Ï Arassa we durnukly energetikanyň ulanylmagy – adam saglygyny goramagyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arassa we durnukly energetikanyň ulanylmagy – adam saglygyny goramagyň girewi

view-icon 2161

BMG durnukly ösüşiň 7-nji maksadynda (DÖM-7) göz öňünde tutulan ygtybarly, durnukly we döwrebap energetikanyň ählumumy elýeterliligi barada täze hasabaty neşir etdi. Bu barada BMG-niň habarlar saýty habar berýär. Hasabatda DÖM-7-ä ýetmekde uly, ýöne gyradeň bolmadyk ösüş gazanylandygy we pandemiýanyň onuň möçberine ýaramaz täsir edendigi bellenilýär.

Halkara energetika agentliginiň (IAE), Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň (UN DESA), Bütindünýä bankynyň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) çap eden «DÖM-7-ä syn: energetika babatda ösüş boýunça hasabat» atly täze barlagy bu maksada ýetmek üçin tagallalaryň has güýçlendirilmelidigini görkezýär. BSG-niň Daşky gurşaw, klimatyň üýtgemegi we saglyk departamentiniň direktory Mariýa Neýranyň aýtmagyna görä, «arassa we durnukly energeýany ulanmagyň çäkleriniň giňeldilmegi adam saglygyny goramagyň hem-de aýratyn-da oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň saglygyny berkitmegiň girewidir».

Neşirde DÖM-7-ä ýetmekdäki ýetmezçilikleri aradan aýyrmagyň usullaryna garalýar, olardan esasysy COVID-19 çökgünligi döwri energetika ulgamynyň beýleki ugurlaryna garanda durnukly bolup çykan energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini has giňden ulanmakdyr.

Dünýäde iri energetika döwletleriniň biri bolan Türkmenistan diňe bir öz ilatynynyň däl, eýsem türkmen energiýa serişdelerini import edýän goňşy ýurtlaryň hem ygtybarly we döwrebap energetika eleýeterliligni üpjün edip, DÖM-7-ä ýetmäge saldamly goşant goşýar. Türkmenistanyň Energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllara maksatnamasy BMG-niň ýörite edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty we beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Türkmensitanda tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga, energiýa peýdalylygy ýokarlandyrmaga, alternatiw «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiligini berkitmäge we işjeň ulanmaga uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen BMG-nyň ÖM, ÝHHG, Energiýanyň dikeldiýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) bilen bilelikde işlenilip taýýarlanylan we bu ulgamda ileri tutulýan wezipeleri kesgitleýän 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanda Dikeldilýän energetikany ösdürmegiň milli strategiýasy tassyklanyldy.

 Ogulgözel Rejebowa