Ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilimli uçurymlar kabul edilýär

eye
1705
Ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilimli uçurymlar  kabul edilýär

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde hem welaýatlarynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde 2021 — 2022-nji okuw ýyly üçin dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek bellenilen tertipde  dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi esasynda resminamalary kabul etmegiň hem-de giriş synaglarynyň dalaşgär ýaşlaryň ýaşaýan welaýatlarynda ýola goýulmagy ildeşlerimiziň çuňňur hoşallyklaryna eýe boldy. Dürli ugurlarda bilimlerini dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň bu jogapkärli synaga guramaçylykly gatnaşmagy üçin paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda talabalaýyk işler amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary okuw mekdebinde şu ýyldan başlap taýýarlygyň bakalawr we magistr ugurlary boýunça ýaşlar ilkinji gezek tölegli esasda okuwa kabul ediler.

Häzirki wagtda degişli resminama laýyklykda magistr maksatnamasy boýunça 3 sany täze ugur, ýagny: «Sanly diplomatiýa», ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş çygrynda; «Halkara hususy hukugy» we «Halkara jemagat hukugy» ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Magistr maksatnamasy boýunça okuwlar tölegli esasda amala aşyrylyp, okuwlar türkmen dilinde alnyp barlar.   «Sanly diplomatiýa», «Halkara hukugy we jemgyýetçilik» ugurlar boýunça daşary ýurduň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýokary bilimli ýaşlar resminamasynyň asyl nusgasy we goşundysy hem-de Türkmenistanda ykrar edilen şahadatnamasy bilen kabul edilýär.

Bu jogapkärli synaglaryň ählitaraplaýyn talabalaýyk ýola goýulýandygy üçin giriş synaglaryny kabul edýän mugallymlar hem, talyplyga dalaşgärlik edýän ýaşlar hem hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny aýdýarlar.

    Azady Myradow

Последние новости