleki talaplaryny berjaý etmedik ýagdaýynda.

48-nji madda. Pedagogik işgärler üçin hünär standartlary

1. Pedagogik işgärler üçin hünär standartlary aşakdakylara gönükdirilendir:

1) okatmagyň hili babatda umumy düşünjäni, bitewi maksatlary we adalgalary kemala getirmäge;

2) pedagogik işgärleriň hünär taýýarlygy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerinde usuly ýolbaşçylygynyň esasyny üpjün etmäge;

3) pedagogik işgärleriň hünär jogapkärçiliginiň ýörelgelerini kesgitlemäge;

4) pedagogik işgärleriň hünär ussatlygynyň artmagyna we olaryň hukuk ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam bermäge.

2. Pedagogik işgärler üçin hünär standartlary:

1) pedagogik işgärlerde bolmaly bilimler, hünär endikleri we häsiýetler babatda umumy düşünjeleri kesgitleýär;

2) pedagogik işgärleriň bilimiň hilini we okatmagyň netijelerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ygtyýarlylygynyň we hünär ussatlygynyň ýokarlanmagyna ýardam bermäge niýetlenendir;

3) anyk şertler babatda ýokary hilli okatmak düşünjesini, şeýle hem ýokary hilli okadylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan pedagogik işgäriň bilimlerini we başarnyklaryny kesgitleýär;

4) pedagogik işgäriň öz okadýan dersini ynamly bilmegine, pedagogik endikleriniň bolmagyna, okaýanlaryň toparynyň aýratynlyklaryny bilmegine, okuw işini meýilleşdirmegi başarmagyna, okaýanlaryň bilim derejesine baha bermegine we okuw gurşawyny dolandyrmagyna, şeýle hem özüniň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak ukybyna gönükdirilendir.

3. Pedagogik işgärler üçin hünär standartlaryny tejribede üstünlikli ulanmagyň esasy şertleri aşakdakylary öz içine alýar:

1) pedagogik işgärler üçin hünär standartlary bilen okuwyň maksatlarynyň arasynda baglanyşygyň bolmagyny;

2) hünär standartlarynyň düzgünleriniň pedagogik işiň hilini ýokarlandyrmagyň esasy ugry bilen ylalaşyklylygyny;

3) pedagogik işgärleriň hünär standartlaryny işläp düzmäge gyzyklanmaklaryny we ol işlere gatnaşmaklaryny;

4) hünär standartlaryna yzygiderli baha berilmegini we gaýtadan seredilmegini;

5) bilim edaralaryny merkezleşdirip dolandyrmagyň we olaryň özbaşdaklygynyň deňagramlaşdyrylyp utgaşdyrylmagyny.

49-njy madda. Pedagogik bilim

1. Pedagogik bilim babatda döwlet syýasaty durnukly ösüşiň bähbitleri esasynda guralýar we durnukly geljegi üpjün etmek üçin zerur bolan gymmatlyklara nazarlanmalaryň, özüňi alyp barmagyň talaplarynyň we durmuş ýörelgesiniň kemala getirilmegine ýardam berýär.

2. Pedagogik bilim ulgamy özara baglanyşykly aşakdaky tapgyrlary öz içine alýar:

1) pedagogik işgäriň ilkibaşdaky (binýatlyk) taýýarlygy;

2) hünäre girişilmegi;

3) hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy.

3. Pedagogik işgärleriň ilkibaşdaky (binýatlyk) taýýarlygy geljekde pedagogik işgärlere bolan zerurlygyň mukdar we hil görkezijileri esasynda meýilleşdirilýär we ýokary hilli hem-de netijeli bilim işini amala aşyrmak üçin olaryň nazary we amaly taýýarlygyny üpjün edýär.

Mugallym we terbiýeçi kärlerine mahsus şahsy häsiýetleri bolan adamlar pedagogik ugurly okuw mekdeplerine kabul edilmek hukugyndan peýdalanýarlar.

4. Pedagogik işgärleriň ilkibaşdaky (binýatlyk) taýýarlygynyň bilim maksatnamalary bilim babatda döwlet syýasatynyň, nazary taýýarlygyň we pedagogik tejribeligiň utgaşdyrylmagy, okuw işlerine innowasion pedagogik çemeleşmeleri we usulyýetleri ornaşdyrmagyň esasynda işlenilip düzülýär.

5. Pedagogik işgärleri taýýarlamagyň bilim maksatnamalarynyň maksatlary aşakdakylardan ybaratdyr:

1) talyplaryň umumybilim taýýarlygyny çuňlaşdyrmak;

2) talyplaryň okaýanlary okatmak we terbiýelemek başarnyklaryny ele almaklary;

3) talyplarda okatmak, şeýle hem şahsy görelde arkaly jemgyýetiň durmuş, medeni we ykdysady taýdan ösüşine ýardam bermek zerurlygyna akyl ýetirmekligi terbiýelemek.

6. Pedagogik işgärleri taýýarlamagyň bilim maksatnamalary aşakdakylary öz içine alýar:

1) umumy dersler;

2) filosofiýanyň, psihologiýanyň, sosiologiýanyň we hukugyň pedagogika bilen baglanyşykly esaslaryny öwrenmek, pedagogikanyň nazaryýetini we taryhyny, deňeşdirme pedagogikany, dürli dersleri okatmak, pedagogika babatda dürli tejribeleriň esaslaryny öwrenmek;

3) ýöriteleşme derslerini öwrenmek;

4) okuw, mekdepden daşary (okuw otagyndan daşary) işler boýunça ýokary taýýarlykly mugallymlaryň ýolbaşçylygynda pedagogik tejribelik.

7. Pedagogik işgärler pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde (fakultetlerde), şeýle hem şu Kanunyň 47-nji maddasynyň üçünji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan ýokary hünär biliminiň maksatnamalary boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerini we başlangyç synplaryň mugallymlaryny taýýarlamak girizilýänçä, pedagogik orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar.

8. Pedagogik ugurly bilim edaralarynyň pedagogik işgärlerine we talyplaryna, bu okuw mekdeplerini zerur bolan serişdeler we enjamlar bilen üpjün etmegi goşmak bilen, pedagogika babatda ylmy barlaglar we tejribeler üçin şertler döredilýär.

9. Pedagogik ugurly bilim edaralary pedagogika babatda ylmy barlaglaryň netijelerini we okatmagyň innowasion usullaryny bilim edaralaryna ýaýratmak, şeýle hem olaryň tejribesini öz işlerinde ulanmak arkaly bilimiň ösmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar.

10. Ilkibaşdaky (binýatlyk) pedagogik taýýarlygyň tapgyryny üstünlikli tamamlamagyň netijeleri boýunça degişli hünär derejesi berilýär.

11. Uçurymlara bilim hakynda resminamany bermek synag möhletini üstünlikli geçmek bilen şertlenýär, onuň dowamynda ýaş hünärmenler hünäre giriş maksatnamasyny geçýärler hem-de onuň çäklerinde tejribeli pedagogik işgärleriň hataryndan berkidilen halypalaryň kömegi bilen ilkibaşdaky (binýatlyk) taýýarlyk döwründe alan bilimlerini we endiklerini berkidýärler.

12. Hünär derejesiniň üznüksiz ýokarlandyrylmagy ilkibaşdaky (binýatlyk) pedagogik bilim tapgyrynda alnan bilimleri hasaba almagyň we berkitmegiň esasynda üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär derejesiniň üznüksiz ýokarlandyrylmagy pedagogik işgäriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we höweslenmeleriniň pugtalanmagyna ýardam berjek, şeýle hem onuň wezipede ilerlemegi we aýlyk zähmet hakynyň ýokarlanmagy bilen bagly boljak okuwlary yzygiderli geçmegine esaslanýar.

13. Iş beriji pedagogik işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklary üçin wagt we mümkinçilik bermäge borçludyr. Pedagogik işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga bolan gyzyklanmalary, olaryň alyp barýan pedagogik işinde ýüze çykýan meseleleri özbaşdak çözmäge ukyply, işjeň hünär ussatlary bolup ýetişmekleriniň möhüm şertidir.

14. Hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmak okuwlary degişli bilim edarasynyň binýadynda geçirilip, olar tejribä gönükdirilendir we pedagogik işgäriň her gün okuw otagynda (synpda) çözýän hünär wezipeleri bilen baglanyşyklydyr, şeýle hem degişli dowamlylygy bardyr hem-de bilim ulgamynda bolup geçýän üýtgetmeleri göz öňünde tutýandyr.

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy pedagogik işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş edaralarynyň ýaýbaňlanan ulgamyny döretmegi üpjün edýär.

15. Bilim edaralarynyň uzak arakesmeden soňra, özüniň pedagogik işine täzeden başlaýan pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş ýa-da gaýtadan taýýarlaýyş okuwlary guralýar.

16. Pedagogik işgärleriň okaýanlar bilen işleýän wagty maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ýokary derejede we üstünlikli ulanmaklary üçin olar ilkibaşdaky (binýatlyk) taýýarlygyň we hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş okuwlarynyň bilim maksatnamalaryna girizilýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary az ilatly, barmasy kyn, uzakdaky ilatly ýerlerde işleýän pedagogik işgärleriň uzak aralykdan hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin hem niýetlenilýär.

50-nji madda. Pedagogik işgärleri bilim edaralaryna ýollamak

1. Pedagogik işgärleriň bilim edaralaryna ýollanylmagy aşakdaky ulgamlaryň ulanylmagyna esaslanýar:

1) pedagogik işgärleriň merkezleşdirilen dolandyryş ulgamy — bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan döwlet derejesinde utgaşdyrylýan we pedagogik işgärleriň, kada görä, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we umumybilim edaralarynyň boş iş orunlaryna bellenilmegini düzgünleşdirýän ulgam. Görkezilen ulgam Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasynyň ulanylmagyna esaslanýar;

2) bilim edaralarynyň binýadynda hereket edýän ulgam — bilim edaralarynyň özlerinde bar bolan boş iş orunlary barada özbaşdak bildiriş berýän we mümkin bolan dalaşgärlere şol iş orunlaryny eýelemek üçin arzalaryny gönüden-göni bermegi teklip edýän ulgam.

2. Pedagogik işgärler bilim edaralaryna ýollanylanda hünär derejesini ýokarlandyrmak, zähmete hak tölemek we maddy höweslendirmek, wezipede ilerlemek şertleri göz öňünde tutulýar.

51-nji madda. Pedagogik işgärleriň wezipede ilerlemek ulgamy

1. Bilim edaralarynda wezipede ösmek we pedagogik işgäriň hünär taýdan ösmek mümkinçiligini berýän wezipede ilerlemek ulgamy kesgitlenilýär.

2. Wezipede ilerlemek ulgamy iki ugur boýunça amala aşyrylýar:

1) wezipede keseligine ösmek — pedagogik işgär okuw meýilnamalaryny we usuly maglumatlary işläp düzmek, kärdeşlerine kömek bermek, halypalyk etmek, anyk ders babatda meýilleşdirmegi we okatmagy utgaşdyrmak, bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna goldaw bermek ýaly goşmaça wezipeleri ýerine ýetirýär.

Sanalyp geçilen goşmaça borçlar üçin olaryň berjaý edilişine baha bermäge mümkinçilik berýän görkezijiler bellenilýär, şeýle hem degişli maddy höweslendirmeler göz öňünde tutulýar;

2) wezipede dikligine ösüş — pedagogik işgär bilim edaralarynda okatmak işinden dolandyryş wezipelerine ýa-da bilim ulgamynyň düzüminde ýolbaşçylyk işine geçýär.

Wezipede dikligine ösüş resmi taýdan wezipä bellenilmegi, degişli taýýarlygyň geçilmegi we zähmet hakynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglydyr.

3. Wezipede ilerlemek ulgamy pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy höweslendirjek, maddy we maddy däl serişdeleriň degişli ulgamy bilen berkidilýär.

52-nji madda. Pedagogik işgärleriň zähmet şertleri

1. Pedagogik işgärleriň zähmet şertleri pedagogik işgäriň hukuk ýagdaýynyň jemgyýetçilik tarapyndan kabul edilmegine, ýokary hünär derejeli işgärleri işe çekmek we berkitmek mümkinçiligine, şeýle hem bilim işini amala aşyrýanlaryň kärlerinden kanagatlanmaklaryna ýardam etmelidir.

2. Pedagogik işgärleriň zähmet şertleri kesgitlenende pedagogik işgärleriň höweslenmeklerine we ahlak ýagdaýyna, olaryň käriniň özüne çekijiligine, işden gitmezligine we öz borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirmäge taýýarlygyna täsir edýän jähtler göz öňünde tutulýar.

Şeýle zähmet şertlerine aşakdakylar degişlidir:

1) iş wagtynyň dowamlylygy — iş wagtynda pedagogik işgäriň alyp barýan işiniň ähli jähtleri, şol sanda okuw sagatlary, usulyýet işleri, hünär derejesiniň üznüksiz ýokarlandyrylmagy, ýolbaşçylyk we synpdan daşary (okuw otagyndan daşary) işler, ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilen özara gatnaşyklar üçin sarp edilýän wagt hasaba alynýar;

2) okuw otagynda (synpda) okaýanlaryň sany hem-de okaýanlaryň sanynyň pedagogik işgärleriň sanyna bolan gatnaşygy — bu görkezijiler pedagogik işgäre okaýanlaryň bähbidine we mümkinçiligine gönükdirilen çemeleşmeleriň esasynda netijeli işlemäge we okatmagyň maksatlaryna ýetilmegini üpjün etmäge mümkinçilik bermelidir;

3) bilim edarasynyň infrastrukturasy — pedagogik işgärler howpsuz, göwnejaý derejede gurlan we ulanylmaga berlen okuw binalarynda işlemelidir, olarda okaýanlara we pedagogik işgärlere agyz suwy hem-de arassaçylyk serişdeleri elýeterli bolmalydyr;

4) usuly we okuw materiallarynyň bolmagy hem-de olaryň hili — pedagogik işgärler üçin ýokary hilli usuly materiallaryň ýeterlik möçberiniň we okaýanlar üçin ýokary hilli okuw esbaplarynyň hem-de materiallarynyň, şol sanda okuw kitaplarynyň ýeterlik möçberiniň bolmagy;

5) özbaşdaklyk we gözegçilik — okaýanlary okatmak we terbiýelemek işinde çözgüt kabul etmekde pedagogik işgäre özbaşdaklygyň belli bir derejesiniň berilmegi we pedagogik işgäriň hünär işine gözegçiligiň amala aşyrylmagy.

53-nji madda. Bilim ulgamynda zähmet gatnaşyklary

1. Pedagogik işgär bilen bilim edarasynyň arasyndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleri üçin hepdede otuz alty sagatdan artyk bolmadyk gysgaldylan dowamlylykdaky iş wagty bellenilýär.

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, pedagogik işgärleriň esasy işleri bilen utgaşdyryp işlemekleriniň aýratynlyklary ýörite ygtyýarly edilen edara tarapyndan tassyklanylýan esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça işiň şertleri hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

3. Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleri we ýolbaşçylary üçin, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, dowamlylygy kyrk bäş senenama güni bolan her ýylky esasy rugsat bellenilýär.

Her ýylky esasy rugsat, kada görä, şol bilim edarasyna işe giren wagtyna garamazdan tomusky dynç alyş döwründe berilýär.

4. Bilim edarasynyň bilim işini ylmy iş bilen üstünlikli utgaşdyrýan pedagogik işgärine degişli alymlar geňeşiniň (ýa-da beýleki usuly düzüm birlikleriniň) hödürlemegi boýunça, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, ortaça zähmet hakyny we esasy iş ýerindäki wezipesini saklamak şerti bilen, okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalaryny ýazmak, ylmy derejeleri almak üçin dissertasiýalary tamamlamaklyga döredijilik rugsady berilýär.

5. Pedagogik işgärleri wezipe borçlarynda göz öňünde tutulmadyk işlere çekmäge ýol berilmeýär.

54-nji madda. Pedagogik işgärlere zähmet hakyny tölemek we olary höweslendirmegiň çäreleri

1. Pedagogik işgärleriň zähmet haky Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, onuň zähmet şertnamalarynda, köpçilikleýin şertnamalarda (ylalaşyklarda) göz öňünde tutulan borçlaryna we işlerine baglylykda bellenilýär.

2. Pedagogik işgärleriň zähmet hakynyň möçberini kesgitlemegiň usullaryna aşakdakylar degişlidir:

1) pedagogik işgärleriň anyk professional-hünär derejeli toparlary üçin zähmet haklarynyň derejelerini kesgitleýän tarif stawkalary we wezipe aýlyk haklary;

2) pedagogik işgärleriň tarif stawkalaryny we wezipe aýlyk haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak;

3) pedagogik işgäriň hünär derejesine, zähmetiniň çylşyrymlylygyna we dartgynlylygyna, onuň şertlerine, sarp edilen zähmetiň möçberine we hiline baglylykda, hünär derejesiniň hasaba alynmagy. Pedagogik işgäriň hünär derejesi we onuň hereket ediş möhleti bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenen tertipde bellenilýär.

3. Pedagogik işgärleri höweslendiriş çärelerine dürli görnüşli rugsatlary (şol sanda okuw üçin rugsatlary) bermek, wezipede tizleşdirip ösdürmek, hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, okuw işleri, şeýle hem hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmak maksady bilen, okatmagyň häzirki zaman elektron serişdeleriniň (interneti goşmak bilen) berilmegi girýär.

4. Pedagogik işgärleri az ilatly, barmasy kyn we uzakdaky ilatly ýerlerdäki bilim edaralaryna işe çekmek üçin şular bellenilýär:

1) ýaşaýyş jaýy üçin harajatlaryň öweziniň dolunmagy ýa-da ýokary hilli ýaşaýyş jaýynyň berilmegi;

2) göçmek we ulag üçin harajatlaryň öwezini dolmalar.

5. Ähli kysymdaky bilim edaralarynyň we beýleki kärhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň işgärleriniň bilim işini amala aşyrýan döwründe alymlyk derejeler we alymlyk atlary üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde we möçberde zähmet hakyna goşmaçalar bellenilýär.

55-nji madda. Pedagogik işgärleriň hukuklary we borçlary

1. Pedagogik işgärleriň aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) özüniň hünär işini amala aşyrmak üçin şertleriň üpjün edilmegine;

2) özbaşdak bilim işini alyp barmaga;

3) hünär mertebesini we abraýyny goramaga;

4) hünär derejesini ýokarlandyrmaga;

5) okuw-usuly we ylmy edebiýat bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilmäge;

6) bilim işinde gazanan üstünlikleri üçin höweslendirilmäge.

2. Pedagogik işgärleriň bilim we ylmy işleri üçin zerur bolan kitaphana we beýleki maglumat ulgamlarynyň, halkara kompýuter torlarynyň, maglumatlar binýatlarynyň çäklendirilmedik derejede elýeterli bolmagyna hukugy bardyr.

3. Ýokary pedagogik bilimi bolup‚ döwlet edarasynyň ýollamagy ýa-da maksatlaýyn taýýarlygyň esasynda az ilatly, barmasy kyn we uzakdaky ilatly ýerlerde ýerleşýän umumybilim edaralarynda mugallym wezipesinde işleýän pedagogik işgärleriň işleýän döwründe «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyrylyşynyň möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bardyr.

4. Az ilatly, barmasy kyn we uzakdaky ilatly ýerlerde ýerleşýän bilim edaralaryna ýollanylýan pedagogik işgärler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, degişli durmuş-ýaşaýyş we lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär.

5. Pedagogik işgärleriň esasy işlerinden daşary özleriniň hünär bilimleriniň we endikleriniň derejesini ýokarlandyrýan ýa-da olaryň bilimlerini Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňünde durýan meseleleri çözmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýän hünär işini amala aşyrmaga hukugy bardyr. Şeýle iş olaryň esasy iş berijisi bolup durýan bilim edarasynyň öňündäki borçnamalaryna ters gelmeli däldir.

6. Özleriniň hünär borçlaryny ýerine ýetirenlerinde pedagogik işgärler okatmagyň kadalary we usullary babatda ykrar edilen hünär ýörelgelerini berjaý etmek şertlerinde erkin okatmak hukugyndan peýdalanýarlar.

7. Pedagogik işgärleriň täze okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny, şeýle hem okatmagyň usullaryny işläp düzmäge gatnaşmaga hukugy bardyr.

8. Pedagogik işgärler bilimleriň ol ýa-da beýleki ulgamynda mundan beýläk bilim almaklary babatda okaýanlar üçin hödürnamalary taýýarlaýarlar.

9. Okaýanlaryň bähbidine pedagogik işgärler bilen ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arasynda hyzmatdaşlyk üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde pedagogik işgärler häsiýeti boýunça özüniň hünär borçlaryna girýän meselelere ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çendenaşa ýa-da esassyz goşulyşmagyndan goralmalydyr.

10. Pedagogik işgärler aşakdakylara borçludyrlar:

1) özüniň hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny hemişe kämilleşdirmäge;

2) okaýanlaryň, olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, şeýle hem bile işleýän kärdeşleriniň abraýyna we mertebesine sarpa goýmaga;

3) okuwy ýokary hünär derejesinde alyp barmaga‚okaýanlaryň okuw maksatnamasyny döwlet bilim standartlaryna laýyklykda özleşdirmeklerini üpjün etmäge;

4) okaýanlaryň şahsy we döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak hem-de ösdürmek üçin şertleri döretmäge;

5) pedagogik etikanyň talaplaryny berjaý etmäge;

6) okaýanlary watançylyk, dogruçyllyk, ahlaklylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge;

7) eýeleýän wezipesine laýyklygy babatda hünär synagyndan geçmäge;

8) işe kabul edilende deslapky lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge;

9) iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna döwürleýin we nobatdan daşary lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge;

10) zähmeti goramak babatda okuwlary okamaga we bilimleriň hem-de endikleriň barlagyndan geçmäge;

11) bilim edarasynyň tertipnamasyny we içerki düzgün-nyzam kadalaryny berjaý etmäge.

11. Pedagogik işgärler bilim işiniň çäklerinden çykýan we okaýanlar hem-de olaryň ata-eneleri ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilen geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

12. Pedagogik işgärlere okuw işlerinde öz wezipe ýagdaýyny okaýanlary syýasy maksatlara ýa-da Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän hereketlere çekmek babatda peýdalanmak gadagan edilýär.

13. Pedagogik işgärler özleriniň borçlaryny ýerine ýetirmändikleri üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

56-njy madda. Bilim edaralarynyň dolandyrylyşy

1. Bilim edaralarynyň dolandyrylyşy Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasynda olaryň düzgünnamalaryna we tertipnamalaryna laýyklykda, ýeke-täk ýolbaşçylyk we köpçülikleýin dolandyryş ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar.

2. Bilim edarasyny gönüden-göni dolandyrmagy onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bellenen tertipde wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçysy amala aşyrýar.

Bilim edarasynyň ýolbaşçysy okaýanlara ýokary hilli bilimiň berilmegi, pedagogik işgärleriň maddy we ruhy taýdan goldanylmagy, bilim edarasynyň maddy-tehniki binýadynyň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy üçin jogapkärçilik çekýär.

3. Bilim edaralarynda köpçülikleýin dolandyryş (kollegial) guramalary şu görnüşlerde döredilýär: alymlar geňeşi, howandarlyk geňeşi, pedagogik, usuly (okuw-usuly, ylmy-usuly) geňeşler we beýlekiler. Bu köpçülikleýin dolandyryş guramalarynyň ygtyýarlylyklary bilim edaralarynyň düzgünnamalary we tertipnamalary bilen kesgitlenilýär.

4. Döwlet bilim edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hünär synagyndan geçýär.

5. Okuw işlerini dolandyrmak wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek üçin bilim edaralarynyň ýolbaşçylary degişli taýýarlygy geçýärler.

Bilim edaralarynyň ýolbaşçylaryny taýýarlamagyň bilim maksatnamasynyň maksady olaryň üstünlikli işlemegine we ösmegine ýardam berýän we okaýanlaryň ählisine berilýän bilimiň ýokary hilini kepillendirýän ussat ýolbaşçylygyň üpjün edilmeginden ybaratdyr.

6. Bilim edaralarynyň ýolbaşçylaryny taýýarlamagyň bilim maksatnamalary aşakdaky modullary öz içine alýar:

1) strategik meýilnamalaşdyryş we ösüş — bilim edarasynyň strategiýasyny işläp düzmegi öwretmek, onuň geljekki zerurlyklaryny seljermek we meýilnamalaşdyrmak hem-de geljekde döwlet derejesinde ösdürmek;

2) wezipe jogapkärçiligi — bilim edarasynyň işiniň netijeliligi üçin bilimi dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem okaýanlaryň, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, pedagogik we beýleki işgärleriň öňünde jogap bermek başarnygyny öwretmek;

3) okatmak we terbiýelemek — bilim edarasynda netijeli okatmagyň we terbiýelemegiň üpjün edilmegini, okatmagyň we terbiýelemegiň hem-de okaýanlaryň gazanan netijeleriniň derejesiniň hilini barlamagy we bahalandyrmagy öwretmek;

4) bilim edarasynyň gorlaryna we olaryň netijeli ulanylyşyna gözegçilik — bilim edarasynyň işgärlerini, maddy we maliýe serişdelerini rejeli we netijeli ulanmagy öwretmek;

5) işgärler düzümine ýolbaşçylyk etmek we olary dolandyrmak — bilim edarasyna ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri höweslendirmegi, goldamagy we pedagogik hem-de beýleki işgärleri hünär babatda ösdürmegi öwretmek.

7. Bilim edaralarynyň ýolbaşçylaryny taýýarlamak işi önümçilikden aýrylmak, şeýle hem aýrylmazlyk şertinde, kada görä, pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde (fakultetlerde) we (ýa-da) döwlet gullukçylaryny taýýarlamak boýunça (hünär derejesini ýokarlandyrmak) bilim edaralarynda amala aşyrylýar.

8. Bilim edaralarynyň ýolbaşçylaryny taýýarlamagyň bilim maksatnamalary boýunça dalaşgärleri okuwa seçip almagyň tertibi bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

9. Bilim edarasynyň ýolbaşçylygy bilim edarasynyň öňünde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini kepillendirýän, şeýle hem bilimiň ýokary hilli bolmagyna ýardam berýän şertleri (maddy we maddy däl häsiýetli) döretmek we saklamak maksady bilen, gyzyklanýan taraplar (bilimi dolandyryş edaralary, pedagogik we beýleki işgärler, ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar we (ýa-da) degişli pudaklaryň wekilleri) bilen özara hyzmatdaşlyk edýär.


XI BAP. BILIM BABATDA HALKARA IŞ

57-nji madda. Halkara hyzmatdaşlyk

1. Bilim babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy çagalary we ýaşlary okatmagyň hem-de terbiýelemegiň döwrebap dünýä tejribelerini seljeriş we çaklama ulgamy, şeýle hem öňdebaryjy pedagogik tejribäni öwrenmäge we ornaşdyrmaga hem-de ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen döwletara gatnaşyklar arkaly halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, bilim edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde dürli bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän daşary ýurt döwletleriniň kärhanalary, edaralary we guramalary bilen göni aragatnaşyklary ýola goýup bilerler.

3. Türkmenistanyň raýatlary bolmadyk türkmen milletiniň wekilleriniň Türkmenistanyň bilim edaralarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin bellenilen şertlerde bilim almaga hukuklary bardyr.

4. Türkmenistan daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýan türkmen milletiniň wekilleriniň bilime bolan isleglerini kanagatlandyrmaga Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilen tertipde pedagogik işgärleri taýýarlamak üçin kömek bermek we türkmen dilindäki okuw-usuly edebiýatlary bilen üpjün etmek arkaly ýardam berýär.

5. Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň Türkmenistanyň bilim edaralarynda‚ şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynda bilim almagy şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda, ýuridik şahslar, şeýle hem fiziki şahslar tarapyndan bilim edaralary, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen göni baglaşylan şertnamalar boýunça amala aşyrylýar.

6. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň bilim edaralarynda bilim almagy şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga halatlarda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralar üçin işgärleri taýýarlamak boýunça bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda we görnüşlerinde bilim almaga hukugy ýokdur.

8. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň ýa-da olar bilen bilelikdäki bilim edaralarynyň (ýa-da olaryň şahamçalarynyň) guralyşy we hereket edişi şu Kanuna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

9. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň bilim, alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak hakyndaky resminamalaryny ykrar etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

58-nji madda. Daşary ykdysady iş

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, bilim edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde daşary ykdysady işi özbaşdak amala aşyrmaga hukugy bardyr.


XII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

59-njy madda. Bilim hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Bilim hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

60-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu maddanyň ikinji bölegi degişli däldir.

2. Şu Kanunyň 47-nji maddasynyň üçünji böleginiň 1-nji we 2-nji bentleri mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerini we başlangyç synplaryň mugallymlaryny orta hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça taýýarlamakdan ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça taýýarlamaklyga geçilen ýylyndan herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 5-nji iýuny.