Biziň Sary Agamyz

eye
5017
Biziň Sary Agamyz

Sary Garryýew heniz aýatda diri wagty tanymal boldy, özem diňe bir ekrnada döreden keşpleri bilen däl, eýsem wäşi sözleridir henekleri bilenem halk arasynda meşhurlyk gazanan adamdy. Ol Mýunhauzen, Hoja Nasreddin, Aldar köse, kapitan Wrungel ýalylaryň bir adamda jemlenmesidi.

Mekdebi, soňra fabrik-zawod hünär okuw mekdebini tamamlan Sary Gyzylarbadyň wagon-abatlaýyş ussahansyna işe durýar. Ýöne on ýedi ýaşly ýetginjegiň küýi slesarlykda däldi, ol zawodyň çeper höwesjeňler toparyny has gowy görerdi. Onuň sesi ýogyndan ýakymlydy, goşgy okaýşy-da saýrydy. Artistlik zehinem ýetikdi. Şonuň üçinem ol ýurdumyzda açylan Aşgabatdaky ilkinji teatr- studiýasyna okuwa girýär. 1929-njy ýylda onuň esasynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky ilkinji drama teatry açylýar. Teatra Aman Gulmämmedow, Gulkişi Gulmyradow, Bazar Amanow, Sona we Suraý Myradowalar, Ogulgurban Durdyýewa, Ata Döwletow, Gulluk Hojaýew, Alty Garlyýew we beýleki geljekki teatr hem-de kino sungatynyň tanymal wekilleri ýygnanypdy.

Sary Garryýew teatra on yldan gowrak hyzmat etdi, spektakllaryň ählisine diýen ýaly gatnaşýardy. Ol türkmen awtorlarynyň pýesalarynda işçileriň, daýhanlaryň, garyplaryň hem-de Goldoniniň, Lope de Weganyň, Şilleriň, Molýeriň pýesalarynda dürli keşplerinde çykyş edýär. Birdenem teatrdan kino geçip gidiberýär.

Sary Garryýew ömrüniň ahyryna çenli açylmadyk syr bolup galdy. Hakykat bilen toslama bu wäşi adamyň durmuşyna şeýle bir sepleşip-sazlaşyp gidýär welin, olary biri-birinden saýgarar ýaly däl. Belki, ony ýurdumyzda ýaňy dörän kino sungaty özüne maýyl edendir. Uruşdan öňki ýyllarda Sary Garryýew «Dursun», «Prokuror», «Jadyly dür» filmlerinde surata düşüpdi. Şol döwür onuň sahnada bile işlän ýoldaşlary-da filmlere surata düşüpdiler.

Ol aktýorlara berilýän bron boýunça urşa gitmänem bilerdi, ýöne meýletinlik bilen Watan goragyna çykýar. Dogrusy, ol söweşlere köp gatnaşyp bilmedi, aýagyndan agyr ýaralanyp, gospitala düşýär, soňam öýüne gaýdyp gelýär. Uruş hakda-da gülkünç gürrüň bererdi: «Garymda otyryn. Gyş, howa sowuk, içiňi it ýyrtýar, kimdir biri bilen gürleşesiň gelýär. Garşymdaky garymda obadaşym Meret otyr. Men oňa: «Eý, Meret!» - diýip gygyrýan. Ýöne howa şeýle sowuk welin, sesim doňup, ýarpy ýolda patlap ýere düşýär. Ýene gygyrýan, ýöne sesim ýene ýetenok. Onsoň men güýjümde baryny edip: «Eý, Meret!» -diýip gygyrýan welin, sesim zordan oňa ýetýär. Olam: «Eý, Sary!» - diýýär welin, onuň sesem maňa ýetmän ýarty ýolda galýar. Ine, şeýdip gygyrşyp habar alşardyk, ýylynardyk».

Uruşdan soňky ýyllarda düşürilen «Alysdaky gelinlik» filmi ýurdumyzyň kinematografiýasynyň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Sary Garryýew onda esasy keşpleriň birini döretdi. Halklaryň dostlugy, söýgi we dostluk baradaky film Stalin baýragyna mynasyp boldy. Baş keşbi döreden Alty Garlyýew Döwlet baýragyny alýar. Bu hem Sary Garryýewe şeýle gülkünç gep tapmaga sebäp bolýar: «Aslynda bu baýrak meňki bolmalydy. Filme Staliniň özi tomaşa edipdir. Ol pişge murtly, owadan, motosiklet başgaply meni görenden ýeňsesinde oturan SSSR-iň Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Bolşakowa: «Ine, bu artiste Döwlet baýragyny hökman bermeli» -diýip ekrany görkezýär. Staline garap oturan Bolşakow ekrana bakanda eýýäm kadrda Alty Garlyýew peýda bolýar. Şeýdibem baýrak maňa derek Alta berildi».

Edil jadysy bar ýaly, bar kişi onuň daşyndadyr. Arakesmelerde surata düşürilýän meýdançanyň töwereginden gülki sesi gelýän bolsa, diýmek ol ýerde Sary aga bardyr. Ol töweregini ala-ýaz edip, güldürup oturandyr. Aslynda özi bir aktýoryň teatrydy. Onuň gürrüňleriniň ählisi ýada-da düşmeýär, olary ýazyp almak hiç kimiň kellesine-de gelmändir. Diňe ýatda galanlary gürrüň edilýär. «Aýna» kinofilmi surata düşürilýän döwri ol surata düşüriji topar agzalaryna şeýle gürrüň berýär: «1934-nji ýylda Lenin sungatyň ýagdaýyny bilmek üçin meniň bilen Gorkini ýanyna çagyrdy...». -Dursan-a, Sary aga, ol wagt Leniniň ölenine on ýyl bold-a- diýip aktýorlaryň biri gep atýar. «Beý diýmäge neneň diliň bardy?! Lenin hemişe diridir! Hawa, ilki biz Uly teatra gitdik. Spektakl tamamlanansoň oýun gidip durka ölen artist ýerinden turdy-da, tomaşaçylara baş egdi. Lenin: «Gorkiý, Sary, ýör gitdik. Mundan sungat bolmaz, öli direlmez-ä» - diýdi. Soň biz MÇAT-a gitdik, ol ýerde-de öňki ýagdaý gaýtalandy. Onsoň Lenin bizi kino görmäge äkitdi. Film oňa ýarady – gahryman öldümi--gutardy. Şonda ol: «Sary, Gorkiý, bilip goýuň, biziň üçin kino sungatlaryň ählisinden wajybydyr!» - diýdi. Ýöne soň tekstden adymyzy aýrypdyrlar-da, köp nokat goýupdyrlar. Aý, bolýa-da, näme diýjek». Onuň gowşak ýeri ýatkeşligi birneme gowşakdy, onsoň režisýorlar oňa replika bermeli bolýardylar. Käte ol aýtmaly sözlerine derek özünden şeýle bir zatlary toslap tapardy welin, gülmän saklanmak kyndy. Ýöne hut şol ýerem filme alnardy.

Sary Garryýew milli kinosungatyna kyrk ýyl hyzmat etdi. Stanislawskiniň sistemasy barada düşünjesi bolmasa-da, ol şeýle bir takyk oýnardy welin, oňa ynanman bolmazdy. Ol dürli – uly, ortaça, kiçi rollary ýerine ýetiripdi, ozaly bilen, özi ýaly – çylşyrymly, sada, wäşi, gussaly, bälçik adamlaryň keşbini dörederdi. Onuň gahrymanlaram özi ýaly halk arasyndan çykandy. Filmleriň köpüsiniň gahrymanynyň adynyň Sary bolmagy hem tötänden däldi. Onuň üçin ýörite rollar ýazylardy. «Aşyr aganyň hötjetligi» filminiň edebi ýazgysy hut Sary Garryýew üçin ýazylypdy. Şeýle bolsa-da, onuň döreden keşpleriniň içinde iň şowlusy we ýatda galany «Aýgytly ädim» filmindäki Gandym aganyň keşbidi. Egnindäki eşiginiň jendesi çykan, ýer urup ýerde galan garyp, ýiti sözi bilen ili gyzyl-gyran edýän oba wäşisi, bar zada danalyk bilen parahat garaýan kişiniň obadaşy wepat bolanda nalyşy, hamala, özgäniň ölümi öz başyndan inen bela ýaly görünýär. Eger özüň başdan geçirmeseň beýle ýagdaýy oýnap bolmaýar. Belki, ol uruş ýyllary gurban bolan ýoldaşlarynyň agysyny hem şeýle aglandyr.

Ol uzak ýaşady. Ömrüniň soňky ýyllary Sary Garryýew filmlere surata düşmeýärdi – göreji peselipdi, uruşdan galan ýarasy zerarly ýöremesi hylallady, şonda-da her gün diýen ýaly kinostudiýanyň kiçeňräk howlusyna gelerdi, dessine-de töweregine ony filmlerinden tanaýan ýaş aktýorlar, ony surata düşüren režisýorlar üýşerdiler-de, täze bir zatlar gürrüň bermegini haýyş ederdiler. Onsoň olam oturan ýerinden howlugman-alňasaman gülkünç wakany ýüzugruna düzerdi-de gürrüň bererdi. 1986-njy ýylyň baharynda Türkmenistanyň halk artisiti Sary Garryýew dünýesini täzeledi. Ýöne duşanyňdan gaýgy-gussa ýat bolup, gülki paýlaşan ussat wäşi hemişelik ýatda galdy, adamlar ony görenden gülüp başlardylar, onuň tükeniksiz fantaziýasynyň bendisi bolýardylar.

Wladimir Zarembo


Последние новости