Emeli gaýa çykmak boýunça çagalar gözden geçirilişi

eye
711
Emeli gaýa çykmak boýunça çagalar gözden geçirilişi

«Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki emeli gaýada geçirilen gaýa çykmak boýunça festiwal çagalar üçin hakyky sport baýramy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar Gaznasynyň goldamagyndaky ýaryşy «AGAMA» alpinistler kluby gurnady. Ulularyň gözegçiliginde we ygtybarly goragda 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalaryň 160-sy bäsleşige gatnaşdylar.

Bu özboluşly ýaryşyň guramaçylary bäsleşige gatnaşýanlaryň aglabasynyň 4 ýaşdan 9 ýaş aralygynda boljakdygyny göz öňünde tutup, emeli gaýalarda dürli derejede çylşyrymly ugurlary gurnapdyrlar.

Bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýanlaram erjellik bilen bellenilen sepgide ýetdielr. 8 ýaşly Danila Kasimow bilen 11 ýaşly Eliza Duryýewa, Dmitriý we Darýa Bulaýewler öňdäkileriň hatarynda ugurlaryň ählisini geçip, alpinistler klubynyň sertifikatyna mynasyp boldular.

Şol gün 9 ýaşy dolan Ulýana Kuntaşowa emeli gaýada ýokary ussatlyk görkezdi. Alpinist Alekseý Buziniň ogly Ýaroslaw ýaňy 5 ýaşynda bolsa-da, belentliklere ynamly dyrmaşdy. Onuň şeýle ýaryşlara ozalam gatnaşyp ýören 12 ýaşly dogany Ýuliýa Buzina ugurlaryň ählisini säginmän iki gezek geçdi.

«AGAMA» klubunyň agzasy Mahym Myradowa bu ýere gyzlaryny hem getiripdir. Onuň gaýa çykmak sporty boýunça çäreleriň ählisine gatnaşýan gyzlary Dünýä, Melike, Leýla we Selbi bu gezek hem gowy netije görkezdiler. Iň kiçi ýaş toparyndan Ýa. Gryzlowa bilen M. Şewçenko hem çylşyrymly ugurlaryň ählisinden geçmegi başardylar.

Ýaryş tamamlanandan soň festiwala gatnaşanlaryň ählisine «AGAMA» alpinistler klubynyň sertifikaty we Çagalar Gaznasynyň baýraklary gowşuryldy. Bu çäre 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ol ussat alpinistleriň köpüsi üçin başlangyç tapgyr bolupdy.

Wladimir Komarow

Последние новости