Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bilen duşuşygy boldy. Ol netijeli we işjeň ýagdaýda geçdi.
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşyk geçirdi.
2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyñ Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Awtomobil sport federasiýasynyň toparlaryndan ybarat T2 synpynda 12 ekipaž ýeňil ulaglaryň arasynda ralli-reýd ýaryşy geçirildi.