Türkmenistanyň elektron döwlet hyzmatlary

eye
2620
Türkmenistanyň elektron döwlet hyzmatlary

Türkmenistanda hereket edýän döwlet hyzmatlarynyň we wezipeleriniň bitewi portaly https://e.gov.tm/tm/ internet ulanyjylara ýurduň döwlet edaralarynyň işine bagyşlanan saýtlaryň elýeterli katalogyny hödürleýär.

Maglumat gory boýunça nawigasiýa zerur bolan gantaşyk maglumatlarydyr hödürleýän elektron hyzmatlary bilen bilelikde edaralaryň we gulluklaryň ägirt uly sanawyny özünde jemleýär. Ilata amatly bolmagy üçin, bu saýt türkmen hem rus dillerinde elýeterlidir.

Aragatnaşyk hyzmatlary, bilim ulgamy, saglygy goraýyş, durmuş hyzmatlary, hukuk kömegi we başga-da köp zady özünde jemleýän ondan gowrak kategoriýa olardan hiç hili kynçylyksyz peýdalanyp bolar ýaly gurnalypdyr. Serwerde bellige alnandan soň, raýatlar öýdäki internetiň tölegini onlaýn amala aşyrmakdan başlap, Döwlet migrasiýa gullugynyň onlaýn ulgamynda nobata ýazylmaga çenli ähli hyzmatlar bilen doly tanşyp bilýärler.

Şeýle hem, portalda edaralaryň ‒ ministrlikleriň, ulag agentlikleriniň, medeniýet edaralarynyň we banklaryň weilhanalarynyň-da işi barada wajyp maglumatly resmi saýtlaryň katalogy goýlupdyr.

Swetlana Çirsowa 

Последние новости